"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Syrly gürrüň

Ýaş söhbetdeş gardaş, salam,Salam gatyndan ýyllaryň.Bagta, söýgä garaşsaňam,Dertdeş ýok diýip, ýyglama. Dyzmaç bolma, gadyrdanym,Ejiz pyýadakaň asla.Perzi çykma:ň bardyr ýoly,Goldaryn men, alňasama...

Täze keşpli gymmatlyklar

Indi birnäçe ýyl bäri Russiýa Federasiýasynyň döwlet rejeleýiş ylmy-barlag institutynyň rejeleýiş bölüminiň birinji derejeli hünärmeni Galina Eduardowna Werostskaýa türkmen we daşary ýurtly alym-arheologlaryň ýurdumyzda ýerleşýän gadymy ýadygärliklerde geçiren ylmy barlag işleri döwründe ýüze çykaran dürli tapyndylaryny asyl durkuna ýakyn görnüşde täzeden dikeltmek bilen içgin meşgullanýar. G.E.Werostskaýanyň bu ugurda alyp barýan köpugurly işleri netijesinde, halkymyzyň taryhyny şöhlelendirýän ençeme gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýleriniň özboluşly bezegine öwrüldi. Biz gazetimiziň şu sanynda G.E.Werostskaýanyň bu ugurda alyp baran ylmy işleri barada gürrüň berýän makalasyny okyjylarymyza ýetirýäris.

Abadan durmuş — döwletlilik binýady

Döwletlilik. Berkarar Watan. Abadançylyk. Halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda şu düşünjeleriň ählisini bir bitewülige öwrüp gelipdir. Biz kimdir biriniň işiniň ugruna bolup gitmegi barada gürrüň açanymyzda: «Döwlet tapdy» diýsek, bir ýere gidilende: «Baran ýeriňde döwlet tap» diýýäris. Edilen ýagşylyk üçin ýürekden çykan alkyşlar bolsa hemişe «Döwletiň artsyn!» diýen jümle bilen hemradyr. Hut şonuň üçinem ýurt berkararlygymyz, abadançylygymyz hakda söz açanymyzda-da şu ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasaty netijesinde halkymyza döwletiň ýar bolandygyny buýsanç bilen dile getirýäris. Ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda buýsançly, ýeňişli menziller geçilýär. Şol menzilleriň, pursatlaryň ählisi birleşip, ýeňişlerden doly döwrümiziň keşbini emele getirýär. Şol buýsançly pursatlar barada pikir edeniňde bolsa milli Liderimiziň peşgeş eden kitaplary, olardaky dürdäne setirler, jümleler seriňe gelýär. Olardan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Ata-babalarymyzyň agzybirlik baradaky pentleri asyrlary külterläp, gadymylygyň gatlaryndan dowam edip gelýär. «Ojagyňda agzybirlik bolsun!» diýilýändir. Bir supranyň başyna jem bolan il-halkymyzyň geljege umydy agzybirligimizdedir. Agzybirlik adalatlylygyň we döwletliligiň sütüni. «Bir supradan başlanýan agzybirlik il-ulsuň agzybirliginiň binýadydyr» diýip bellemek bilen, döwletliligim

Aşgabadyň XIX — XX asyrlardaky taryhynyň sahypalary

(Başlangyjy gazetiň 12-nji martdaky, 2-nji, 16-njy apreldäki sanlarynda) 1915-nji ýylyň başynda şäherde 68 sany demir ýol kärhanasy, üç sany pagta arassalaýjy, bir juwaz, deri eýleýji kärhana, 35 sany kerpiç öndürýän, çoýundyr mis eredýän, süýji önümleri öndürýän kärhanalar bar eken.

