Ýurdumyzyň welaýatlarynda

29 Aprel 2021
689

SÜÝT ÖNÜMÇILIGI ÝOKARLANÝAR

AHAL. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki «Şaýoly» oba hojalyk maldarçylyk toplumynda önüm öndürmekde ýokary görkezijilere eýe bolunýar. Munuň şeýledigine üstümizdäki şanly ýylda toplumda idedilýän iri şahly mallardan süýt almakda gazanylan netijeler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Has takygy, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň geçen üç aýynda maldarçylyk toplumy boýunça 836 müň 850 manat möçberinde süýt öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 153 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

(Öz habarçylarymyz).