"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Aziýa çempionatynyň medallary

Türkmen türgenleri Astana şäheriniň (Gazagystan) «Beeline Arena» sport toplumynda geçirilen ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky boks boýunça Aziýa çempionatyny üstünliklere beslediler. 23 ýurtdan 200 çemesi boksçyny bir ýere jemlän ýaryş agramlaryň 13-si boýunça yklymyň çempionlaryny kesgitledi. Türkmenistandan, Özbegistandan, Hytaý Taýpeýinden, Ýaponiýadan, Filippinlerden, Gonkongdan, Koreýa Respublikasyndan, Mongoliýadan, Eýrandan, Gyrgyzystandan, Hindistandan, Wýetnamdan, Tailanddan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Täjigistandan, Palestinadan, Pakistandan, Ýemenden, Yrakdan, Iordaniýadan, Kuweýtden, Malaýziýadan hem-de Gazagystandan bolan ýaşlar ýeňiş üçin ringe çykdylar.

Takylatdy – milli oýun

Eziz Diýarymyzda sportuň dürli görnüşleri bilen bir hatarda milli oýunlar boýunça hem dürli derejeli bäsleşikler geçirilýär. Golaýda Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde ýetginjekleriň arasynda takylatdy boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçirildi. Netijede oglanlaryň arasynda Muhammet Rejepow 9 utuk bilen birinji orna mynasyp boldy. Resul Gündogdyýew 8 utuk bilen ikinji, Yslam Gündogdyýew hem 8 utuk toplap, üçünji orunlary eýelemegi başardylar. Gyzlaryň arasynda Näzli Rejepowa 8,5 utuk bilen birinji orny eýeledi. Gülälek Şamuhammedowa 8 utuk bilen ikinji orna mynasyp boldy. Zöhre Kulyýewa hem 8 utuk bilen üçünji orny eýelemegi başardy.Ýeňijilere Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Hormat hatlarydyr medallary gowşuryldy. Paýtagtyň birinjiliginiň yzysüre Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde ýetginjekleriň arasynda takylatdy boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi.

Uniwersiadanyň çäklerinde

Ýurdumyzda talyp ýaşlaryň sport baýramy – XIII Uniwersiada gyzgalaňly dowam edýär. Häzirki güne çenli sportuň suwda ýüzmek, ýeňil atletika, şaşka ýaly birnäçe görnüşi boýunça bäsleşikler tamamlandy. Gazetimiziň geçen sanynda düzzüm ýaryşynyň deslapky tapgyrynyň – özara ýaryşlaryň netijelerini okyjylara ýetiripdik. Ine, ýakynda bolsa bäsleşigiň final bölegi tamamlanyp, baýrak eýeleri belli boldy. Oglanlaryň arasynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň topary üstünlik gazanyp, öňdäki orny eýeledi. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň topary ikinji, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň topary bolsa üçünji netije bilen ýaryşy jemledi.

Futbol täzelikleri

Ýakynda Doha şäherinde Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasy (CAFA) bilen Bütinhindi Futbol federasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Resminama dürli ugurlary, hususan-da, başlangyçlary goldamak, ýaryşlary guramak, tejribe alyşmak hem-de futbol hünärmenleriniň bilimini artdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmegi öz içine alýar. Ähtnama gol çekilmegi iki futbol assosiasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklarda möhüm tapgyr boldy. Ol oýunçylaryň we tälimçileriň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem ýaryşlara gatnaşmak üçin mümkinçilikleri giňeltmek arkaly Merkezi Aziýada we Hindistanda futbolyň ösmegine goşant goşar.

Sport. Saglyk. Gözellik.

Ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedenterbiýe we sport ulgamy ajaýyp zamanany başdan geçirýär. Bu döwri milli sportumyzyň taryhynda täze, altyn sahypanyň açylan eýýamy hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge hemmetaraplaýyn şertleriň döredilmegi netijesinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde döwrüň talaplaryny ödeýän sport desgalary gurlup ulanylmaga berildi. Olarda sport ýaryşlary yzygiderli geçirilip, ýaş ýigitleriň we gyzlaryň arasyndan sporty söýýän, ýurdumyzyň sport abraýyny gorap biljek türgenleriň ösüp ýetişmeklerine oňaýly mümkinçilikler döredildi. Halkyň saglygyny üns merkezinde saklaýan Gahryman Arkadagymyz: «Adam saglygy – şahsy maýa goýumdyr, halkyň saglygy bolsa döwletiň maýa goýumydyr» diýmek bilen, ylaýta-da, ösüp gelýän ýaş nesliň sagdynlygy baradaky aladany döwlet derejesinde ilkinji hatara çykardy. Ýaşlaryň bagtyýar ýaşamagy, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy üçin olaryň ýaşaýan, işleýän, okaýan we dynç alýan ýerlerinde ähli amatlyklary bolan sport meýdançalary döredilip, ýaşlar bilen sport çäreleri dowamly alnyp barylýar.

Taryhda şu gün

2014-nji ýylyň 11-nji noýabrynda bu abraýa mynasyp görlen Ibragimowiç şol möwsüm Fransiýanyň PSŽ toparynda çykyş edýärdi. Ol bu abraýa soňky on ýylda dokuzynjy gezek mynasyp görüldi. Özi-de adygan futbolçy «Aftonbladet» gazeti tarapyndan gowşurylýan baýraga bassyr sekizinji gezek mynasyp boldy.

Gyşky Olimpiýa oýunlary

Olimpiýa oýunlary öz taryhynyň gözbaşyny tomusky Olimpiadadan alyp gaýtsa-da, häzirki wagtda gyşky Olimpiýa oýunlarynyňam meşhurlygy we janköýerleriniň köplügi diňe tarypa mynasypdyr. Onuň taryhy hakynda gysgaça söhbet edenimizde bolsa, Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan guralýan gyşky Olimpiýa oýunlary ilkinji sapar 1924-nji ýylda geçirilipdir. Gyşky hem-de tomusky Olimpiýa oýunlarynyň 1994-nji ýyla çenli bir ýylda geçirilip gelnendigini hem bellemek gerek. Ol her dört ýyldan bir gezek, fewral aýynyň 29 senenama güni bolup gelýän ýyllarynda guralypdyr. 1994-nji ýyldan başlap bolsa gyşky hem-de tomusky Olimpiýa oýunlary bir-birinden iki ýyl aratapawutlylykda geçirilip ugralypdyr.

Bedenterbiýe we sport

Bu günki gün ýurdumyzyň döwrebap sport mekdeplerinde ýaş türgenler sportuň dürli görnüşleri boýunça tälim alýarlar we dürli ýaryşlara gatnaşyp, öz başarnyklaryny artdyrýarlar. Şeýle ýaryşlaryň biri golaýda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda 2006-njy ýylda doglan we ondan kiçi ýaşly oglanlaryň arasynda geçirildi. Woleýbol ýaryşynda paýtagtymyzdan we Ahal welaýatyndan 6 topar özara bäsleşdi. Bäsleşigiň netijesine görä Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 8-nji sport mekdebiniň «Ýedigen» topary ýeňiji bolmagy başardy. S.HEKIMOW,

Sport. Sport. Sport.

Altyn top Golaýda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky Döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyndan ugur alnyp, okuwçy ýaşlaryň sagdyn bolup ýetişmegini gazanmak maksady bilen TMÝG-niň etrap geňeşi, etrap bilim bölümi we etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde etrabyň çäginde ýerleşýän orta mekdeplerde okaýan okuwçy oglanlaryň gatnaşmagynda, etrap sport mekdebinde “Altyn top” ady bilen sportuň futbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi.

