Abadan durmuş — döwletlilik binýady

30 Aprel 2021
814

Döwletlilik. Berkarar Watan. Abadançylyk. Halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda şu düşünjeleriň ählisini bir bitewülige öwrüp gelipdir. Biz kimdir biriniň işiniň ugruna bolup gitmegi barada gürrüň açanymyzda: «Döwlet tapdy» diýsek, bir ýere gidilende: «Baran ýeriňde döwlet tap» diýýäris. Edilen ýagşylyk üçin ýürekden çykan alkyşlar bolsa hemişe «Döwletiň artsyn!» diýen jümle bilen hemradyr. Hut şonuň üçinem ýurt berkararlygymyz, abadançylygymyz hakda söz açanymyzda-da şu ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasaty netijesinde halkymyza döwletiň ýar bolandygyny buýsanç bilen dile getirýäris.

Ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda buýsançly, ýeňişli menziller geçilýär. Şol menzilleriň, pursatlaryň ählisi birleşip, ýeňişlerden doly döwrümiziň keşbini emele getirýär. Şol buýsançly pursatlar barada pikir edeniňde bolsa milli Liderimiziň peşgeş eden kitaplary, olardaky dürdäne setirler, jümleler seriňe gelýär. Olardan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Ata-babalarymyzyň agzybirlik baradaky pentleri asyrlary külterläp, gadymylygyň gatlaryndan dowam edip gelýär. «Ojagyňda agzybirlik bolsun!» diýilýändir. Bir supranyň başyna jem bolan il-halkymyzyň geljege umydy agzybirligimizdedir. Agzybirlik adalatlylygyň we döwletliligiň sütüni. «Bir supradan başlanýan agzybirlik il-ulsuň agzybirliginiň binýadydyr» diýip bellemek bilen, döwletliligimizi halkymyzyň, pederlerimiziň kalbyna syýahat guramak arkaly berkarar edendigimizi danalara mahsus paýhas bilen düşündirýär.

Maýsa KURBANOWA,
Mary welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisi.