Eserlere siňen kämillik

24 Aprel 2021
814

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi.

Bäsleşikde haly eserini döretmek boýunça Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň önümçilik we hil boýunça hünärmeni Gültäç Orazowa «Behişdi bedew» diýen haly eseri, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň surat we çyzuw mugallymy Enebaý Annaberdiýewa «Garlawaç» at şaý-sep toplumy», Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň nakgaşçylyk kafedrasynyň talyby Şageldi Orazlyýew «Türkmen toýy» atly nakgaş eseri, şu ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Maksatmyrat Hojainow «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly heýkel eseri üçin ýeňiji diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň fotohabarçysy Meretdurdy Rozyýew «Türkmeniň uçar ganaty» atly fotoişleri, teleoperatorçylyk işi boýunça «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň teleoperatory Begli Ramazanow «Türkmen bedewi» atly wideoşekili bilen ýeňiji bolmagy başardylar. Ýeňijiler öz eserlerinde halkyň uçar ganaty hasaplanýan ajaýyp bedewlerimize çuňňur söýgülerini ussatlyk bilen beýan etmegi başarypdyrlar.

Aýjemal OMAROWA.
«Türkmenistan».