Hormatly at ― täze menzillere bat

23 Aprel 2021
957

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň we Türkmen alabaýynyň baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permany bilen kärdeşlerimiň birnäçesi bilen bilelikde «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada mynasyp bolmak maňa çäksiz şatlyk bagyşlady. Mynasyp gören hormatly ady üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde türkmen atşynaslary iň döwrebap mümkinçilikleriň gurşawynda işleýärler. Ýurdumyzyň iri atçylyk sport toplumlarynyň birnäçesi bilen bilelikde Lebap atçylyk sport toplumynyň hem durky täzelenilip, çapuw ýodasyna politrek düşeldi. Geçen ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli at çapyşyklarynyň biriniň hut biziň welaýatymyzda geçirilmegi şatlygymyza şatlyk goşdy.

Asrar ERGEŞOW,
Türkmenistanyň at gazanan atşynasy.