Ýaryş çekeleşikli duşuşyklara baý boldy

Sarahs etrabynyň sport mekdebinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çäginde okuwçy gyzlaryň arasyndaky woleýbol ýaryşynyň etrap tapgyry geçdi. Oňa etrapdaky orta mekdepleriň aglabasyndan toparlar gatnaşdy. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölümi, etrap bilim bölümi hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi ýaryşyň guramaçylykly geçmegi ugrunda tagalla etdiler.

6 klub 1/8 finala çykdy

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da to­par­ça­lar­da­ky 4-nji du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­di. Ge­çi­ri­len bu tap­gyr­dan soň 6 to­par – «Man­çes­ter Si­ti», «Le­ip­sig», «Ba­wa­ri­ýa», «Re­al Mad­rid», «Re­al So­sie­dad» hem-de «In­ter» klub­la­ry 1/8 fi­na­la çyk­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy. Ge­çi­ri­len 16 du­şu­şy­gyň 13-sin­de ýer eýe­le­ri, 2-sin­de myh­man­çy­lyk­da­ky klub­lar ýeň­şi­ni baý­ram et­di. 1 oýun­da-da ýe­ňiş ga­za­nan bol­ma­dy. Je­mi 44 go­luň ge­çi­ri­len tap­gy­ryn­da 6 fut­bol­ça gy­zyl kart gör­ke­zil­di. Ital­ýan klub­la­ry­nyň 3-si ýe­ňiş ga­za­nyp, bi­ri deň­me-deň oý­na­dy. Edil şo­nuň ýa­ly, is­pan hem-de ne­mes klub­la­ry­nyň 3-si, iň­lis to­par­la­ry­nyň 2-si tap­gy­ry ýe­ňiş bi­len ta­mam­la­dy. UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da to­par­ça­da­ky 5-nji du­şu­şyk­lar 28–29-njy no­ýabr­da ge­çi­ri­ler. «A» to­par­ça­da «Ba­wa­ri­ýa» Har­ri Keý­niň 80-nji we 86-njy mi­nut­lar­da ge­çi­ren gol­la­ry esa­syn­da «Ga­la­ta­sa­raý­dan» 2–1 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Türk klu­bun­da Ba­kam­bu­nyň 90+3-nji mi­nut­da­ky go­ly ýeň­şe ýet­me­di. To­par­ça­lar­da 38 oýun­dan bä­ri ýe­ňil­män gel­ýän «Ba­wa­ri­ýa» 27-nji ge­zek gat­naş­ýan ýa­ry­şyn­da 26-njy ge­zek 2-nji tap­gy­ra çyk­dy (yz­ly-yzy­na 16-njy sa­par).

Ne «Real Madrid», ne-de «Barselona», sanawyň lideri «Žirona»

Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň li­de­ri üýt­gäp, «Osa­su­na­ny» 4–2 ha­sa­byn­da ýe­ňen «Ži­ro­na» 1-nji or­na geç­di. Öz meý­dan­ça­syn­da «Ra­ýo Wal­le­ka­no» bi­len gol­suz deň­me-deň oý­nan «Re­al Mad­ri­diň» utuk ýi­ti­ren tap­gy­ryn­da «Bar­se­lo­na» myh­man­çy­lyk­da «Re­al So­sie­da­dy» Arau­ho­nyň 90+3-nji mi­nut­da­ky go­ly ýeň­di (1–0). «At­le­ti­ko Mad­rid» hem tap­gy­ry utuk­syz ta­mam­lap, Si­meo­ne­niň şä­girt­le­ri myh­man­çy­lyk­da «Las Pal­mas­dan» 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňil­di. Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da «In­ter» myh­man­çy­lyk­da «Ata­lan­ta­ny» 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. «Ýu­wen­tus» bol­sa «Fio­ren­ti­na­ny» Mi­ret­ti­niň ýe­ke-täk go­ly bi­len 1–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Soň­ky çem­pi­on «Na­po­li­» myh­man­çy­lyk­da «Sa­lern­ita­na­ny» 2–0 hasabynda ýe­ňen tap­gy­ryn­da «Mi­lan» öz meý­dan­ça­syn­da şu möw­süm­de ýeň­şi bol­ma­dyk «Udi­ne­ze­den» iň kiçi hasap bilen as­gyn gel­di. «Ro­ma» öz meý­dan­ça­syn­da Az­mun hem-de Lu­ka­ku­nyň 90-njy mi­nut­dan soň ge­çi­ren gol­la­ry bi­len «Leç­çe­ni» 2–1 ha­sa­byn­da ut­dy.

