Sport. Saglyk. Gözellik.

10 Noýabr 2023
499

Ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedenterbiýe we sport ulgamy ajaýyp zamanany başdan geçirýär. Bu döwri milli sportumyzyň taryhynda täze, altyn sahypanyň açylan eýýamy hökmünde häsiýetlendirmek bolar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge hemmetaraplaýyn şertleriň döredilmegi netijesinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde döwrüň talaplaryny ödeýän sport desgalary gurlup ulanylmaga berildi. Olarda sport ýaryşlary yzygiderli geçirilip, ýaş ýigitleriň we gyzlaryň arasyndan sporty söýýän, ýurdumyzyň sport abraýyny gorap biljek türgenleriň ösüp ýetişmeklerine oňaýly mümkinçilikler döredildi. Halkyň saglygyny üns merkezinde saklaýan Gahryman Arkadagymyz: «Adam saglygy – şahsy maýa goýumdyr, halkyň saglygy bolsa döwletiň maýa goýumydyr» diýmek bilen, ylaýta-da, ösüp gelýän ýaş nesliň sagdynlygy baradaky aladany döwlet derejesinde ilkinji hatara çykardy. Ýaşlaryň bagtyýar ýaşamagy, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy üçin olaryň ýaşaýan, işleýän, okaýan we dynç alýan ýerlerinde ähli amatlyklary bolan sport meýdançalary döredilip, ýaşlar bilen sport çäreleri dowamly alnyp barylýar.

Maksat ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Talyplar sport klubunyň başlygy, bedenterbiýe kafedrasynyň müdiriniň w.w.ý.ý.