Beýik işleriň mekany

26 Aprel 2021
741

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz beýik ösüşler bilen bedew batly öňe barýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe taryhy wakalara beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem şanly seneleriň ikisi — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylyklary uly dabaralara beslenýär.

Ählimiziň bilşimiz ýaly, tutuşlygyna ak mermere beslenip gözelligiň, kaşaňlygyň kämil nusgasyny emele getirýän paýtagtymyz täze gurulýan döwrebap binalaryň hasabyna öz çägini ýylsaýyn giňeldýär. Bu bolsa Aşgabadyň häzirki zaman keşbinde döwrüň köpugurly ösen şäheriniň nusgasyny kemala getirmegiň esasyny şertlendirýär. Özüniň hemmetaraplaýyn ösüşi bilen merjen paýtagtymyz häzirki wagtda dünýäniň has öňdebaryjy we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň hataryndaky ornuny has-da pugtalandyrýar. Goşa baýramçylygyň şanyna ak şäherimiziň çägindäki ençeme binalaryň açylyş dabaralary buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Paýtagtymyzyň Çandybil şaýolunyň ugry hem golaýda täze binalaryň açylyş dabaralarynyň toýlanýan ýerine öwrüldi. Bu ýerde «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň, «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň, Halk Maslahatynyň Diwanynyň, Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň, şeýle hem Kabul ediş merkeziniň döwrebap täze binalarynyň açylyş dabaralary boldy. Ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşine, halkymyzyň ýokary derejeli ýaşaýşyny üpjün etmäge, milli Kanunçylyk binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna gönükdirilen bu jemgyýetçilik binalary Aşgabadyň gözel keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak we abadançylygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Şanazar ALLAKULYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.