"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Innowasiýalar — önümçilige

Düýn «Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat we onuň bilen ugurdaş Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde guralan ylmy sergi öz işini dowam etdi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda «Innowasion ykdysadyýet — ösüşleriň gözbaşy», Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Nebitgaz pudagynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ähmiýeti», Telekommunikasiýalar we informatika institutynda «Maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalary hem-de halkara hyzmatdaşlyk» atly bölümlerde ýurdumyzyň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde ylmyň we innowasion tehnologiýalaryň orny hakynda giňişleýin pikir alşyldy.

Ylmy tejribelere daýanyp

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ylym, bilim ulgamyny, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işini kämilleşdirmekde netijeli işler alnyp barylýar. Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň işiniň özgerdilip guralmagy, Tehnoparkyň gurlup ulanylmaga berilmegi, talyp ýaşlaryň ýokary okuw mekdeplerinde alýan bilimleri bilen bir hatarda, ylmy işlere çekilmegi bu ugurda örän möhüm işler boldy. Talyp ýaşlaryň tejribeli mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda, ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda gurlan tejribehanalarda tejribe işlerini alyp barmaklary okuw-terbiýeçilik işiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Ýurdumyzda ylma, bilime giň ýol açylýandygynyň aýdyň alamatlarynyň biri-de ylmy we tejribe işleriniň netijeleriniň önümçilige ornaşdyrylýandygydyr. Häzirki döwürde talyp ýaşlarymyz ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen alnyp barylýan şähergurluşyk taslamalaryna, elektrik energiýasyny almagyň tebigy çeşmelerini ulanmagyň usullaryna bagyşlanan ylmy işlere, ýurdumyzy bagy-bossanlyga, gül-gülzarlyga öwürmäge bagyşlanan tohumçylyk-nahalhana işlerine öz işläp-taýýarlamalary bilen işjeň gatnaşýarlar.

Innowasiýalar döwletiň gülläp ösüşiniň esasydyr

Aşgabatda halkara ylmy maslahat geçirilýär AŞGABAT, 3-nji maý (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Bilim ministrliginiň guramagynda sanly ulgam arkaly geçirilýän “Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna bagyşlanan bu forumyň işi berkarar döwletimiziň okgunly innowasiýa ösüşinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň gazananlarynyň ähmiýetini beýan etmekden ybaratdyr.

Halkara maslahata gatnaşyjylara söz berýäris

Huang LING,Hytaý Halk Respublikasynyň Sinýang uniwersitetiniň professory: — Türkmenistanyň başlangyjy bilen geçirilýän halkara maslahatdaky çykyşym skandiý esasly lýuminessent materiallary almagyň tehnologiýasy hakynda. Bu element metallurgiýada, mikroelektronikada, ýagtylyk çeşmesi hökmünde, ýadro energetikasynda, lukmançylykda, lazer materiallarynda, Gün batareýalarynyň önümçiliginde giňden ulanylýar.

Ylymlaryň gadymy mekany

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzy ösdürmekde ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi möhüm orun eýeleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň işiniň kämil derejede ýola goýulmagy üçin möhüm ähmiýetli tutumly işler üstünlikli durmuşa ornaşdyryldy. Dünýäniň ösen döwletleriniň taryhyna ser salanyňda hem olaryň şeýle derejä ýetmeginde döwrüň orta çykaran görnükli döwlet ýolbaşçylarynyň çuň paýhasa, ylma ýugrulan syýasatlarynyň sebäp bolandygyna göz ýetireniňde, hormatly Prezidentimize bolan buýsanjyň artýar. Pederlerimiz hem ylym-bilim hakynda birgiden gyzyldan gymmatly pähimleri mundan ençeme asyrlar öň döredipdirler. «Bilene — hikmet, bilmedige — rowaýat», «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat» ýaly ençeme nakyllaryň döremegine taryhy döwürleriň durmuş hadysalarynyň sebäp bolandygy hemmämize mälimdir. Türkmeniň keramatly topragy taryhyň dürli döwürlerinde hem ylmyň pajarlap ösen zamanlaryny ýaşaýşa ençeme gezek peşgeş edip, dünýä siwilizasiýasynyň senenamasynda öçmejek ýazgy galdyran mekan. Häzirki wagtda parahatçylygyň we ygtybarlylygyň, howpsuzlygyň, ajaýyp ösüşleriň sebiti hökmünde giňden tanalýan Diýarymyz alymlaryň we ylymlaryň gadymy mekanydyr. Bu toprakd