Kalplara nur çaýýan Aşgabat

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda paýtagtymyzyň esaslandyrylmagyna 140 ýyl bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi geçen sanlyja ýyllaryň içinde tanalmaz derejede özgerdi. Gözelligi bilen kalplarymyza nur çaýýan, aklygy bilen bagta atarýan Aşgabat bagtyýarlygyň mekanydyr, gül goýny lälezarlyga beslenen şäherdir.Ak mermerli paýtagtymyz özüniň belent ymaratdyr desgalarynyň binagärlik aýratynlygy, sazlaşykly ösüşi, ajaýyp seýilgäh toplumlary, söwda-dynç alyş merkezleri bilen köpleri haýrana goýýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ilatyň bolelin, eşretli zamanada ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi, dynç almagy üçin ähli amatly şertler döredilýär. «Aziýanyň merjeni» adyna eýe bolan paýtagtymyzda yzygiderli gurulýan ýaşaýyş jaý toplumlaryna, edara-kärhanalara döwrüň iň öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy halkymyzyň bu ajaýyp şertlerden peýdalanyp, eşretli döwran sürmegi üçin döredilen mümkinçiliklerdir. Paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäginde bina edilen ýaşaýyş jaýlarynda «akylly öý» taslamasynyň üstünlikli ornaşdyrylmagy bilen, ýaşaýjylaryň gündelik işleriniň ýeňilleşdirilip, olaryň ýaşaýyş şertleriniň ýokary derejesiniň üpjün edilendigi hem bellärliklidir.

Gurmak — ösüşlere badalga

Beýik, täsin, owadan binalar taryhda yz galdyryp, öz döwrüniň döredijilik ýörelgelerini şöhratlandyryp, watansöýüjiligiň nusgasyna öwrülip, nesillere nusga bolup galýar. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň gurmak, döretmek syýasaty ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap aldy, tutuş Watanymyz täsin şähergurluşyk keşbine eýe bolýar. Ýurdumyzda gazanylýan durmuş-ykdysady ösüşleriň hatarynda gurluşyk pudagynyň hem uly ornunyň bardygy aýdyňlygy bilen duýulýar. Hormatly Prezidentimiziň 16-njy aprelde geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezini gurmak hakynda» Karara gol çekmegi giň gerimli gurluşyk taslamalarynyň yzygiderli ýagdaýda dowam etdirilýändiginiň, döwletimiziň durmuş syýasatyny hemişe goldaýandygynyň aýdyň görkezijisi boldy. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli şu ýyl ençeme täze desgalaryň açylyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Şolaryň arasynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji nobatdakysynyň binalar toplumy hem bardyr. Welaýatyň täze edara ediş merkezi Köpetdagyň etegindäki ajaýyp ýerde gurulýandygy tebigy gurşawa aýawly çemeleşmegi, ylmyň iň täze gazananlaryndan peýdalanylmagy üçin ýaşaýşyň täze garaýşyny özünde jemlär. Bu tebigy gözelligi saklap galmak üçin «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ulanylýa. Bu şäheriň ilaty

Gözelligiň dürdänesi

Täze taryhy döwürde ak mermere beslenen paýtagtymyz, gözel Aşgabat her birimiziň iň söýgüli şäherimize öwrülip, günsaýyn gülläp ösýär. Dünýäniň çar künjeginden gelen syýahatçylaryň, ozaly bilen, ýurdumyzda bolýan bedew batly ösüşlere baş şäherimiz Aşgabatda gurlan, şeýle hem giň gerimde alnyp barylýan dürli maksatly gurluşyk işlerine, bagtyýar halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesine haýran galýandyklaryny bellemek ýakymlydyr. Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan kemal tapan beýik işlerden we özgerişlerden gülleýän, gül açýan gözel Aşgabadymyzyň älem içre meşhurlygyna buýsanjyň goşalanýar. Watanymyzyň paýtagty Aşgabadyň ajaýyp keşbe girmeginde hormatly Prezidentimiziň çuňňur paýhasy, yhlasy, Aşgabada bolan söýgüsi bar. Aşgabady ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan işleri göreniňde göwnüň göterilýär. Bir-birleri bilen sazlaşykly utgaşyp gidýän ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli döwrebap binalardyr desgalary göreniňde gözüň dokunýar. Täsin binagärlik gurluşy bilen paýtagtymyza aýratyn gözellik çaýýan, şeýle hem dünýäde ýeke-täkligi bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen «Türkmenistan» teleradio merkeziniň binasyndaky Oguz hanyň äpet ýyldyzy, «Älem» medeni dynç alyş merkezindäki ýapyk görnüşli aýlanýan syn ediş hiňňildigi, suw çüwdürimlerini özünde jemleýän Oguz hanyň we ogullarynyň heýkeller toplumy, Halkara howa menziliniň esasy ýolagçy terminalynyň ýok

