Arkadagyň yhlasyndan owazaňyz dünýä doldy

26 Aprel 2021
1183

Asyrlaryň kämillik mekdebini geçen medeni mirasymyz döwürleriň we nesilleriň sazlaşykly arabaglanyşygyny gazanmakda, ýaş nesli şöhratly geçmiş taryhymyza, milli gymmatlyklarymyza söýgi ruhunda terbiýelemekde bahasyz baýlykdyr. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hem-de Türkmen alabaýynyň baýramynyň ilkinji gezek bilelikde toýlanan göwün göteriji dabaralary muny doly tassyklady. Balkan atçylyk sport toplumy welaýatymyzda hem bu goşa baýram mynasybetli birnäçe günläp dowam eden çuň mazmunly täsirli çäreleriň esasy geçýän ýerine öwrüldi. Welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, welaýat medeniýet müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýat Baş bilim, welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirlikleriniň birleşen tagallalary arkaly geçirilen baýramçylyk dabaralary milli gymmatlyklarymyza goýulýan hormat-sarpany ähli aýdyňlygy bilen görkezdi.

Atçylyk sport toplumynyň esasy girelgesiniň öňündäki türkmen halylary, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň owadan nyşany, atyň nalynyň şekilleri, türkmeniň behişdi bedewiniň, alabaýynyň suratlary, ak öýlerimiziň ajaýyp hatary bilen bezelen meýdançada welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden gelen medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlaryna giň gerim berildi. Olaryň belent heňlerde ýerine ýetiren joşgunly aýdym-sazlary, milli tanslary, görkezen sahnalary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýan milli medeni mirasymyzy geljekki nesiller üçin aýawly saklamakda hem-de dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine ýetirmekde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwletli tutumlaryna bolan il alkyşynyň beýany bolup ýaňlandy. Joşgunly çykyşlarda beýan edilişi ýaly, Arkadag Prezidentimiz dünýäniň iň gadymy halklarynyň biri bolan türkmen halkynyň geçmişini, medeni mirasyny gorap saklamagy, ylmy taýdan içgin öwrenmegi hem-de dünýä ýaýmagy kämil jemgyýeti berkarar etmegiň, ýaş nesliň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmagyň mizemez binýatlarynyň birine öwürdi. Şol bir wagtda, munuň özi dünýä halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny, agzybirligini pugtalandyrmagyň hatyrasyna medeniýetleri ýakynlaşdyrmaga, bu babatda tejribeleri alyşmaga, geçmişden miras galan medeni gymmatlyklary aýap saklamaga we geljekki nesillere ýetirmäge giň mümkinçilik döredýär. Tebigy owadanlygy, ýyndamlygy, duýgurlygy, gylyk-häsiýeti babatda deňi-

Nurmämmet HYDYROW.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».