"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyndaky ýokary derejeli ikinji duşuşykdaky ÇYKYŞY

(Astana şäheri, 2024-nji ýylyň 17-nji sentýabry) Hormatly jenap Federal Kansler!Hormatly Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary!Hanymlar we jenaplar!Wekiliýetleriň agzalary!

Arkadag şäheri häzirki zaman talaplarynyň nusgalyk beýany

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bina bolan Arkadag şäheri ýurdumyzyň ähli ugurdaky gazananlarynyň, pudaklara sanly tehnologiýalaryň üstünlikli ornaşdyrylmagynyň, şeýle hem «akylly» şäher konsepsiýasynyň aýdyň mysalydyr. Golaýda şeýle ajaýyp mümkinçiliklere eýe bolan Arkadag şäherine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işleriň depgini barha artýar. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Arkadag şäherinde gurulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna we gurluşyk işlerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär.

Nesilleriň ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda milli demokratiýany, halk häkimiýetliligini mundan beýläk-de berkitmek, Garaşsyz döwletimiziň, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň öňünde durýan wezipeleri il-gün bolup maslahatlaşyp, geňeşip çözmek ýaly ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgeler giň gerime eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem bu ugurda gazanylan ajaýyp taryhy we oňyn tejribäniň aýdyň görkezijisidir. Häzirki wagtda ata Watanymyzyň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrüljek Türkmenistanyň Halk Maslahatyna uly taýýarlyk görülýär. Milli demokratik däplerimize we jemgyýetçilik pikirini nazara almak tejribämize esaslanyp, döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli meseleleri halk bilen maslahatlaşyp çözmekde toplanan milli tejribeden ugur alnyp geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri maslahatlaşylar.

Dabaraly harby ýörişe gatnaşyjylar

Häzirki günlerde polkownik Röwşen Aýazowyň serkerdelik etmeginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Dabaraly ýörişe gatnaşjak harby gullukçylaryň medeniýetli dynç alşyny guramak maksady bilen geçirilýän çäreler bolsa, has-da täsirliligi bilen tapawutlanýar. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze açylan ak mermerli binalar toplumynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen hoşallyk maslahatyna dabaraly harby ýörişiň harby gullukçylary hem gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda Ýaragly Güýçlerimizde alnyp barylýan giň gerimli işler dogrusynda ajaýyp çykyşlar diňlenildi.

Jebisligiň berk binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiz ägirt uly durmuş-ykdysady ösüşleri gazanýar. Ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, onuň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, Watanymyzy mundan beýläk-de beýik ösüşlere ýetirmäge gönükdirilen uzak möhletleýin iri maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň sebitde we dünýäde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge uly goşant goşýan döwlet hökmünde giňden tanalmagy, döwlet Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrmakda amala aşyrylýan oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli özgertmeleriň netijesidir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuna barýan häzirki günlerimizde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge hem ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu il bähbitli döwlet çäresi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen asylly şygaryny baş ýörelge edinýän hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen sözleri bilen durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.

Ynamly aragatnaşyk

Golaýda podpolkownik Sapar Berdiýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde 2024-nji ýylyň söweşjeň taýýarlygynyň meýilnamasy esasynda maýor Öwezmyrat Haýdarowyň guramagynda harby bölümiň aragatnaşyk bölünmeleriniň serkerdeler düzüminiň bölümleri dolandyrmak, taktiki ýagdaýlar bilen kesgitlenen wagtlarda dürli enjamlar arkaly habarlary ýetirmek we gepleşikleri üpjün etmek babatdaky ukyp-başarnyklaryny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, «Ynamly aragatnaşyk» atly bäsleşik geçirildi. Onda uly leýtenantlar Döwler Muhammetdurdyýew, Aýgül Begmämmedowa, borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Muzepper Babaýew dagy tapawutlanmagy başardylar. Şeýle hem bu harby bölümde kapitan Babahan Ismailowyň guramagynda «Kämil aragatnaşykçy» atly bäsleşik hem geçirildi. Bäsleşikde kapitan Arslan Muhammetdurdyýewiň serkerdelik edýän rotasynyň şahsy düzüminden kiçi seržantlar Agajan Orazow, Arif Rozmämmedow, Abdulaziz Gurbanmämmedow dagy 1-nji orna mynasyp bolmagy başardylar. Bäsleşigiň ýeňijileri TMÝG-niň etrap geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar. Muhammet JUMANAZAROW, kapitan.

