Gözelligiň dürdänesi

29 Aprel 2021
721

Täze taryhy döwürde ak mermere beslenen paýtagtymyz, gözel Aşgabat her birimiziň iň söýgüli şäherimize öwrülip, günsaýyn gülläp ösýär. Dünýäniň çar künjeginden gelen syýahatçylaryň, ozaly bilen, ýurdumyzda bolýan bedew batly ösüşlere baş şäherimiz Aşgabatda gurlan, şeýle hem giň gerimde alnyp barylýan dürli maksatly gurluşyk işlerine, bagtyýar halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesine haýran galýandyklaryny bellemek ýakymlydyr. Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan kemal tapan beýik işlerden we özgerişlerden gülleýän, gül açýan gözel Aşgabadymyzyň älem içre meşhurlygyna buýsanjyň goşalanýar.

Watanymyzyň paýtagty Aşgabadyň ajaýyp keşbe girmeginde hormatly Prezidentimiziň çuňňur paýhasy, yhlasy, Aşgabada bolan söýgüsi bar. Aşgabady ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan işleri göreniňde göwnüň göterilýär. Bir-birleri bilen sazlaşykly utgaşyp gidýän ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli döwrebap binalardyr desgalary göreniňde gözüň dokunýar. Täsin binagärlik gurluşy bilen paýtagtymyza aýratyn gözellik çaýýan, şeýle hem dünýäde ýeke-täkligi bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen «Türkmenistan» teleradio merkeziniň binasyndaky Oguz hanyň äpet ýyldyzy, «Älem» medeni dynç alyş merkezindäki ýapyk görnüşli aýlanýan syn ediş hiňňildigi, suw çüwdürimlerini özünde jemleýän Oguz hanyň we ogullarynyň heýkeller toplumy, Halkara howa menziliniň esasy ýolagçy terminalynyň ýokarsyndaky 705 inedördül metrlik «Iň uly göl» diýlip atlandyrylýan haly gölüň şekili, atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde Olimpiýa stadionynyň esasy bezegi bolan ahalteke bedewiniň çeper keşbi, ekologiýa taýdan arassa serişdelerden taýýarlanan, häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda bina edilen dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz, mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde gözel paýtagtymyzda görenleriň gözi eglenýär.

Öwezdurdy HOJATOW,
Babadaýhan etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.