"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Nobatdaky halkara ykrary

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 16-njy aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnama kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň 72-si bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň şanly sahypalaryna ýazylan bu buýsandyryjy waka hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan ― Bitaraplygyň mekany» atly kitabyndaky: «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ylalaşdyryjylyk hereketi ýurtda Hazar ýakalarynda we Merkezi Aziýada howpsuzlyk, parahatçylyk we hyzmatdaşlyk boýunça netijeli çäreleri geçirmäge mümkinçilik berýär. Biz şeýle-de bütindünýä möçberindäki çylşyrymly geosyýasy meseleleri çözmek üçin hem başlangyçlary öňe sürýäris. Şunuň ýaly işler Türkmenistana bolan halkara syýasy ynamyň derejesini has-da artdyrýar» diýen sözlerini ýatlatdy.

At — sapasy bilen

Watana wepalylyk, mertlik, batyrlyk, edermenlik ýaly häsiýetler ynsany rowaçlyga, halal baýlyga ýetirýär. Uzak müňýyllyklaryň dowamynda şeýle ynanja uýan halkymyz bu sypatlary türkmen öýüniň esasy alamatlary, baýlyk-genji hasaplanýan gamyşgulak bedewlerinde, gazankelle alabaýlarynda terbiýeläpdirler. Şoňa görä, gapysynda kişňäp duran bedewi, garysyny ýassanyp ýatyşyna gelen-gideniň päl-niýetini duýup bilýän akylly alabaý iti bolan öýi döwletmen hojalyk hasaplapdyrlar. Bu pikirimizi hormatly Prezidentimiziň: «Behişdi ahalteke bedewimiz — baýlygyň hem rowaçlygyň alamaty. Türkmen alabaýy bolsa wepalylygyň tebigy nusgasydyr, batyrlygyň hem-de edermenligiň alamatydyr» diýen jümlesi has-da aýdyňlaşdyrýar. Parasatly pederlerimiz tarapyndan sünnä döredilen milli miraslarymyzyň goşa genji hasaplanýan behişdi bedewlerimiziň hem-de şirpenje alabaýlarymyzyň şöhraty Gahryman Arkadagymyzyň yhlas-aladasy netijesinde häzirki döwürde bütin Ýer ýüzüne doldy. Bu iki gymmatlygymyzyň hormatyna ilkinji gezek bilelikde geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň täsirinde ýaşaýan günlerimiz kalplarymyzy heýjana salan ýakymly wakalar, täsirliligi bilen uzak ýyllar ýatdan çykmajak pursatlar hakda söhbet etmek gyzykly bolsa gerek. Eger şeýle bolsa, ilki bilen, baýramçylygyň çäklerindäki esasy wakalaryň 16-njy aprelde paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda Halkara ahaltek

Arkadagyň ak ýoly

Watanmyzyň dünýäde belent hormat-sarpasy,Dost-doganlyk ýollary — Arkadagyň ak ýoly. Jebislige guwanýar milletleriň barçasy,Agzybirlik ýollary — Arkadagyň ak ýoly. Ýaýlasyna keşt eýläp, ter gülleri ýygdygym, Behişt ýurdum — arş içre şugla saçýan ýyldyzym.Giňden toýlap Watanda şanly 30 ýyllygyn,Garaşsyzlyk ýollary — Arkadagyň ak ýoly.

