Ýurt garşy alsyn!

26 Aprel 2021
765

BAGTYÝAR DÖWRÜŇ GÖRKI

Milli Liderimiziň pähim-parasatly syýasaty netijesinde, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni ajaýyp wakalara, hoş habarlara beslenýär. Golaýda Daşoguz şäheriniň Daşoguz köçesiniň ugrunda täze ýaşaýyş jaýlarynyň birbada dördüsi ulanmaga berildi. 2 sany 4 gatly, 32 öýli hem-de 2 sany 4 gatly, 16 öýli täze bina edilen ýaşaýyş jaýlarynyň dabaraly açylmagy, bu jaýa göçüp gelen bagtly maşgalalar üçin hakyky toý sowgady boldy. Ähli amatlyklary özünde jemleýän bu täze binalar welaýat merkeziniň barha gözelleşýän keşbine görk goşýar. Bu döwrebap binalary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Göllibaý» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary bina etdiler. Täze ýaşaýyş jaýlarynyň öňündäki dabaralar meýdançasynda giňden tutulan, aýdym-sazlara beslenen açylyş dabarasyna il sylagly ýaşulular, mährem eneler, gurluşykçylar, täze ýaşaýyş jaýlaryndan öý edinmek miýesser eden maşgalalar ýygnandylar. Dabarada çykyş edenler täze jaýlaryň eýelerini, myhmanlary şu günki şatlykly waka bilen mähirli gutladylar. Dabaranyň dowamynda tapawutlanyp işlän gurluşykçylara «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň «Tolkun» smart telewizorlary sowgat berildi.

Şekerjan AHMEDOWA,
«Daşoguz habarlary».