Ygtybarly binýat

Mälim bolşy ýaly, her bir ýurduň ykdysady taýdan durnukly ösüşiniň parahatçylygy, howpsuzlygy, sazlaşykly ösüşi pugtalandyrmagyň möhüm şertidigini köp ýyllaryň tejribesi subut etdi. Eziz Diýarymyzda hemmetaraplaýyn ösüşiň üpjün edilmegine, tutuş sebit ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly gyzyklanma bildirilmegi we ykdysadyýete maýa goýumlaryň çekilmegi ýurduň ykdysady taýdan kuwwatlanmagynda bolşy ýaly, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmeginde-de aýratyn ähmiýete eýedir. Bilşimiz ýaly, 10-11-nji sentýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçirildi. Bu halkara forumyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanda geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerinden habar berýär. Sebäbi biziň ýurdumyzda maýadarlaryň netijeli işlemekleri üçin ygtybarly hukuk binýady döredildi. Bu bolsa Türkmenistanda maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň, işewür düzümleriň sanynyň artmagyny şertlendirýär. Şu nukdaýnazardan alanymyzda, geçirilen bu maýa goýum forumynyň ykdysady, durmuş taýdan sazlaşykly ösüş babatda aýratyn ähmiýete eýedigini bellemek gerek.

Türkmeniň bagt serpaýy Siz, Arkadagly Serdary Siz!

Aňyrsynda anyk taryhy maglumat ýa-da ýazyjynyň hyýaly oýlanmalary duran islendik uly eserde hökmany suratda öňe çykýan gahryman bolýar. Şol gahrymanyň dogulmagy bilen halkyň durmuşynda täze bir eýýam başlanýar. Muňa Görogly beg, Jelaletdin, Alp Arslan ýaly onlarça beýik şahsyýetler hakda ýazylan kitaplar hem şaýatdyr. Halkynyň bagtyna dünýä inen Gahryman, ozaly bilen, ili üçin beýikden-beýik işleri amala aşyrmaga bolan islegden pürepür ýüregiň, şol islegi hasyl etjek mümkinçilikleri tapyp bilýän kämil aňyň eýesidir. Hak tarapyn serpaý berlen, hemmelere mahsus bolmadyk şu iki gymmatlygyň güýji bilen şol Gahryman halkyň kalbyna tarap mizemez hem ýagty ýol çekýär. Şol gije Aý nur saçandyr ajaýyp,Gün joşup dogandyr ertesi bilen,«Beýik Ogul geldi, biliň, halaýyk!» —diýip, buşlandyrlar mertebe bilen.

Baş maksat — döwrebap bilim bermek

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz belent üstünlikleri nazarlap, ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ähli ugurlar bilen bir hatarda milli bilim ulgamynda gazanylýan ýokary netijeler, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämil bilim almagy üçin döredilýän giň gerimli şertler halkymyzy, aýratyn-da, bilim işgärlerini çäksiz buýsandyrýar, guwandyrýar. Bilim ulgamynyň maddy-üpjünçilik binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň soňky gazananlary ornaşdyrylýar, bilim berlişiniň hili, okatmagyň usullary döwrüň talaplaryna laýyklykda ýylsaýyn kämilleşdirilýär. Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň ak mermerli täze binalar toplumynyň açylyşy özüniň şatlyk-şowhunly dabaralary bilen ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynda zehinli ýaş Watan goragçylarynyň täze neslini kemala getirmek, olaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmekleri, dürli harby hünärleri özleşdirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir.

Belent ykbally bedewler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda türkmen bedewleriniň ykbaly has-da belende göterildi. Türkmen aty, halysy, dutary, ak bugdaýy, şaý-sepleri, alabaý iti — bularyň ählisi-de halkymyzyň döreden maddy gymmatlyklary bolup, olaryň dünýäde deňi-taýy ýokdur. Ata-babalarymyzyň uly yhlas, höwes, zehin bilen ýetişdiren bedewleri dünýäde meşhurlyk gazanyp, ahalteke bedewiniň adyny, gözelligini, mertebesini äleme aýan etdiler. Türkmen halkymyz gadymyýetden atçylygy ösdürip, ony ýokary kämillige ýetiren halkdyr. At waspy türkmeniň ähli döwürlerinde-de öz beýanyny tapypdyr. Atlaryň reňkine, kime degişliligine, owadanlygyna, dogduk ýerine görä-de olara at dakypdyrlar. Tebigy gözelligi, owadanlygy özüne siňdirip bilen bedewlerimiziň ajaýyp türkmen tebigatynda ösüp ýetişmeginde, müň lybasly türkmen topragynda doglup, boý almaklarynda uly many bar. Eziz ýurdumyz — jennedi mekan Türkmenistanyň dal bedewleri bu gün dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Diýarymyzda türkmen atlaryna bagyşlanyp geçirilýän gözellik bäsleşikleri-de, halkara maslahatlary-da Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bedew atlara goýýan uly sarpasydyr. Olara dünýäniň dürli döwletlerinden alymlaryň, atşynaslaryň gatnaşmagy hem türkmen bedewlerine dünýäniň gyzyklanmasyny görkezýän mysallardyr.

