Kalplara nur çaýýan Aşgabat

29 Aprel 2021
814

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda paýtagtymyzyň esaslandyrylmagyna 140 ýyl bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi geçen sanlyja ýyllaryň içinde tanalmaz derejede özgerdi. Gözelligi bilen kalplarymyza nur çaýýan, aklygy bilen bagta atarýan Aşgabat bagtyýarlygyň mekanydyr, gül goýny lälezarlyga beslenen şäherdir.Ak mermerli paýtagtymyz özüniň belent ymaratdyr desgalarynyň binagärlik aýratynlygy, sazlaşykly ösüşi, ajaýyp seýilgäh toplumlary, söwda-dynç alyş merkezleri bilen köpleri haýrana goýýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ilatyň bolelin, eşretli zamanada ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi, dynç almagy üçin ähli amatly şertler döredilýär. «Aziýanyň merjeni» adyna eýe bolan paýtagtymyzda yzygiderli gurulýan ýaşaýyş jaý toplumlaryna, edara-kärhanalara döwrüň iň öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy halkymyzyň bu ajaýyp şertlerden peýdalanyp, eşretli döwran sürmegi üçin döredilen mümkinçiliklerdir. Paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäginde bina edilen ýaşaýyş jaýlarynda «akylly öý» taslamasynyň üstünlikli ornaşdyrylmagy bilen, ýaşaýjylaryň gündelik işleriniň ýeňilleşdirilip, olaryň ýaşaýyş şertleriniň ýokary derejesiniň üpjün edilendigi hem bellärliklidir.

Gaýypnazar BALLYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.