Beýik ösüşleriň berk binýady

«Türkmenistan— parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler, beýik ösüşler berk binýatlylygy we geljegi nazarlaýanlygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Ynha, şu ýylymyz uly taryhy wakalara beslendi, belent üstünlikler gazanyldy. Bularyň hemmesi Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda maksatlaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär. Eziz Diýarymyzyň häzirki beýik ösüşleri biziň her birimizi buýsandyrýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyz syýasy, ykdysady, durmuş we medeni babatda täze ösüşlere eýe bolýar, kanunçylyk has-da ösdürilýär. Muny biz ýakynda Milli Geňeşiň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisinden hem aýdyň göz ýetirdik. Iň esasy hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna saýlanmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiziň taryhy çykyşynyň bolmagy, möhüm ugurlar babatda aýratyn durlup geçilmegi ýurdumyzyň kanunçylyk binýadynyň has-da berkidilýändigini beýan edýär. Hormatly Prezidentimiziň taryhy çykyşynda anyk ugurlar, aýdyň maksatlar kesgitlenilýär. Şeýle hem bu möhüm taryhy özgertmeler ýurdumyzyň Esasy Kanunyndan gelip çykmak bilen birlikde milli ýörelgelerimize, demokratiýamyza esaslanýar. Şonuň üçin hem milli ýörelgelerimiziň döwr

Köňülleriň buýsanjydyr Aşgabat

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz toý-baýramlara beslenýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlen şygar astynda geçýän 2021-nji ýylda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly belleniljekdigi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu şanly seneler bilen baglanyşykly geçiriljek baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynam bilen we üstünliklere beslenip öňe barýandygyny hem-de halkymyzyň durmuş abadançylygyny we bagtyýarlygyny nobatdaky gezek aýan edýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyz, şol sanda Watanymyzyň paýtagty Aşgabat gurlup ulanylmaga berilýän döwrebap, täze durmuş-ykdysady we medeni-durmuş maksatly binalaryň hasabyna binagärlik keşbini has-da gözelleşdirýär. Ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklar, şanly seneler mynasybetli täze binalary gurup ulanylmaga bermek asylly däbe öwrüldi. Şeýle täze, döwrebap binalaryň önümçilik maksatly desgalardygyny, ýaşaýyş jaýlardygyny nazara alsak, onda olaryň milli ykdysadyýetimiziň ösmeginde, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginde uly ähmiýete eýedigi aýan bolýar.

Garaşsyzlyk — baky bagtymyz

Bedew batly ösüşlere beslenýän ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da ýokary götermek, jemgyýetiň kadaly we durnukly ösüşini üpjün etmegi gazanmak üçin durmuşa geçirilýär. Bu bolsa berkarar döwletimiziň öz geljekki ösüşleriniň möhüm ugurlaryny kesgitlemekde, ykdysady, medeni we beýleki ulgamlarda belent sepgitleri eýelemeginde möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýetilen belentlikleriň eziz Diýarymyzyň ösüş-özgerişlerinde örän uly orun eýeleýändigini aýratyn buýsanç bilen bellemek guwandyryjydyr. Gahryman Arkadagymyzyň ýöredýän parasatly, öňdengörüjilikli we oýlanyşykly syýasaty netijesinde gazanylan üstünlikler, eýelenýän sepgitler baky Bitarap döwletimiziň gülläp ösüşleriň ýurdudygy baradaky hakykaty bütin Ýer ýüzüne ýaýyp, her birimizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna giňden taýýarlyk görýän günlerimizde gazanylýan belent üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler biziň buýsanjymyzy goşalandyrýar. Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, döwletiň hem jemgyýetiň durmuşyna degişli her bir ugurda ösüş gazanmak bilen öňe sürülýän giň möçberli özgertmeler barha rowaç alýar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden we pähim-paýhasyndan kemal tapan il-ýurt bähbitli giň gerimli ö

Taryhy däpler hem-de döwrüň batly gadamlary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde, ýurdumyzda halkymyzyň şöhratly taryhyny, gadymdan gelýän däp-dessurlaryny we medeniýetini täzeden dikeltmek hem-de dünýä ýaýmak, häzirki we geljekki nesillere ýetirmek babatynda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy ilkinji gezek bilelikde bellenildi.