Sürüjilere maslahatlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlarymyzyň asudalygyny we köçe-ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmazlygyny gazanmagy maksat edinip, maslahatlar bilen ýüzlenýäris: Ýokary tizlik — awtoulagy has ýokary tizlikde sürmek howply we gödek endikdir. Bu sizi we töwerekdäki ýol hereketine gatnaşýanlary howply töwekgelçilige salýar. Ýokary tizlik heläkçilige ýa-da jerimä esas döredýär.

Meýilnamalaýyn işler ýaýbaňlandyrylýar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sentýabr aýynyň dowamynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygy guramaçylykly geçirmek maksady bilen, wagyz-nesihat işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Hususan-da, biraýlygyň dowamynda ýurdumyzyň ähli künjeginde guramaçylykly we özboluşly çäreleriňdir maslahatlaryň geçirilmegi, olarda ýol hereketiniň düzgünleri, pyýadalaryň we sürüjileriň wezipeleri hakynda nygtalmagy, ösüp gelýän ýaş nesil üçin edilýän tagallalaryň biridir. Ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumybilim berýän mekdepleriniň başlangyç synp okuwçylarynyň arasynda ýol hereketiniň kadalarynyň ilkinji endiklerini ýaş nesle düşündirmek, şeýle-de Türkmenistanyň ýol hereketiniň kadalarynyň bellenilen talaplaryny gollanyp, ýol hereketiniň kadalarynyň ilkinji endiklerini öwretmek we halk köpçüligine wagyz-nesihat etmek maksady bilen, «Ilkinji ädim» atly utgaşykly kitaby körpe nesillerimize, bilim edaralaryna paýlanylýar we düşündirilýär. Kitapdaky dürli reňkli şekiller we ünsi talap edýän ýumuşlar bilen baglanyşykly taýýarlanan sowallar arkaly tele we radioýaýlymlarda habar (SMS) bäsleşigi geçirilýär. Ol bäsleşikde 0560 gysga belgä kod (SMS) iberip, ýeňiji bolan ildeşlerimize ýurdumyzyň çäginde hereket edýän kitap dükanlaryndan «Ilkinji ädim» atly kitap sowgat berilýär. Ýene-de aýratyn bellemeli zatlaryň biri, kitapda QR-kod ýerle

Belent Serkerdebaşymyzyň beýik işleri

Watan goragçylarynyň kalby hormatly Belent Serkerdebaşymyza bolan çäksiz alkyşdan dolup dur, ýüregi bolsa, mukaddes Diýarymyzy asuda, parahat topraga öwren, harby gullukçylara nusgalyk mekdep bolýan Beýik Ynsana wepalylyk bilen urup dur. Üns berip diňleseňiz, belent-belent daglaryň kert-kert gaýalarynda, al-ýaşyl ýaýlalarda, ulgam-ulgam depelerde, ak kepderili asuda asmanda: «Halk! Watan! Belent Serkerdebaşy!» diýen mertlige ýugrulan sözler ýaňlanyp durandyr. Bu — ykbalyny Watan goragyna baglan her bir Watan goragçysynyň kalp sesidir... Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden bäri Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýady barha pugtalanýar. Harby gullukçylaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, bilimini artdyrmak, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, harby taýýarlygyny gözden geçirmek maksady bilen, amala aşyrylan işler munuň aýdyň ykrarnamasydyr. Geliň, 2022-nji, 2023-nji, 2024-nji ýyllarda täze taryhymyza ýazylan käbir işlere nazar aýlalyň.

Türkmen tebigatynyň baýlyklary

Ata Watanymyzyň derde derman bolan mukaddes topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleri ylmy taýdan öwrenmek hem-de lukmançylykda peýdalanmak, olardan ýokary hilli täze derman serişdelerini almak maksady bilen, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri tarapyndan ylmy-tejribe işleri yzygiderli alnyp barylýar. Ata-babalarymyzyň dürli kesellerde we ýarawsyzlyklarda giňden ulanan dermanlyk ösümliklerini häzir hem lukmançylykda peýdalanmak arkaly, ýaş nesliň sagdynlygyny gazanmaga itergi berilýär. Lukmançylykda bize Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri uly gollanma bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen häzirki wagtda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda uly işler amala aşyrylýar. Çünki saglygy goramak, bedenterbiýe we sport häzirki türkmen jemgyýetinde durmuşyň möhüm ulgamlary bolup durýar. Has dogrusy, ynsanlaryň beden taýdan sagdyn bolmagy, ýurduň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginiň, adamlaryň bagtyýar we abadan ýaşaýşynyň möhüm şertidir.