Londonyň 2 kluby 10 oýundan soň ýeňildi

Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da çe­ke­le­şik­li hem-de dart­gyn­ly ge­çen Lon­don der­bi­sin­de «Tot­ten­ham» öz meý­dan­ça­syn­da «Çel­si­den» 4–1 ha­sa­byn­da as­gyn ge­lip, möw­süm­de il­kin­ji ge­zek ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. Du­şu­şy­gyň 6-njy mi­nu­tyn­da «Tot­ten­ham» Ku­lu­sews­ki­niň go­ly bi­len 1–0 hasabynda öňe geç­di. Ýö­ne şon­dan soň demir­ga­zyk lon­don­ly­lar üçin şow­suz­lyk­la­ryň yzy üzül­män gel­di. Oý­nuň 35-nji mi­nu­tyn­da «Çel­si­den» Kai­se­do­nyň bat­ly uran ur­gu­sy of­saýd se­bäp­li ha­sa­ba alyn­ma­dy. Em­ma VAR-yň sel­je­ren şol pur­sa­dyn­dan «Tot­ten­ha­myň» ar­gen­ti­na­ly go­rag­çy­sy Kris­ti­an Ro­me­ra gy­zyl kart çyk­dy hem-de «Çel­si­niň» peý­da­sy­na 11 metrlik jerime ur­gu­sy bel­len­di. Ony-da Ko­ul Pal­mer dürs urup, ha­sa­by deň­le­di. Bu gol­dan öňem Ster­lin­giň go­lu­nyň el bi­len oý­na­la­ny üçin ha­sa­ba alyn­man­dy­gy­ny hem bel­lemek gerek. Du­şu­şy­gyň 1-nji ýa­ry­my 1–1 ha­sa­byn­da deň­lik­de ta­mam­lan­dy. 55-nji minutda «Tot­ten­ham» to­pa­ry­nyň ýe­ne bir oýun­çy­sy, has ta­ky­gy, go­rag­çy Des­ti­ni Udo­ji 2-nji sa­ry­ karty alyp, meý­dan­ça­dan çy­ka­ryl­dy. 9 oýun­çy bo­lup ga­lan gar­şy­da­şy­na ga­ra­nyň­da has do­gum­la­nan «Çel­si» to­pa­ry­nyň ýaş hü­jüm­çi­si Ni­ko­las Jek­son soň­ky 15 mi­nut­da 3 gol ge­çir­di. Ol 75-nji, 90+4-nji hem-de 90+8-nji mi­nut­lar­da ta­pa­wut­la­nyp, du­şu­şy­gy het-trik bi­len ta­

Çem­pi­on ýe­ňiş­den do­ýa­nok

For­mu­la 1-de bas­syr 3-nji çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan eden «Red Bull» to­pa­ry­nyň ni­der­land sü­rü­ji­si Maks Wers­tap­pen ýe­ňiş­den do­ýa­nok. Möw­sü­miň 20-nji ýa­ry­şy Bra­zi­li­ýa­nyň Sao-Pau­lo şä­he­rin­dä­ki Ho­ze Kar­los Peý­siň ady­ny gö­ter­ýän aw­tod­ro­myn­da ge­çi­ri­lip, il­kin­ji ha­tar­dan baş­lan Wers­tap­pen 71 aý­la­wy 1 sa­gat 56 mi­nut 48,894 se­kunt­da ta­mam­la­dy. Bas­syr 5-nji, möw­süm­dä­ki 17-nji ýeň­şi­ni ga­za­nan Wers­tap­pen özü­ne de­giş­li bir möw­süm­de iň köp bäs­le­şik­de ýe­ňi­ji bo­lan sü­rü­ji re­kor­dy­ny ös­dür­di. So­ňky 16 ýa­ry­şyň 15-sin­de ýe­ňiş ga­za­nan Wers­tap­pe­niň umu­my bi­rin­ji­lik­le­ri­niň sa­ny-da 52-ä ýet­di. 26 ýa­şyn­da­ky sü­rü­ji sprint bäs­le­şi­gin­de-de ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Bra­zi­li­ýa «Gran Pri­sin­de» «McLa­ren» to­pa­ry­nyň bri­tan sü­rü­ji­si Lan­do Nor­ris 2-nji, «As­ton Mar­tin» to­pa­ry­nyň is­pa­ni­ýa­ly pi­lo­ty Fer­nan­do Alon­so 3-nji ýe­ri eýe­le­di.

«Al-Ain» bilen «Phohan Stilers» 2-nji tapgyra çykdy

AFK Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da to­par­ça­lar­da­ky 4-nji du­şu­şyk­lar ge­çi­ri­lip, 2 klub 1/8 fi­na­la çyk­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy. AFK Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da her to­par­ça­dan 1-nji or­ny eýe­län­ler bi­len 2-nji ýe­ri alan­la­ryň iň go­wy 6-sy ýa­ry­şy (her se­bit­den 3-si) do­wam et­di­rer. Ýag­ny 2-nji ýe­ri eýe­län­le­riň 3-si Gün­do­gar se­bi­tin­dä­ki «A», «B», «C», «D», «E» to­par­ça­lar­dan, ga­lan 3-si bol­sa Gün­ba­tar se­bi­tin­dä­ki «F», «G», «H», «I», «J», to­par­ça­lar­dan 1/8 fi­na­la çy­kar­lar. «A» to­par­ça­da ýur­du­my­zyň adyn­dan we­kil­çi­lik ed­ýän «Ahal» to­pa­ry Aş­ga­bat­da Öz­be­gis­ta­nyň «Pah­ta­kor» to­pa­ry bi­len du­şuş­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun 1–1 ha­sa­byn­da deň­lik­de ta­mam­lan­dy. 81-nji mi­nut­da Ali­bek Ab­dy­rah­ma­no­wyň go­ly bi­len öňe saýlanan il­deş­le­ri­mi­ziň der­we­ze­sin­den ha­sa­by deň­län go­ly 90+5-nji mi­nut­da Ho­ji­mat Er­ki­now ge­çir­di. To­par­ça­da­ky beý­le­ki du­şu­şyk­da BAE-niň «Al-Ain» to­pa­ry myh­man­çy­lyk­da Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň «Al-Feý­ha» to­pa­ry­ny La­ba­nyň (29, 40) hem-de Ra­hi­mi­niň (64) gol­la­ry bi­len 3–2 ha­sa­byn­da ýeň­di. Bu ýe­ňiş­den soň utu­gy­ny 12-ä çy­ka­ran «Al-Ain» to­pa­ry 1/8 fi­na­la çy­kan il­kin­ji to­par bol­dy.

