Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň we Türkmen alabaýynyň baýramynyň giňden bellenilen güni Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde hem-de beýleki welaýatlarynda bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda-da Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň welaýat merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Şol gün welaýatymyzyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Adalat geňeşliginiň çäginde ýerleşýän bu merkeziň öňündäki meýdança welaýatyň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, türkmen alabaýlarynyň janköýerleri, beýleki myhmanlar ýygnandylar.