Nobatdaky halkara ykrary

27 Aprel 2021
797

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 16-njy aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnama kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň 72-si bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

«Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň şanly sahypalaryna ýazylan bu buýsandyryjy waka hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan ― Bitaraplygyň mekany» atly kitabyndaky: «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ylalaşdyryjylyk hereketi ýurtda Hazar ýakalarynda we Merkezi Aziýada howpsuzlyk, parahatçylyk we hyzmatdaşlyk boýunça netijeli çäreleri geçirmäge mümkinçilik berýär. Biz şeýle-de bütindünýä möçberindäki çylşyrymly geosyýasy meseleleri çözmek üçin hem başlangyçlary öňe sürýäris. Şunuň ýaly işler Türkmenistana bolan halkara syýasy ynamyň derejesini has-da artdyrýar» diýen sözlerini ýatlatdy.

«Türkmen dünýäsi».