Mukaddes topragyň köpöwüşginli gudraty

23 Aprel 2021
1103

Milli Liderimiz milli gymmatlyklarymyzy, edebi däplerimizi dünýä tanatmakda alada baryny edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Gadamy batly bedew», «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Türkmen alabaýy», «Türkmen medeniýeti» ýaly kitaplary milli gymmatlyklarymyza meşhurlyk getirdi. Hormatly Prezidentimiziň öz eserlerinde ýazyşy ýaly, çöl balasy bolan türkmen dünýäniň özi üçin ýaramly nusgasyny döretdi, şol nusga görä bolsa, durmuşyň ähli öwrümlerinde — kuwwatly döwletlerden başlap, çopan külbesine çenli öz mertebäňi dolulygyna saklamak we asyl bolşunda galmak ukybyna eýe boldy. Şeýle milletiň meşhur bedewleri hem-de türkmen alabaýyny döretmegi, olaryň hiç haçan ýitmeýän şöhraty, hakykatdan hem haýran galdyryjy gudratdyr.

«Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz»
Hormatly Prezidentimiziň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitaby hem söýlüp okalýan eserdir. Onda hem dünýä döräli bäri jahana ýaň salyp gelýän bedew şöhratynyň waspy ýetirilýär. Türkmeniň öz durmuşyny ruhy dünýäsiniň bozulmaz kanunyna tabyn edendigini bilýäris. Ine, şonuň üçin pederlerimiz hiç bir ýagdaýda öz durmuşynyň içki tertibini üýtgetmändirler. Halkymyz: «Göwher bolsaň, göterenler tapylar» diýýär. Bedew bolsa göwherdenem ýokarydyr. Pederlerimiz oňa öz ýakyn dostlarynda görmekçi bolan, köplenç görüp bilmän kösenen sypatlaryny ýöne ýerden ornaşdyrman ekenler.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
žurnalist.