Egsilmejek buýsanç duýgusy bilen

28 Aprel 2021
734

Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň, gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň uludan toýlanyljak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda arka atylýan her bir gün halkymyzyň hakydasynda baky orun aljak guwandyryjy taryhy wakalara beslenýär. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde güneşli Diýarymyzda amala aşyrylýan ajaýyp özgerişler, gazanylýan bedew batly ösüşler bilen berk baglanyşyklydyr.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň unudylmajak taryhy wakalarynyň birine öwrülen, Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda guralan, uly ruhubelentlige beslenen çäreler hem ýokarda aýdanlarymyzyň aýdyň mysaly bolup dabaralandy. Bular barada welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen hoşallyk maslahatynda egsilmejek buýsanç duýgusyna beslenen täsirli söhbetlere giň orun berildi.

Toýmämmet REJEBOW,
«Balkan».