Şwen­tek möw­sü­mi jem­le­di

Ten­nis bo­ýun­ça ze­nan­la­ryň ara­syn­da­ky möw­sü­miň jem­leý­ji ýa­ry­şy, ýy­lyň iň ök­de 8 ten­nis­çi­si­niň gat­naş­ýan «WTA Fi­nals» bäs­le­şi­gi ta­mam­lan­dy. Mek­si­ka­nyň Kan­kun şä­he­rin­de ge­çi­ri­len ýa­ry­şyň fi­na­lyn­da pol­şaly Iga Şwen­tek bi­len ame­ri­ka­ly Jes­si­ka Pe­gu­la du­şuş­dy. Du­şu­şyk­da Şwen­tek 6:1 we 6:0 ha­sap­lar bi­len ýe­ňiş ga­za­nyp, «WTA Fi­nals» ýa­ry­şyn­da­ky il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram et­di. Bu onuň şu möw­süm­dä­ki 6-njy, kar­ýe­ra­syn­da­ky 17-nji çem­pi­on­ly­gy bol­dy. Ga­ly­ber­se-de, Şwen­tek bu ýe­ňiş­den soň sa­na­wyň 1-nji bas­gan­ça­gy­na ga­lyp, şu ýy­ly iň çür de­pe­de ta­mam­la­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy. Şwen­tek wa­tan­da­şy An­na Rad­wans­ka­dan soň (2015) «WTA Fi­nals»-da çem­pi­on­lyk ga­za­nan 2-nji pol­şa­ly ze­nan ten­nis­çi bol­dy.

3-nji aýlawa badalga berildi

Türk­me­nis­ta­nyň fut­bol bo­ýun­ça mil­li çem­pio­na­tyn­da 20-nji tap­gyr­da sa­na­wyň li­de­ri «Ar­ka­dag» to­pa­ry öz meý­dan­ça­syn­da «Şa­ga­dam­dan» 3–2 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. «Şa­ga­dam­dan» Yh­las Mag­ty­mo­wyň (64, 83) gol­la­ry­na «Ar­ka­dag» to­pa­ryn­dan Şa­na­zar Tir­ki­şow (16), Di­dar Dur­dy­ýew (28 p) hem-de Beg­my­rat Ba­ýow (90+6 p) jo­gap ber­di. Paý­tagt der­bi­sin­de «Al­tyn asyr» öz meý­dan­ça­syn­da «Aş­ga­bat» to­pa­ry­ny My­rat An­na­ýe­wiň (27, 63), Rus­lan Tä­ji­ýe­wiň (54) hem-de Rah­man My­rat­ber­di­ýe­wiň (89) gol­la­ry esa­syn­da 4–0 hasabynda ýeň­di. Ma­ry­da we­la­ýat der­bi­sin­de «Ener­ge­tik» Ser­dar An­na­mäm­me­do­wyň 22-nji mi­nut­da­ky ýe­ke-täk go­ly bi­len «Merw» to­pa­ryn­dan 1–0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Tap­gy­ryň iň çe­ke­le­şik­li hem-de dart­gyn­ly ge­çen oý­nun­da «Ahal» bi­len «Ne­bit­çi» utuk­la­ry paý­laş­dy­lar. 7 sa­ry, 4 gy­zyl kar­tyň çy­ka­ry­lan oý­nun­da 1-nji ýa­rym­da ýer eýe­le­ri 12-nji mi­nut­da El­man Ta­ga­ýe­wiň go­ly bi­len ha­sa­by aç­sa­lar hem, bal­ka­na­bat­ly­lar 3 mi­nut­da 2 gol ge­çi­rip, ara­kes­mä 2–1 ha­sa­byn­da öň­de çyk­dy­lar. Gol­la­ry 36-njy mi­nut­da Ak­mäm­met Met­dä­ýew bi­len 39-njy mi­nut­da Ser­dar Tu­ki­ýew ge­çir­di. Oý­nuň 89-njy mi­nu­tyn­da Şöh­rat Sö­ýü­no­wyň go­ly bi­len ha­sa­by deň­län «Ahal» ýeň­liş­den ha­las bol­dy. Du­şu­şyk­da «Ahal­dan» El­man Ta­ga­ýew (51), «Ne