Goşa baýram — goşa toý

AŞGABAT, 26-njy aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Serhet institutynda şu ýyl ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramynyň Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde guralan dabaralarynyň çäklerinde türkmen alabaýlarynyň arasynda geçirilen “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna degişli Akhan atly alabaýyň baş baýraga eýe bolmagy mynasybetli dabara geçirildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça gaýduwsyz, wepadar Akhan “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen derejä mynasyp boldy. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow serhetçilere alabaýyň güjükleriniň 7-sini sowgat berdi. Milli Liderimiz türkmen ilinde ýedilik belginiň mukaddes saýylýandygyny, onuň bar ýerinde rowaçlygyň artýandygyny aýtdy.

Itim — gutum

Rejepmyrat MYRADOW,«Türkmen edermen» medalynyň eýesi: — Milli gymmatlyklarymyz bolan Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellenilen Türkmen alabaýynyň baýramy meniň üçin, serhet gullugymyz, bagtyýar maşgalamyz üçin goşa toýa öwrüldi. Baýramçylyk güni ilkinji gezek geçirilen «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşige serhet gullugymyzdan Akguş, Töhmet, Akhan atly alabaýlaryň üçüsi gatnaşdy. Dürli päsgelçiliklerden üstünlikli geçip, Akhan atly alabaý itimiz baş baýraga mynasyp boldy. Gazanan üstünligimi nazarda tutup, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň meni «Türkmen edermen» medaly bilen sylaglamagy, şeýle-de milli Liderimiziň Buýrugyna laýyklykda, ilkinjileriň hatarynda, dabaraly ýagdaýda çagyryş boýunça harby gullugyň ätiýaçlygyna ugradylmagym buýsanjymy artdyrdy. Bu belent hormat meni has-da yhlasly işlemäge ruhlandyrdy.

Ilkinji hem ynamdar syrdaş

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, şu ýyl ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde Türkmen alabaýynyň baýramy hem ilkinji gezek bellenildi. Bu baýramçylyk mynasybetli türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň jemleri yglan edildi. Eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň önümçiligi guramak bölüminiň baş hünärmen-suratkeşi Amanmyrat Gulberdiýew «Türkmen alabaýy» haly eseri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 5-nji ýyl talyby Baýramgeldi Baýramow «Türkmen alabaýy» atly nakgaşlyk işi, bu ýokary okuw mekdebiniň kafedra müdiri Polat Mämiýew heýkel eseri bilen bäsleşigiň ýeňijileri boldular.

Diýara görk beren täze binalar

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň we Türkmen alabaýynyň baýramynyň toý tutumlarynyň alyslara ýaň salan çagynda paýtagtymyzda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Teleköpri arkaly ýurdumyzyň welaýatlarynda onuň merkezleri açylyp ulanylmaga berildi. Ýokary amatlyklara eýe merkezler milli buýsanjymyz bolan arassa ganly alabaý itlerine ideg etmek, olary köpeltmek hem-de terbiýelemek, bu ugurda toplanan tejribäni kämilleşdirmek, alabaýlaryň gymmatly genofonduny kemala getirmek, ylmy we seçgiçilik işlerini yzygiderli geçirmek ugrunda edilýän tagallalaryň nobatdaky subutnamasy boldy.

Göwünleri buýsanja beslän goşa baýram

25-nji aprelde Türkmenistanda ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramy Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde giň gerimde bellenildi. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy şol günki baýramçylyk dabaralarynyň başlanýan ýerine öwrüldi. Bu ýerde ýelden ýüwrük türkmen bedewleriniň gatnaşmagynda halk arasynda iň meşhur bäsleşikleriň biri — baýramçylyk at çapyşyklary guraldy. Ir bilen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ýanynda ählumumy ruhubelentlik we baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Bu ýere Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de köp sanly myhmanlar ýygnandylar.

