Keýn 60 ýyl­lyk re­kor­dy tä­ze­le­di

10 Noýabr 2023
449

Ger­ma­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da «Der Klas­si­ker» der­bi­sin­de — «Ba­wa­ri­ýa» myh­man­çy­lyk­da «Bo­rus­si­ýa Dort­mun­dy» 4–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Upa­me­ka­no­nyň ha­sa­by açan du­şu­şy­gyn­da Har­ri Keýn bas­syr 2-nji, umu­my­lyk­da «Bun­des­li­ga­da­ky» 3-nji het-tri­gi­ni et­di. 9-njy, 72-nji hem-de 90+3-nji mi­nut­lar­da ta­pa­wut­la­nan Keý­niň çem­pio­nat­da­ky gol­la­ry­nyň sa­ny 15-e ýet­di. Ol «Bun­des­lig­ada» 10 oýun­da 15 gol ge­çi­rip, 60 ýyl­dan soň «şal­ke­li» Klaus Ma­ty­şa­gyň re­kor­dy­ny tä­ze­le­di

(10 oýun­da 14 gol). «Bo­rus­si­ýa Dort­mun­dyň» il­kin­ji ge­zek utu­lan tap­gy­ryn­da sa­na­wyň li­de­ri «Ba­ýer» myh­man­çy­lyk­da «Hof­fen­haý­my» kyn­lyk bi­len 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Le­wer­ku­zen­li­le­riň gol­la­ry­ny Wirts bi­len Gri­mal­do (2) ge­çir­di. Öz meý­dan­ça­syn­da «Aýnt­raht­dan» 3–0 hasabynda as­gyn ge­len «Union Ber­lin­dä­ki» pe­se ga­çyş­lyk do­wam ed­ýär. Paý­tagt­ly­lar çem­pio­nat­da 8, umu­my­lyk­da-da 13 oýun­dan bä­ri ýeň­lip gel­ýär.