Aýgytly — ýeňiji

24 Aprel 2021
847

Çarymyrat BALLYÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň atly sport we marafon bölüminiň türgeni:

— Şu gün meniň seýislän bedewim «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Eminleriň gelen netijesi boýunça bu adyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Aýgytly (Ary we Altynbaşyň nesli) diýen dor reňkli atyna berilmegi ýeneki ýyllarda şeýle owadan bedewleri ösdürip ýetişdirmegim üçin meni ruhlandyran ýatdan çykmajak bagtly pursat boldy.

Ýazga geçiren Narly NURYÝEW,
žurnalist. Surata düşürenler Ýuriý ŞKURIN, Maksat AKMÄMMEDOW.