Şanly toýuň şatlygy

23 Aprel 2021
827

Şu ýyl Mary atçylyk sport toplumynda geçirilen at çapyşygynyň Lebap welaýatynyň atlarynyň arasynda geçirilen ýaryşyna welaýat Polisiýa müdirligine degişli Keýmir atly bedew bilen gatnaşyp, ýeňiş gazanmak we Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolmak meni çäksiz şatlyga besledi. Şol günki at çapyşyklarynda gazanylan ýeňişleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň atşynaslar üçin döredip berýän giň mümkinçilikleriniň miwesidir. Ýurdumyzyň beýleki toplumlary bilen bir hatarda Lebap atçylyk sport toplumynda hem bedewleri naýbaşy derejede seýislemek, olaryň sanyny köpeltmek ugrunda netijeli we döredijilikli işlemek üçin ähli amatly şertler döredilen. Geçen ýyl durky täzelenilen çapuw ýodasyna politrek örtügi düşelen toplumdaky giň mümkinçilikler biziň gazanýan ýeňişlerimiziň gözbaşynda durýar.

Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza ýurdumyzda atşynaslyk we seýisçilik sungatyny ösdürmäge berýän ýardamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. Goý, Gahryman Arkadagly ajaýyp döwrümizde dal bedewlerimiz her bir toýuň bezegi bolsun!

Maksat TEJENOW
welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlyk bölüminiň işgäri, baýramçylyk at çapyşygynyň ýeňijisi.