Käbäme deňeýän ene topragym, kyblama deňeýän ata Watanym! Dünýä inenimde jägildäp sesimi ýaýlalaryňa siňdirenim, seždegähim eziz Diýarym! Siz hakda pikir edenimde, kalbym heýjana gelýär. Onuňam öz sebäbi bar. Sabyrlylyk, parasatlylyk, merdi-merdanalyk, gaýduwsyzlyk, ar-namyslylyk, watansöýüjilik, batyrlyk ýaly häsiýetleri özünde jemleýän ata-babalarymyzyň sähra içinde çarwadarçylyk, meýdanlarynda daýhançylyk edip, iýen çöregini halallyk bilen gazanyp, şu güne, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne ýetenine, ak göwünli, ynsanperwer, hemaýatkär bolansoň ýollarynyň açyk, işleriniň rowaç bolanyna buýsanyp, aňyrsyna çykar ýaly däl. Ene-mamalarymyz ýaşlygyndan nesillerini öý işlerine werziş edip, olara milli ýörelgeleri, edim-gylymlary ýerine ýetirmegiň düzgünlerini öwredip, asylly, edepli, zähmetsöýer, ojagyna wepaly, ar-namysly duýgulary terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak işleri etdiler. Dogry ýoldan ýöremegi, ýalňyşmazlygy aňymyza guýdular.
Watan mukaddesligini özünde jemleýän, seni mähir sallançagynda üwreýän, ýyly mährine çoýýan megerem, ene topragyň gujagy bolsa gerek. Gerçek ata-babalarymyz bu topragy betpällerden goramak üçin başlaryny gurban etmäge taýýar bolupdyrlar. Oguz han, Görogly beg, Alp Arslan, soltan Jelaleddin, Soltan Sanjar, Mälik şa ýaly pähim-paýhasly gerçekleriň gaýratlylygy bu gün ýaş nesillere görüm-görelde. Halkymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne, Garaşsyzlyk şemalynyň ýüzlerini nurlandyrýan eşretli zamanasyna ýetmeginiň özi pederlerimiziň Watana bolan bimöçber söýgüsiniň, borjunyň, duýgusynyň, şeýle hem ýaş nesillerimiziň atalarymyzyň ýoluny dowam etdirmeginiň netijesidir.