Formula 1-de bassyr 3-nji çempionlygyny yglan eden «Red Bull» toparynyň niderland sürüjisi Maks Werstappen ýeňişden doýanok. Möwsümiň 20-nji ýaryşy Braziliýanyň Sao-Paulo şäherindäki Hoze Karlos Peýsiň adyny göterýän awtodromynda geçirilip, ilkinji hatardan başlan Werstappen 71 aýlawy 1 sagat 56 minut 48,894 sekuntda tamamlady. Bassyr 5-nji, möwsümdäki 17-nji ýeňşini gazanan Werstappen özüne degişli bir möwsümde iň köp bäsleşikde ýeňiji bolan sürüji rekordyny ösdürdi. Soňky 16 ýaryşyň 15-sinde ýeňiş gazanan Werstappeniň umumy birinjilikleriniň sany-da 52-ä ýetdi. 26 ýaşyndaky sürüji sprint bäsleşiginde-de ýeňiş gazanmagy başardy.
Braziliýa «Gran Prisinde» «McLaren» toparynyň britan sürüjisi Lando Norris 2-nji, «Aston Martin» toparynyň ispaniýaly piloty Fernando Alonso 3-nji ýeri eýeledi.