Garaşsyzlyk — baky bagt

29 Aprel 2021
767

Umumadamzat pelsepesiniň iň arzyly gymmatlyklarynyň biri bolan Garaşsyzlyk halkyň, Watanyň barlygynyň binýadynda durýar. Ata Watanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda özygtyýarly, asuda, parahatçylyk söýüji ýurt hökmünde dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny amala aşyryp, eýýäm XXI asyryň başynda halkara giňişlikde binýady berkden tutulan döwletdigini äşgär etdi.

Geçen 30 ýylyň dowamynda döwletimiz Garaşsyzlyk ýoly bilen ynamly gadam urup, hemmetaraplaýyn berkäp, dünýäde ýokary depginler bilen ösýän ýurtlaryň birine öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda öňe sürlen ykdysady strategiýanyň çäklerinde milli we halkara ähmiýetli iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň, innowasiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy, dünýäniň iň kämil enjamlary oturdylan kuwwatly zawodlaryň, fabrikleriň gurulmagy, ähli welaýat merkezlerinde, şäherlerde, etraplarda, obalarda halkymyzyň parahat, bagtyýar, abadan durmuşy üçin zerur bolan şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine uly itergi berdi we berýär.

Bäşim ANNAGURBANOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.