Jo­ko­wi­çiň 40-njy «Mas­ters» çem­pi­on­ly­gy

Möw­sü­miň iň soň­ky, 9-njy «Mas­ters» ýa­ry­şy – «Pa­riž Mas­ters» ten­nis bäs­le­şi­gin­de No­wak Jo­ko­wiç çem­pi­on­lyk ga­zan­dy. Ser­bi­ýa­ly ten­nis­çi 1 sa­gat 38 mi­nut­lap do­wam eden fi­nal­da bol­ga­ri­ýa­ly Gri­gor Di­mit­ro­wy 6:4 we 6:3 ha­sap­lar bi­len ýe­ňip, «Pa­riž Mas­ters» ýa­ry­şyn­da­ky 7-nji çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram et­di. Bu gör­ke­zi­ji ýa­ry­şyň re­kor­dy­na deň­dir. 36 ýa­şyn­da­ky ten­nis­çi mun­dan öň Pa­riž­de 2009-njy, 2013-nji, 2014-nji, 2015-nji, 2019-njy hem-de 2021-nji ýyl­lar­da çem­pi­on­lyk ga­za­nyp­dy. Bu Jo­ko­wi­çiň 40-njy «Mas­ters», şol san­da 97-nji ATP Ku­bo­gy hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Jo­ko­wiç umu­my baý­rak gaz­na­sy 5 mil­li­on 779 müň 335 ýew­ro deň bo­lan ýa­ryş­da 892 müň 590 ýew­ro­lyk pul baý­ra­gy bi­len sy­lag­lan­dy. 51-nji ge­zek ge­çi­ri­len ýa­ry­şyň jü­büt­leýin bäs­le­şi­gin­de mek­si­ka­ly San­tia­go Gon­za­les bi­len fran­si­ýa­ly Eduar Ro­jer-Was­se­lin iki­si çem­pi­on­lyk ga­zan­dy.

Keýn 60 ýyl­lyk re­kor­dy tä­ze­le­di

Ger­ma­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da «Der Klas­si­ker» der­bi­sin­de — «Ba­wa­ri­ýa» myh­man­çy­lyk­da «Bo­rus­si­ýa Dort­mun­dy» 4–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Upa­me­ka­no­nyň ha­sa­by açan du­şu­şy­gyn­da Har­ri Keýn bas­syr 2-nji, umu­my­lyk­da «Bun­des­li­ga­da­ky» 3-nji het-tri­gi­ni et­di. 9-njy, 72-nji hem-de 90+3-nji mi­nut­lar­da ta­pa­wut­la­nan Keý­niň çem­pio­nat­da­ky gol­la­ry­nyň sa­ny 15-e ýet­di. Ol «Bun­des­lig­ada» 10 oýun­da 15 gol ge­çi­rip, 60 ýyl­dan soň «şal­ke­li» Klaus Ma­ty­şa­gyň re­kor­dy­ny tä­ze­le­di (10 oýun­da 14 gol). «Bo­rus­si­ýa Dort­mun­dyň» il­kin­ji ge­zek utu­lan tap­gy­ryn­da sa­na­wyň li­de­ri «Ba­ýer» myh­man­çy­lyk­da «Hof­fen­haý­my» kyn­lyk bi­len 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Le­wer­ku­zen­li­le­riň gol­la­ry­ny Wirts bi­len Gri­mal­do (2) ge­çir­di. Öz meý­dan­ça­syn­da «Aýnt­raht­dan» 3–0 hasabynda as­gyn ge­len «Union Ber­lin­dä­ki» pe­se ga­çyş­lyk do­wam ed­ýär. Paý­tagt­ly­lar çem­pio­nat­da 8, umu­my­lyk­da-da 13 oýun­dan bä­ri ýeň­lip gel­ýär.

Hepdäniň esasy duşuşyklary

11-nji no­ýabr: Wul­wer­hem­pton – Tot­ten­ham (17:30)