AFK Çempionlar Ligasynda toparçalardaky 4-nji duşuşyklar geçirilip, 2 klub 1/8 finala çykmaga hukuk gazandy. AFK Çempionlar Ligasynda her toparçadan 1-nji orny eýelänler bilen 2-nji ýeri alanlaryň iň gowy 6-sy ýaryşy (her sebitden 3-si) dowam etdirer. Ýagny 2-nji ýeri eýelänleriň 3-si Gündogar sebitindäki «A», «B», «C», «D», «E» toparçalardan, galan 3-si bolsa Günbatar sebitindäki «F», «G», «H», «I», «J», toparçalardan 1/8 finala çykarlar.
«A» toparçada ýurdumyzyň adyndan wekilçilik edýän «Ahal» topary Aşgabatda Özbegistanyň «Pahtakor» topary bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýun 1–1 hasabynda deňlikde tamamlandy. 81-nji minutda Alibek Abdyrahmanowyň goly bilen öňe saýlanan ildeşlerimiziň derwezesinden hasaby deňlän goly 90+5-nji minutda Hojimat Erkinow geçirdi. Toparçadaky beýleki duşuşykda BAE-niň «Al-Ain» topary myhmançylykda Saud Arabystanynyň «Al-Feýha» toparyny Labanyň (29, 40) hem-de Rahiminiň (64) gollary bilen 3–2 hasabynda ýeňdi. Bu ýeňişden soň utugyny 12-ä çykaran «Al-Ain» topary 1/8 finala çykan ilkinji topar boldy.