Bank hyzmatlarynyň döwrebap mümkinçilikleri

26 Aprel 2021
845

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, kabul edilen milli we döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde döwletimiziň karz edaralaryna uly orun degişlidir.

Ýurdumyzda alnyp barylýan bir bitewi pul-karz syýasatynyň netijesinde milli pulumyzyň hümmetiniň durnukly derejede saklanylmagyny gazanmak, ykdysadyýeti pul serişdeleri bilen üpjün etmek, pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak ileri tutulýan ugurlardyr. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň karz edaralary iri maglumat geçiriş ulgamyna eýe bolup durýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bank kartlary boýunça milli we halkara töleg ulgamynyň gerimini giňeltmek hem-de halkara tejribesiniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary has-da ýaýbaňlandyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky hem bu ugurdaky işlerini döwrüň talaplaryna laýyklykda alyp barmak bilen, bank hyzmatlarynyň sanly tehnologiýalara daýanýan giň mümkinçiliklerini ilata hödürleýär.

Serdar Bubyýew,
Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň «Balkan» şahamçasynyň buhgalter hasaby we hasabatlar bölüminiň başlygy-baş buhgalteri.