Diýara görk beren täze binalar

27 Aprel 2021
864

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň we Türkmen alabaýynyň baýramynyň toý tutumlarynyň alyslara ýaň salan çagynda paýtagtymyzda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Teleköpri arkaly ýurdumyzyň welaýatlarynda onuň merkezleri açylyp ulanylmaga berildi. Ýokary amatlyklara eýe merkezler milli buýsanjymyz bolan arassa ganly alabaý itlerine ideg etmek, olary köpeltmek hem-de terbiýelemek, bu ugurda toplanan tejribäni kämilleşdirmek, alabaýlaryň gymmatly genofonduny kemala getirmek, ylmy we seçgiçilik işlerini yzygiderli geçirmek ugrunda edilýän tagallalaryň nobatdaky subutnamasy boldy.

«TÜRKMENISTAN»
Surata düşürenler Begençmyrat ATAÝEW, Andreý PAKULOW, Hezret ÝAZBERDIÝEW, Merdan ORAZOW.