Bagtyýar döwrüň peşgeşi

Türkmen halky milli gymmatlyklaryna aýratyn sarpa goýýar. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň we Türkmen alabaýlarynyň baýramynyň utgaşykly bellenilen toý dabaralarynyň çäginde guralan bäsleşikler, maslahatlardyr duşuşyklar, sözüň doly manysynda, halkymyzyň milli gymmatlyklaryna bolan söýgüsini Äleme ýaýdy. Toý günlerinde ýurdumyzyň ussat atşynaslaryna we itşynaslaryna döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy diýseň şatlykly wakalara öwrüldi. Hormatly atlara we Şa serpaýyna mynasyp bolanlaryň arasynda etrabymyzyň ýaşaýjylarynyň hem bolmagy ählimiz üçin buýsançly boldy. Etrabymyzyň Kärizek geňeşliginiň Aba Annaýew obasynyň ýaşaýjylary Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň Atly sport we atly syýahat bölüminiň seýis tälimçisi Suwhandurdy Kuljanowyň hem-de şol toplumyň Atçylyk bölüminiň seýsi Derýamyrat Saparowyň hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly atlara, mundan başga-da Suwhandurdy Kuljanowyň Mary şäherindäki atçylyk sport toplumynda halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen jemleýji at çapyşykda ýeňiji bolup, ýeňil awtoulaga mynasyp bolmagy bizi diýseň begendirdi. Atşynaslaryň obasynyň ýene-de bir ýaşaýjysy, ýagny atşynas Çarymyrat Ballyýewiň seýislän Aýgytly diýen bedewi ahalteke bedewleriniň arasynda «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» adyny almak ugrunda geçirilen halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Bu bolsa, bu türgene Şa serpaýyn

Merjen şäher Aşgabat

Gözelligi we sazlaşykly ösüşi bilen haýran galdyrýan ak mermerli Aşgabat has-da röwşen geljegi nazarlaýar. Keşbi tanalmaz derejede özgeren we barha gözelleşýän paýtagtymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň möçberli özgertmeleriniň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde Aşgabat soňky ýyllarda binagärlik toplumlary, dürli maksatly desgalary, şol sanda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen görküni artdyrýar. Şeýlelikde, bu gün Türkmenistanyň paýtagty ähli halkymyzyň guwanjyna hem buýsanjyna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 25-nji maýy Aşgabat şäheriniň güni diýlip bellenilýär. Munuň özi merjen paýtagtymyza bolan söýgüden nyşandyr.

Garaşsyzlyk — baky bagt

Umumadamzat pelsepesiniň iň arzyly gymmatlyklarynyň biri bolan Garaşsyzlyk halkyň, Watanyň barlygynyň binýadynda durýar. Ata Watanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda özygtyýarly, asuda, parahatçylyk söýüji ýurt hökmünde dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny amala aşyryp, eýýäm XXI asyryň başynda halkara giňişlikde binýady berkden tutulan döwletdigini äşgär etdi. Geçen 30 ýylyň dowamynda döwletimiz Garaşsyzlyk ýoly bilen ynamly gadam urup, hemmetaraplaýyn berkäp, dünýäde ýokary depginler bilen ösýän ýurtlaryň birine öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda öňe sürlen ykdysady strategiýanyň çäklerinde milli we halkara ähmiýetli iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň, innowasiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy, dünýäniň iň kämil enjamlary oturdylan kuwwatly zawodlaryň, fabrikleriň gurulmagy, ähli welaýat merkezlerinde, şäherlerde, etraplarda, obalarda halkymyzyň parahat, bagtyýar, abadan durmuşy üçin zerur bolan şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine uly itergi berdi we berýär.

Aşgabatdan Daşkende çenli

Seýilgähler bar — gujagynda şäherler ýerleşýär Ýakynda — 26-njy aprelde sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherini mundan beýläk-de ösdürmegiň taslamalary, şol sanda paýtagtymyzda «Daşkent» seýilgähini gurmak boýunça meýilleşdirilen işleriň barşy barada gyzyklandy. Habar berlişi ýaly, bu seýilgähiň taslamasyny işläp düzmek boýunça çäreleriň deslapky tapgyrlary geçirilip, häzirki wagtda degişli bäsleşigiň jemleýji tapgyryna taýýarlyk görülýär.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