Eziz Watanymyzyň ylym-bilim merkezi

Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň 25-nji maýda «Soňky jaň» dabaralary bilen bir günde bellenilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Çünki Aşgabadyň ähli ösüşleri Diýarymyzyň ylym-bilim babatda ýeten derejesi bilen baglanyşyklydyr. Şonuň bilen birlikde ak mermerli binalaryň iň köp möçberde jemlenen şäheri hökmünde Aşgabadyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmeginiň onuň şan-şöhratyny jahana ýaýradandygyny ýatlap geçmek ýakymlydyr. Aşgabat — Aziýanyň merjen şäheri, ýurdumyzyň ylym-bilim merkezi. Ykbaly göterilýän, jemgyýetçilik-syýasy wakalara baý, ylmy-innowasion tehnologiýalar babatda halkara derejesinde maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrülen Aşgabat tutuş ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni ösüşleriniň ýüzi, aýnasy hökmünde sebitiň iň gözel şäherleriniň biridir. Paýtagtymyzyň binagärlik keşbi dünýä arhitekturasynyň ajaýyp sungatynda we milli tejribede düýpgöter özgerdildi. Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplarynda onuň daşky keşbiniň gymmatlyklary içki many-mazmun bilen sazlaşykly goşulyşýar. Munuň şeýle bolmagynyň düýp sebäbini şäheriň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has oňatlaşandygy bilen düşündirip bileris.

Milli gymmatlyklara daýanyp

Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň aladalary bilen ýaş nesliň kämil, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, dünýä derejesinde ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Halkymyz özüniň şöhratly taryhynda hem terbiýe meselesini hemişe üns merkezinde saklap gelýär. Ata-babalarymyz terbiýe meselesine iňňän jogapkärli çemeleşip, ony ýaşlaryň kalbyna ornaşdyrmagyň özboluşly ýollaryny tapypdyrlar. Ahlak medeniýeti bolsa jemgyýetiň hem şahsyýetiň ruhy durmuşynyň aýrylmaz düzüminiň bir bölegidir. Ahlak adamyň özüni alyp barşyny, gylyk-häsiýetini kesgitleýän düzgünlerdir. Ol adamlaryň biri-birine, Watana, halka, jemgyýete, döwlete, maşgala bolan garaýyşlaryny kesgitleýär. Türkmen halky üçin ata Watan hemme zatdan eziz hem mukaddesdir. Ata-babalarymyzyň ündeýişleri ýaly, edebiň ýagşysy Watany söýmekdir. Watan türkmen halkynyň ýüreginiň bir bölegidir. Türkmen özüniň Watana dahyllydygyny, oňa gerekdigini, zerurdygyny kalby, onki süňňi bilen duýanda, özüni bagtly hasaplaýar. Watany söýmek, Watanyň mukaddesligine uýmak, Watana sygynmak türkmeniň ata-baba aňyrdan gelýän gadymy hem müdimi dessury, mizemez milli ynanjydyr.

Kitap — akyl-paýhas hazynasy

Ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we durmuş taýdan ösüşiniň esasyny pugtalandyrmak we kämilleşdirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Türkmen halky öz geljegine diýseň ynamly garap, parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli, durmuş taýdan gülläp ösýän, syýasy we ykdysady taýdan pugtalanýan asuda Watanymyzda ruhubelentlikde ýaşap, döredijilikli zähmet çekýär. Bilimi we ylmy ösdürmek, ruhy gymmatlyklarymyzy gorap saklamak we geljekki nesillerimize ýetirmek ugrunda hem häzirki döwürde uly işler alnyp barylýar. Ynsanyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynyň esasy bolup durýan medeniýet hakynda gürrüň edilende, akyl-paýhas hazynasy bolan kitabyň göz öňünde janlanmagy tebigy ýagdaýdyr. Çünki jemgyýetiň ösmeginde, ynsan gözýetiminiň giňelmeginde kitabyň ähmiýeti örän ýokarydyr.

