Resmi habarlar gysga setirlerde

23 Aprel 2021
835

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen atçylygy ösdürmäge goşan saldamly goşantlary, türkmeniň milli baýlygy we guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny gorap saklamakda hem-de şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda bitiren hyzmatlary we gazanan ýokary netijeleri, hünär ussatlyklary göz öňünde tutulyp, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Akhal-tehas» ahalteke atçylyk hojalygynyň eýesi Tito Nils Pontekorwa, Russiýa Federasiýasynyň «Gurtbil» atçylyk hojalygynyň eýesi Mariýa Walerýewna Mosara «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy.

* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny saklamakda hem-de ýokarlandyrmakda, at çapmagyň we bedewleri seýislemegiň inçe tälimleriniň nusgalyk usullaryny ýaş nesle öwretmekde gazanan uly üstünlikleri we ýokary netijeleri üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmeti, hünär ussatlygy nazara alnyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň seýisçilik bölüminiň atbakary Şiraly Rahymowa, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň atçylyk bölüminiň müdiri Halmyrat Begmyradowiç Babaýewe «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly at, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory Ahmed Amangeldiýewiç Berdiýewe, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň atly gözegçilik rotasynyň seýsi Çary Gylyjowiç Taganowa, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 57870-nji harby bölüminiň serkerdesi Gadamdurdy Kurbanowiç Musakaraýewe, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň karargähiniň atçylyk we kinologiýa gullugynyň serkerdesi Ýusupberdi Garlyýewiç Orazberdiýewe, Balkan welaýatyndan hususy atşynas Altymyrat Hojamyradowa, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi, hususy atşynas Atabaý Amangeldiýewe, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Mary döwlet athanasynyň Lebap bölüminiň seýsi Asrar Jumakulyýewiç Ergeşowa, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Mary döwlet athanasynyň seýsi Begli Seýitmuhammedowiç Ýemreliýewe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy.