Gurmak — ösüşlere badalga

29 Aprel 2021
689

Beýik, täsin, owadan binalar taryhda yz galdyryp, öz döwrüniň döredijilik ýörelgelerini şöhratlandyryp, watansöýüjiligiň nusgasyna öwrülip, nesillere nusga bolup galýar. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň gurmak, döretmek syýasaty ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap aldy, tutuş Watanymyz täsin şähergurluşyk keşbine eýe bolýar. Ýurdumyzda gazanylýan durmuş-ykdysady ösüşleriň hatarynda gurluşyk pudagynyň hem uly ornunyň bardygy aýdyňlygy bilen duýulýar.

Hormatly Prezidentimiziň 16-njy aprelde geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezini gurmak hakynda» Karara gol çekmegi giň gerimli gurluşyk taslamalarynyň yzygiderli ýagdaýda dowam etdirilýändiginiň, döwletimiziň durmuş syýasatyny hemişe goldaýandygynyň aýdyň görkezijisi boldy. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli şu ýyl ençeme täze desgalaryň açylyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Şolaryň arasynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji nobatdakysynyň binalar toplumy hem bardyr. Welaýatyň täze edara ediş merkezi Köpetdagyň etegindäki ajaýyp ýerde gurulýandygy tebigy gurşawa aýawly çemeleşmegi, ylmyň iň täze gazananlaryndan peýdalanylmagy üçin ýaşaýşyň täze garaýşyny özünde jemlär. Bu tebigy gözelligi saklap galmak üçin «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ulanylýa. Bu şäheriň ilatyň ýaşamagy üçin has oňaýly smart siti — «akylly» şäher bolmagy üçin ähli mümkinçilikler üpjün ediler. Bu aýdylýanlaryň ählisi ýurdumyzda kabul edilen Prezident Maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginden habar berýär.

Hesel ÝAZHANOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy, tehniki ylymlaryň kandidaty.