Meşhur zenan türkolog alymlar

GDA ýurtlaryny «Türkmen dili» kitaby bilen üpjün eden rus alymy Biziň elimizde professor Elwira Aleksandrowna Grunina tarapyndan ýazylyp, Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherindäki «Восточная литература» neşirýatynda çapdan çykan — «Туркменский язык» we «Учебник туркменского языка для стран СНГ» atly okuw kitaplary bar. Olaryň ikisiniň hem möçberi 290 sahypa golaý bolup, birinjisi 2005-nji ýylda, ikinjisi bolsa bäş ýyldan soň, 2010-njy ýylda okyjylara ýetirilipdir. Bulardan başga-da, E.A. Gruninanyň 1993-nji ýylda türkmen dilini özbaşdak öwrenýänler üçin rus dilinde ýazan, möçberi 190 sahypalyk «Туркменский язык — Türkmen dili» atly gollanmasy neşir edilipdir. Moskwaly alymyň türkmen professory Myrat Penjiýew bilen bilelikde taýýarlan we türkmençe tekstlerden hem-de olara berlen düşündirişlerden ybarat 183 sahypalyk kitaby hem 2012-nji ýylda ýene şol «Учебник туркменского языка для стран СНГ» diýen öňki at bilen agzalan neşirýatda çapdan çykýar. Bu kitaplaryň hemmesi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) girýän ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplar üçin niýetlenilipdir.

Ýaşlar we sanly innowasiýalar

13 — 15-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Bilim ministrliginiň guramagynda geçirilýän ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça «Sanly innowasiýalar» atly bäsleşigiň ilkinji güni örän netijeli boldy. «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetinde guralýan bäsleşige ýurdumyzyň mekdep okuwçylary, talyplary, ýaş alymlarydyr hünärmenleri işjeň gatnaşýarlar. Olar bäsleşigiň innowasion şäher, sanly bilim, söwda we hyzmatlar ulgamy boýunça IT-taslamalar, ýörite ugur, maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça programma üpjünçiliklerinidir taslamalaryny hödürleýärler. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde guralýan bäsleşikde hödürlenen işleriň derwaýyslygyna, ideýasynyň özboluşlylygyna, tehnologik çözgüdine, programmirlemegiň işlenip düzülen diline, interfeýsiniň kämilligine, innowasion täzeçilligine we beýleki aýratynlyklaryna baha berilýär.

Himiýa ylmy we döwrebap çözgütler

Milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolan himiýa senagatynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» öz beýanyny tapdy. Şunda esasy maksat ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeleriň çäklerinde ylmyň tutýan ornuny ýokarlandyrmakdan, şol sanda himiýa ylmynyň we täze himiki tehnologiýalaryň üsti bilen ekologiýa taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegiň innowasion we sanly tehnologiýalaryny işläp düzmekden ybaratdyr. Himiýa — ylmyň möhüm pudagy. Ýurdumyzda himiki tehnologiýalar ylmyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Himiýa ylmynyň ösdürilmeginiň diňe bir himiýa pudagynda däl, senagatyň ähli beýleki pudaklarynda hem köp innowasiýalaryň girizilmeginde uly ähmiýeti bar. Himiki maddalar we himiýa önümleri gurluşykda, azyk senagatynda, oba hojalygynda, farmasewtikada, dokma senagatynda, lukmançylykda, biologiýada we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda giňd