SÜÝT ÖNÜMÇILIGI ÝOKARLANÝAR AHAL. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki «Şaýoly» oba hojalyk maldarçylyk toplumynda önüm öndürmekde ýokary görkezijilere eýe bolunýar. Munuň şeýledigine üstümizdäki şanly ýylda toplumda idedilýän iri şahly mallardan süýt almakda gazanylan netijeler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Has takygy, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň geçen üç aýynda maldarçylyk toplumy boýunça 836 müň 850 manat möçberinde süýt öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 153 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

Röwşen geljegimiziň binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri ýaşlar barada bolup durýar. Milli Lide-rimiz Watanymyzyň geljeginiň ýaşlara bagly-dygyny her bir çykyşynda diýen ýaly nygtap, döwletiň öňünde ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olaryň arasynda ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da rowaçlandyrmak, watansöýüjiligi, raýat jogapkärçiligini, zähmete bolan söýgini terbiýelemek, döwlet we jemgyýetçilik bähbitleri bilen ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny utgaşdyrmak, olaryň jemgyýetçilik, şahsy başlangyçlaryny ileri tutmak, goldamak we höweslendirmek ýaly örän möhüm wezipeleri goýýar. Arkadag Prezidentimiziň sagdyn pikirli, ahlak taýdan arassa, ruhubelent, ylmyň iň soňky gazananlaryny ele alan, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenen ýaş nesliň kemala gelmegi üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredilýändigi, elbetde, döwrümiziň ajaýyp hakykatydyr. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler bu ajaýyp hakykatyň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar hakdaky atalyk aladalaryna jogap edip, bagtyýar ýaşlarymyz öz ylym-bilimleri, yhlasly zähmetleri bilen eziz Watanymyzyň ab

Raýatlaryň bähbidine gönükdirilen bank hyzmatlary

Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan pudaklaryny karzlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler ýurduň durnukly ykdysady ösüşini ýokarlandyrmak baradaky maksatdan ugur alýar. Karz edaralary tarapyndan berilýän ýeňillikli karzlaryň netijesinde oba hojalyk, senagat önümlerini öndürijiler, hususy telekeçiler önümçiliklerini giňeldýärler. Mälim bolşy ýaly, döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda telekeçiler, hususy önüm öndürijiler döwlet tarapyndan maliýe taýdan goldanylýar, olara ýeňillikler, netijeli işlemekleri üçin amatly mümkinçilikler döredilýär. Olary maliýe taýdan goldamagyň esasy maksatlary önümçilige innowasiýalary, döwrebap tehnologiýalary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmagyň hasabyna ýokary hilli, dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleri öndürmekden, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini hem-de ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmakdan, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmakdan, täze iş orunlaryny döretmekden ybarat bolup durýar.

Garaşsyzlyk — bagtyýarlyk mukamy

Hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Adam hem-de adamlar üçin iň ýokary derejeli gymmatlyk Zeminiň abadanlygydyr, sagdyn durmuşda, eşretiň hözirini görüp ýaşamakdyr. Dünýäniň iň öňdebaryjy taglymatlarynyň durmuşda ähtibarlylygynyň sebäbi hem olaryň parahatçylyk söýüjiligiň we dostlugyň güýjüne esaslanýanlygyndadyr» diýýär. Elbetde, bu taglymat halkymyzyň taryhy köklerine ser salanyňda hem şeýle bolupdyr. Ony biz XVIII asyryň ynsanperwer söz ussady, filosof şahyr Magtymguly atamyzyň:

Egsilmejek buýsanç duýgusy bilen

Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň, gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň uludan toýlanyljak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda arka atylýan her bir gün halkymyzyň hakydasynda baky orun aljak guwandyryjy taryhy wakalara beslenýär. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde güneşli Diýarymyzda amala aşyrylýan ajaýyp özgerişler, gazanylýan bedew batly ösüşler bilen berk baglanyşyklydyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň unudylmajak taryhy wakalarynyň birine öwrülen, Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda guralan, uly ruhubelentlige beslenen çäreler hem ýokarda aýdanlarymyzyň aýdyň mysaly bolup dabaralandy. Bular barada welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen hoşallyk maslahatynda egsilmejek buýsanç duýgusyna beslenen täsirli söhbetlere giň orun berildi.

