Jo­ko­wi­çiň 40-njy «Mas­ters» çem­pi­on­ly­gy

10 Noýabr 2023
310

Möw­sü­miň iň soň­ky, 9-njy «Mas­ters» ýa­ry­şy – «Pa­riž Mas­ters» ten­nis bäs­le­şi­gin­de No­wak Jo­ko­wiç çem­pi­on­lyk ga­zan­dy. Ser­bi­ýa­ly ten­nis­çi 1 sa­gat 38 mi­nut­lap do­wam eden fi­nal­da bol­ga­ri­ýa­ly Gri­gor Di­mit­ro­wy 6:4 we 6:3 ha­sap­lar bi­len ýe­ňip, «Pa­riž Mas­ters» ýa­ry­şyn­da­ky 7-nji çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram et­di. Bu gör­ke­zi­ji ýa­ry­şyň re­kor­dy­na deň­dir. 36 ýa­şyn­da­ky ten­nis­çi mun­dan öň Pa­riž­de 2009-njy, 2013-nji, 2014-nji, 2015-nji, 2019-njy hem-de 2021-nji ýyl­lar­da çem­pi­on­lyk ga­za­nyp­dy. Bu Jo­ko­wi­çiň 40-njy «Mas­ters», şol san­da 97-nji ATP Ku­bo­gy hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Jo­ko­wiç umu­my baý­rak gaz­na­sy 5 mil­li­on 779 müň 335 ýew­ro deň bo­lan ýa­ryş­da 892 müň 590 ýew­ro­lyk pul baý­ra­gy bi­len sy­lag­lan­dy.

51-nji ge­zek ge­çi­ri­len ýa­ry­şyň jü­büt­leýin bäs­le­şi­gin­de mek­si­ka­ly San­tia­go Gon­za­les bi­len fran­si­ýa­ly Eduar Ro­jer-Was­se­lin iki­si çem­pi­on­lyk ga­zan­dy.