Kitap — bilimiň çeşmesi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleriň döwrebap bilimli, ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmeklerinde kitaphana işiniň kämilleşdirilmegine hem möhüm orun degişlidir. Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «Galkynyş» kitap merkezi tarapyndan kitaphanalaryň, olaryň bölümçeleriniň we şahamçalarynyň kitaphana gorlarynyň üsti döwrebap kitaplar bilen yzygiderli ýetirilip durulýar. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary kitap tekjelerini bezeýär. Işleri talabalaýyk ýola goýmak, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesillerde, okyjylarda kitap okamaklyga bolan höwesi has-da artdyrmak maksady bilen, işgärlerimiz tarapyndan degişli işler geçirilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda kitaphanaçylar bilen okuw sapaklary yzygiderli guralyp, özara tejribe alşylýar. Ylymly, bilimli, hünärli, watansöýüji, halal we edep-terbiýeli ýaşlaryň kemala gelmeginde ylym-bilim ojagy bolan kitaphananyň işini netijeli ýola goýmakda döwrebap, öňdebaryjy usullardan peýdalanýarys.

Ýaş alymlar — ýurduň nurana geljegi

Geçen hepdäniň şenbe güni Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Ýaş alymlar merkeziniň guramagynda tapgyrlaýyn alnyp baryljak wideomaslahatlaryň açylyşy boldy. Maslahat «Ykdysadyýetiň pudaklary üçin ylmy işgärleri we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda Ýaş alymlar geňeşleriniň orny» diýlip atlandyryldy. Türkmenistanda ykdysady we durmuş ösüşi babatda dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň tejribelerini ornaşdyrmak, düýpli ylmy esaslara daýanýan giň gerimli maksatnamalaryň hem-de meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek wideomaslahatyň esasy maksady bolup durýar. Şoňa görä, «Türkmenistanda ylmy ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilmeginde ýaş alymlaryň orny» diýen tema boýunça ilkinji maslahat Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirildi. Onda inžener, tehnolog hem-de ylmy işgärleriň täze neslini kemala getirmek, ýaşlary ylym we ýokary tehnologiýalar ulgamlaryna çekmek, jemgyýetiň ylym-bilim kuwwatyny ösdürmek meseleleri hakynda durlup geçildi.

Taryhymyz şöhratymyz-şanymyzdyr

Ber­ka­rar döw­le­tiň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­my­zyň äh­li ba­bat­da­ky ösüş­le­ri, öz­ge­riş­le­ri bü­tin dün­ýä ýaň sal­ýar. Ýur­du­myz­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler, ýe­til­ýän be­lent sep­git­ler şan­ly gel­je­gi na­zar­la­ýar. Döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki at ab­ra­ýy gün-gün­den art­ýar. Türk­me­nis­tan Ga­raş­syz­ly­gy­ny ala­nyn­dan soň, al­nyp ba­ryl­ýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­syn­da tä­ze de­re­je­le­re çyk­dy. Türk­me­niň me­de­ni­ýe­ti, ta­ry­hy, mil­li mi­ra­sy hal­ka­ra de­re­je­sin­de öw­re­nil­ýär we giň­den wa­gyz edil­ýär. Bu ba­bat­da bi­lim eda­ra­la­ryn­da hem giň ge­rim­li iş­ler ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri bi­len da­şa­ry ýurt­la­ryň baý­ry ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ara­syn­da yzy­gi­der­li wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly bir­nä­çe mas­la­hat­lar, söh­bet­deş­lik­ler ge­çi­ri­lip du­rul­ýar. Bu bol­sa mu­gal­lym­la­ryň tej­ri­be alyş­mak­la­ry­na, ta­lyp ýaş­la­ryň bol­sa, bi­lim­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek­le­ri­ne uly ýar­dam ber­ýär. Ýa­ňy-ýa­kyn­da bi­ziň bi­lim