Sport — sagdynlyk, ruhubelentlik

Balkanabat şäherindäki Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilen bilelikde «Sport — sagdynlyk, ruhubelentlik» atly çäre geçirdik. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly kitapdan ugur alnyp geçirilen çärä bu ýerde hünär öwrenýän ýetginjekler we mugallymlar gatnaşdylar. Sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek, Watanymyzyň daýanjy bolan ýaş nesilleriň berk bedenli, sagdyn ruhly adamlar bolup ýetişmeklerini, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, ýaramaz endiklerden daşda bolmaklaryny gazanmak babatda amala aşyrylýan işleriň oňyn netijelerini berýändigi barada çärede edilen çykyşlarda giňişleýin gürrüň edildi. Ýaş nesliň saglygy, geljegi barada atalyk aladasyny edýän döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.

Resmi habarlar gysga setirlerde

26-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda söhbetdeşler öňümizdäki tomusda geçiriljek ikinji Hazar ykdysady forumynyň hem-de güýzde geçirilmegi meýilleşdirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň iki ýurduň arasyndaky we tutuş sebitdäki dostlukly gatnaşyklary berkitmek hem-de giňeltmek üçin oňat esas bolup hyzmat etjekdigi baradaky pikiri makulladylar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin meýilleşdirilen çäreleriň ýokary derejede geçiriljekdigine ynam bildirdiler.

Işler depginli dowam etdirilýär

Geçen duşenbe güni welaýat häkimliginde hormatly Prezidentimiziň 26-njy aprelde sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda beren tabşyryklaryny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça maslahat geçirildi. Oňa Türkmenabat şäheriniň, etraplaryň häkimleri, olaryň orunbasarlarynyň birnäçesi, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibinde hormatly Prezidentimiziň şol gün irden sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda gowaça ekişini bellenilen möhletde, agrotehniki talaplara laýyk geçirmek hem-de ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak we maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek barada kesgitlän anyk wezipelerini talabalaýyk ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Welaýatymyzyň häkimi Şöhrat Amangeldiýew häzirki döwürde ýerlerde gyzgalaňly dowam etdirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleri, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan medeni-durmuş maksatly desgalarda işleriň barşy, ýene-de sanlyja günlerden welaýatymyzda geçiriljek Medeniýet hepdeligine görülýän taýýarlyk işleri barada giňişleýin gürrüň etmek bilen, iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutanymyzyň möwsümleýin oba hojalyk işlerini sazlaşykly guramak barada birnäçe tabşyryklary b

Ga­dyr­ly gat­na­şyk — hoş­ni­ýet­li hyz­mat­daş­lyk

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan giň gol­daw ta­pan hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek hem-de ös­dür­mek bi­len bag­ly baş­lan­gyç­la­ry hä­zir­ki dö­wür­de üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň yk­ly­ma­ra ulag ýol­la­ry­nyň geog­ra­fik taý­dan amat­ly çat­ry­gyn­da ýer­leş­me­gi bi­len, ýur­duň çä­gin­den geç­ýän ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­niň, ýag­ny, Ýew­ro­pa — Kaw­kaz — Azi­ýa (TRA­SE­KA), Ow­ga­nys­tan — Türk­me­nis­tan — Azer­baý­jan — Gru­zi­ýa — Tür­ki­ýe (La­pis La­zu­li), Öz­be­gis­tan — Türk­me­nis­tan — Eý­ran — Oman hem-de De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta ugur­la­ry bo­ýun­ça ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­niň se­bit­de we dün­ýä­de hal­ka­ra söw­da­nyň ös­me­gin­dä­ki äh­mi­ýe­ti bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­niň ug­run­da se­bit we dün­ýä äh­mi­ýet­li döw­re­bap lo­gis­tik des­ga­la­ryň yzy­gi­der­li gur­lup, ulanyl­ma­ga be­ril­me­gi hem bu ugur­da ama­la aşy­ryl­ýan düýp­li öz­ge­riş­lik­le­riň iler­le­me­gi­ne iter­gi ber­ýär. Bu mö­hüm äh­mi­ýet­li des­ga­la­ryň ha­ta­ryn­da Türk­men­ba­şy şä­he­rin­dä­ki hal­ka­ra de­ňiz por­tu­ny, Aş­ga­bat we Türk­me­na­bat şä­her­le­rin­dä­ki hal­ka­ra ae­ro­port­la­ry, Amy­der­ýa­nyň üs­tün­den geç­ýän de­mir­ýol we aw­to­mo­bil köp­rü­le­ri­ni, Ga­za­gys­tan — Türk­me­nis­tan — Eý­ran hem-de Ker­ki — Ymam­na­zar (Türk­