Ne «Real Madrid», ne-de «Barselona», sanawyň lideri «Žirona»

10 Noýabr 2023
523

Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň li­de­ri üýt­gäp, «Osa­su­na­ny» 4–2 ha­sa­byn­da ýe­ňen «Ži­ro­na» 1-nji or­na geç­di. Öz meý­dan­ça­syn­da «Ra­ýo Wal­le­ka­no» bi­len gol­suz deň­me-deň oý­nan «Re­al Mad­ri­diň» utuk ýi­ti­ren tap­gy­ryn­da «Bar­se­lo­na» myh­man­çy­lyk­da «Re­al So­sie­da­dy» Arau­ho­nyň 90+3-nji mi­nut­da­ky go­ly ýeň­di (1–0). «At­le­ti­ko Mad­rid» hem tap­gy­ry utuk­syz ta­mam­lap, Si­meo­ne­niň şä­girt­le­ri myh­man­çy­lyk­da «Las Pal­mas­dan» 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňil­di.

Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da «In­ter» myh­man­çy­lyk­da «Ata­lan­ta­ny» 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. «Ýu­wen­tus» bol­sa «Fio­ren­ti­na­ny» Mi­ret­ti­niň ýe­ke-täk go­ly bi­len 1–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Soň­ky çem­pi­on «Na­po­li­» myh­man­çy­lyk­da «Sa­lern­ita­na­ny» 2–0 hasabynda ýe­ňen tap­gy­ryn­da «Mi­lan» öz meý­dan­ça­syn­da şu möw­süm­de ýeň­şi bol­ma­dyk «Udi­ne­ze­den» iň kiçi hasap bilen as­gyn gel­di. «Ro­ma» öz meý­dan­ça­syn­da Az­mun hem-de Lu­ka­ku­nyň 90-njy mi­nut­dan soň ge­çi­ren gol­la­ry bi­len «Leç­çe­ni» 2–1 ha­sa­byn­da ut­dy.