Ilkinji hem ynamdar syrdaş

27 Aprel 2021
902

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, şu ýyl ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde Türkmen alabaýynyň baýramy hem ilkinji gezek bellenildi. Bu baýramçylyk mynasybetli türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň jemleri yglan edildi.

Eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň önümçiligi guramak bölüminiň baş hünärmen-suratkeşi Amanmyrat Gulberdiýew «Türkmen alabaýy» haly eseri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 5-nji ýyl talyby Baýramgeldi Baýramow «Türkmen alabaýy» atly nakgaşlyk işi, bu ýokary okuw mekdebiniň kafedra müdiri Polat Mämiýew heýkel eseri bilen bäsleşigiň ýeňijileri boldular.

Aýjemal OMAROWA.
«Türkmenistan».