Ýurdumyzyň halkara üstünligi

Ata Watanymyz Türkmenistanda sport ulgamyny ösdürmek Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan diňe bir iri halkara ýaryşlara işjeň gatnaşmak bilen çäklenmän, eýsem, sebit we dünýä derejeli ýaryşlaryň geçirilýän merkezine hem öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hakyndaky hoş habaryň gelip gowuşmagy, ildeşlerimiziň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Bu resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi, onuň tutuş adamzat üçin möhümdiginiň we ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýanydyr. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryna esaslanýan, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň we sport diplomatiýasynyň dünýäde has-da dabaralanýandygynyň nobatdaky güwäsidir. Bu möhüm resminamanyň kabul edilmegi, halkara jemgyýetçiligi tarapyndan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere berlen ýokary bahadyr. Hormatly Prezidenti

Terbiýeçilik ähmiýetli bäsleşik

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öwüt-nesihatlaryny we watançylyk sargytlaryny, eserleriniň many-mazmunyny şahsy düzümiň aňyna çuňňur ornaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümlerinde «Kitap — bilimiň çeşmesi» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyrlary geçirildi. Bäsleşige gatnaşan harby gullukçylar ylmyň-bilimiň açary bolan kitaba çäksiz hormat goýýandyklaryny subut edip, bu ugurda öz bilimlerini emin agzalaryna görkezmegi başardylar. Bäsleşikde tapawutlanan harby gullukçylar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň sowgatlary bilen sylaglandylar. Allamyrat ÝALKANOW, podpolkownik.

Bagtyýar durmuşymyzyň höziri

Eziz Diýarymyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça biraýlygyň çäklerinde netijeli işler alnyp barylýar. Golaýda maýor Mukam Akjaýewiň ýolbaşçylyk edýän garnizonynyň harby bölümlerinde hem-de edara-kärhanalarynda welaýat Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň serkerdesi, podpolkownik Begenç Amanow hem-de şäher polisiýa bölüminiň ýol gözegçilik bölümçesiniň wagyz-nesihat işleri boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany Şamuhammet Gurbanow dagynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklarda köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegiň möhümdigi barada aýdyldy. Sebäbi asudalygyň, abadançylygyň mekany bolan ata Watanymyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Süleýman GURBANALYÝEW, Harby awtomobil gözegçiliginiň müdiri, maýor.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň maýa goýum forumynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatda hem-de ugurdaş sergilerde sanly ulgam arkaly eden ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 10-njy sentýabry) Eziz watandaşlar!Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar!

Türkmen-gazak dostlugynyň täze sahypasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde bu günki gün Türkmenistan döwletimiz dost-doganlyk menzillerinde ösüşiň belent sepgitlerini nazarlaýar, goňşy we alysdaky ýurtlar bilen dostanalyga we parahatsöýüjilikli gatnaşyklara gönükdirilen hyzmatdaşlyklary barha pugtalandyrýar. Türkmenistan bilen umumy we ikitaraplaýyn bähbitli şeýle gatnaşyklary alyp barýan döwletleriň biri hem, doganlyk Gazagystan Respublikasydyr. Golaýda, has takygy, 8-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna amala aşyran iş sapary hem dostlukly gatnaşyklaryň berkemeginde möhüm ähmiýete eýe boldy. Ýurduň abraýyna täsir edýän beýik işlere dahylly bolmak paýy seniňem ykbalyňa mertebe eçilýär. Bu, ilkinji nobatda, ynsanyň duýgy hem-de pikir taýdan ösmegine, netijede bolsa, onuň şahsyýetiniň görnetin kämilleşmegine getirýär. Gahryman Arkadagymyz bilen bilelikde şeýle döwletli saparyň düzüminde bolmak bagty bizde hem şeýle täsin duýgulary döredip, ata Watanymyza bolan söýgini, Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza

Durnukly ykdysady ösüş

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda, has takygy, sentýabr aýynyň 10-11-ine ak şäherimiz Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatynyň hem-de serginiň guralmagy baýramçylyk şatlygymyza şatlyk goşdy. Foruma dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň, ylmy merkezleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri, şeýle hem türkmen tarapyndan ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maýa goýum forumynda sanly ulgam arkaly çykyş etmegi onuň täsirini has-da artdyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Garaşsyz Türkmenistanda halkara maslahatlary, sergileri, festiwallary, işewürlik duşuşyklaryny geçirmegiň asylly däbe öwrülendigini nygtap, milli ykdysadyýetimize iri möçberli maýa goýumlary çekmekde, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde bu çäreleriň uly ähmiýete eýe bolýandygyny belledi.