Paýtagtymyz — gözelligiň nusgasy

Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününi uly dabaralara beslemek Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda bolsa bu sene has-da uly many-mazmuna eýedir. Sebäbi şu ýyl gözel paýtagtymyz Aşgabadyň döredilenine 140 ýyl dolýar. Gözelligiň nusgasyna öwrülen paýtagtymyza her sapar baranyňda, täze hem täsin gözelliklere gözüň düşüp, haýran galýarsyň. Türkmenistan döwletimiziň baş şäheri Aşgabat dünýäde ak mermerli binalaryň jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girdi. Paýtagtymyzyň başga-da birnäçe desgasynyň bu kitapdan orun alandygyny bilýäris. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasy bilen barha gözelleşip barýan paýtagtymyza bolan buýsanjymyz, guwanjymyz egsilmeýär.

Bank hyzmatlarynyň döwrebap mümkinçilikleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, kabul edilen milli we döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde döwletimiziň karz edaralaryna uly orun degişlidir. Ýurdumyzda alnyp barylýan bir bitewi pul-karz syýasatynyň netijesinde milli pulumyzyň hümmetiniň durnukly derejede saklanylmagyny gazanmak, ykdysadyýeti pul serişdeleri bilen üpjün etmek, pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak ileri tutulýan ugurlardyr. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň karz edaralary iri maglumat geçiriş ulgamyna eýe bolup durýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bank kartlary boýunça milli we halkara töleg ulgamynyň gerimini giňeltmek hem-de halkara tejribesiniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary has-da ýaýbaňlandyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky hem bu ugurdaky işlerini döwrüň talaplaryna laýyklykda alyp barmak bilen, bank hyzmatlarynyň sanly tehnologiýalara daýanýan giň mümkinçiliklerini ilata hödürleýär.

Arkadagyň yhlasyndan owazaňyz dünýä doldy

Asyrlaryň kämillik mekdebini geçen medeni mirasymyz döwürleriň we nesilleriň sazlaşykly arabaglanyşygyny gazanmakda, ýaş nesli şöhratly geçmiş taryhymyza, milli gymmatlyklarymyza söýgi ruhunda terbiýelemekde bahasyz baýlykdyr. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hem-de Türkmen alabaýynyň baýramynyň ilkinji gezek bilelikde toýlanan göwün göteriji dabaralary muny doly tassyklady. Balkan atçylyk sport toplumy welaýatymyzda hem bu goşa baýram mynasybetli birnäçe günläp dowam eden çuň mazmunly täsirli çäreleriň esasy geçýän ýerine öwrüldi. Welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, welaýat medeniýet müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýat Baş bilim, welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirlikleriniň birleşen tagallalary arkaly geçirilen baýramçylyk dabaralary milli gymmatlyklarymyza goýulýan hormat-sarpany ähli aýdyňlygy bilen görkezdi. Atçylyk sport toplumynyň esasy girelgesiniň öňündäki türkmen halylary, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň owadan nyşany, atyň nalynyň şekilleri, türkmeniň behişdi bedewiniň, alabaýynyň suratlary, ak öýlerimiziň ajaýyp hatary bilen bezelen meýdançada welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden gelen medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlaryna giň gerim berildi. Olaryň belent heňlerde ýerine ýetiren joşgunly aýdym-sazlary, milli tanslary, görkezen sahnalary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýä meden

Halkymyzyň gadymy kesbiniň rowaçlanmagyna badalga

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň we Türkmen alabaýynyň baýramynyň giňden bellenilen güni Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde hem-de beýleki welaýatlarynda bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda-da Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň welaýat merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Şol gün welaýatymyzyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Adalat geňeşliginiň çäginde ýerleşýän bu merkeziň öňündäki meýdança welaýatyň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, türkmen alabaýlarynyň janköýerleri, beýleki myhmanlar ýygnandylar.

Ýurt garşy alsyn!

