Hormatly Prezidentimiziň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldaw tapan halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek hem-de ösdürmek bilen bagly başlangyçlary häzirki döwürde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň yklymara ulag ýollarynyň geografik taýdan amatly çatrygynda ýerleşmegi bilen, ýurduň çäginden geçýän ulag-üstaşyr geçelgeleriniň, ýagny, Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRASEKA), Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lapis Lazuli), Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag-üstaşyr geçelgeleriniň sebitde we dünýäde halkara söwdanyň ösmegindäki ähmiýeti barha ýokarlanýar.
Ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ugrunda sebit we dünýä ähmiýetli döwrebap logistik desgalaryň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi hem bu ugurda amala aşyrylýan düýpli özgerişlikleriň ilerlemegine itergi berýär. Bu möhüm ähmiýetli desgalaryň hatarynda Türkmenbaşy şäherindäki halkara deňiz portuny, Aşgabat we Türkmenabat şäherlerindäki halkara aeroportlary, Amyderýanyň üstünden geçýän demirýol we awtomobil köprülerini, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran hem-de Kerki — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) halkara demirýollaryny hem-de ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny görkezmek bolar.