Tennis boýunça zenanlaryň arasyndaky möwsümiň jemleýji ýaryşy, ýylyň iň ökde 8 tennisçisiniň gatnaşýan «WTA Finals» bäsleşigi tamamlandy. Meksikanyň Kankun şäherinde geçirilen ýaryşyň finalynda polşaly Iga Şwentek bilen amerikaly Jessika Pegula duşuşdy. Duşuşykda Şwentek 6:1 we 6:0 hasaplar bilen ýeňiş gazanyp, «WTA Finals» ýaryşyndaky ilkinji çempionlygyny baýram etdi. Bu onuň şu möwsümdäki 6-njy, karýerasyndaky 17-nji çempionlygy boldy. Galyberse-de, Şwentek bu ýeňişden soň sanawyň 1-nji basgançagyna galyp, şu ýyly iň çür depede tamamlamaga hukuk gazandy. Şwentek watandaşy Anna Radwanskadan soň (2015) «WTA Finals»-da çempionlyk gazanan 2-nji polşaly zenan tennisçi boldy.