BAGTYÝAR DÖWRÜŇ GÖRKI Milli Liderimiziň pähim-parasatly syýasaty netijesinde, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni ajaýyp wakalara, hoş habarlara beslenýär. Golaýda Daşoguz şäheriniň Daşoguz köçesiniň ugrunda täze ýaşaýyş jaýlarynyň birbada dördüsi ulanmaga berildi. 2 sany 4 gatly, 32 öýli hem-de 2 sany 4 gatly, 16 öýli täze bina edilen ýaşaýyş jaýlarynyň dabaraly açylmagy, bu jaýa göçüp gelen bagtly maşgalalar üçin hakyky toý sowgady boldy. Ähli amatlyklary özünde jemleýän bu täze binalar welaýat merkeziniň barha gözelleşýän keşbine görk goşýar. Bu döwrebap binalary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Göllibaý» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary bina etdiler. Täze ýaşaýyş jaýlarynyň öňündäki dabaralar meýdançasynda giňden tutulan, aýdym-sazlara beslenen açylyş dabarasyna il sylagly ýaşulular, mährem eneler, gurluşykçylar, täze ýaşaýyş jaýlaryndan öý edinmek miýesser eden maşgalalar ýygnandylar. Dabarada çykyş edenler täze jaýlaryň eýelerini, myhmanlary şu günki şatlykly waka bilen mähirli gutladylar. Dabaranyň dowamynda tapawutlanyp işlän gurluşykçylara «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň «Tolkun» smart telewizorlary sowgat berildi.

Ak şäherim Aşgabat

Giň gujagyň lälezar, jennetiň hut özi sen,Watanymyň ýüregi, soňlanmajak ýazy sen,Aziýanyň ak merjeni, şäherleriň uzy sen, Arkadagly paýtagtym, ak şäherim Aşgabat! Kaşaň-kaşaň binalar, köşgi-eýwan sendedir,Halkyň çüwen ykbaly — ajap döwran sendedir,Bagtyýarlyk güwäsi, toýly döwräm sendedir,Arkadagly paýtagtym, ak şäherim Aşgabat!

Şanly ýyla şan getiren goşa toý

Welaýatymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy dabaralara beslendi Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimizde ýelden ýüwrük, gözellikde taý tapylmaýan behişdi bedewlerimiziň hem-de gaýratlylykda, gaýduwsyzlykda, wepadarlykda deňi-taýy bolmadyk türkmen alabaýynyň şan-şöhraty dünýä dolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde geçirilýän, türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň gözellik bäsleşikleri baý many-mazmuna eýe bolýar. Munuň özi halkymyzyň ýelden ýyndam bedewlerine goýýan belent sarpasyny alamatlandyrýar, şeýle hem baýramyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, atşynaslara ýörite atlaryň dakylmagy ýurdumyzda bu ugry ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini görkezýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bolsa ilkinji gezek bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramynyň Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellenilmeginde uly many bar. Sebäbi olar milli gymmatlyklarymyzdyr.

Beýik işleriň mekany

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz beýik ösüşler bilen bedew batly öňe barýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe taryhy wakalara beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem şanly seneleriň ikisi — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylyklary uly dabaralara beslenýär. Ählimiziň bilşimiz ýaly, tutuşlygyna ak mermere beslenip gözelligiň, kaşaňlygyň kämil nusgasyny emele getirýän paýtagtymyz täze gurulýan döwrebap binalaryň hasabyna öz çägini ýylsaýyn giňeldýär. Bu bolsa Aşgabadyň häzirki zaman keşbinde döwrüň köpugurly ösen şäheriniň nusgasyny kemala getirmegiň esasyny şertlendirýär. Özüniň hemmetaraplaýyn ösüşi bilen merjen paýtagtymyz häzirki wagtda dünýäniň has öňdebaryjy we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň hataryndaky ornuny has-da pugtalandyrýar. Goşa baýramçylygyň şanyna ak şäherimiziň çägindäki ençeme binalaryň açylyş dabaralary buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Paýtagtymyzyň Çandybil şaýolunyň ugry hem golaýda täze binalaryň açylyş dabaralarynyň toýlanýan ýerine öwrüldi. Bu ýerde «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň, «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň, Halk Maslahatynyň Diwanynyň, Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň, şeýle hem Kabul ediş merkeziniň döwrebap täze binalarynyň açylyş dabaralary boldy. Ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşine, halky