Ylym — tükeniksiz hazyna

Her bir döwletiň ösüş depgini, halkyň ýaşaýyş derejesi, esasan, onuň ylym-bilim binýadynyň berkligine baglydyr. Hormatly Prezidentimiziň ylmy taglymatlary esasynda milli ylym-bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirmäge, ata-babalarymyzyň mirasyny dünýä ýaýmaga, olary geljekki nesillere ýetirmäge aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyz: «Ylymsyz durmuşyň manysy bolmaz», «Ylym yzygiderli öwrenilýän we özleşdirilýän baýlykdyr» diýip bellemek bilen, ýurdumyzyň innowasion ösüşinde ylmyň tutýan ornuny pugtalandyrmak, ylmy-gözleg işlerini amala aşyrmak, ylmy gözlegleriň gerimini giňeltmek, olaryň netijesini durmuşa ornaşdyrmak üçin ähli şertleri döredýär. Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň bilelikde guramaklarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Türkmenistanda ylmy ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilmeginde ýaş alymlaryň orny» atly wideomaslahat geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinden wekiller sanly aragatnaşyk arkaly gatnaşdy.

Ilkinji ylmy gözlegler ýaşlary ylym dünýäsiniň çuňluklaryna ruhlandyrýar

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik ylmyň ileri tutulýan 6 ugry boýunça geçirilýär: ► nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika;

Kitap köňül nagşydyr

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kitaphana ulgamynda täze bir döwre gadam goýuldy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde kitaphana hyzmatyny guramakda gazanylýan ösüşler we durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeler giň ýol aldy. Munuň üçin ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň işgärleri Gahryman Arkadagymyza bimöçber alkyşlaryny aýdýarlar. Okyjylar köpçüligine hyzmat etmek işini dünýä derejesine çykarmak, medeni we ruhy baýlygymyz bolan neşir önümlerini aýawly saklap, geljekki nesillere ýetirmek, neşirleriň wagyz edilişini kämil we döwrebap usullar bilen işjeňleşdirmek kitaphanaçylaryň iň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň biz —kitaphanaçylar hakynda edýän tagallalaryna jogap bermek üçin yhlas edýäris. Ilat arasynda wagyz-nesihat işlerini alyp barmakda, ýaşlaryň kalbyna milliligi, watançylyk we wepadarlyk ýaly mukaddes duýgulary ornaşdyrmakda kitaphanaçylaryň üstüne uly jogapkärli wezipe düşýär. Bu işiň abraý bilen hötdesinden gelmek üçin ýaşlara kitaby dost tutunmagy maslahat berýäris. Bize gelýän ýaşlar bilen kitaphanalaryň, kitaphanada ornaşdyrylan elektron kitaphana ulgamynyň hyzmatyndan peýdalanmagyň ýollary, özüne gerekli kitaplary aňsatlyk bilen tapmagyň usullaryny görkezýäris hem-de okyjylarymyzyň has hem köpelmegini

Oba hojalygynda sanly tehnologiýalar

Ýurdumyzda dünýäniň öňdebaryjy ylmy-tehnologiýalaryny öwrenmek, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygynda innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan zehinli, kämil hünärmenleri ýetişdirmek we bu pudakda alnyp barylýan işleri döwrebap ýola goýmak babatdaky tagallalary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Oba hojalyk pudagyna ornaşdyrylýan döwrebap tehnikalardan baş çykaryp hem-de önümçilikde ulanyp bilýän kämil hünärmenleri ýetişdirmekde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde talyp ýaşlarymyza berilýän döwrebap bilimleriň, okuw tejribeleriniň ähmiýetiniň ýokarydygyny bellemek has-da ýakymlydyr. Talyplarymyzyň halypa mugallymlaryň ýolbaşçylyk etmeginde alyp barýan ylmy işleri oba hojalyk pudagynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, innowasion tehnologiýalardan netijeli we oňyn peýdalanmagyň usullary bilen baglanyşyklydyr.

Kitap — egsilmez hazyna

Il arasynda: «Dünýäniň gapylary kitabyň üsti bilen açylýar» diýen ýörgünli aýtgy bar. Köp okamak, öz-özüňi kämilleşdirmek saňa dünýä gapylaryny giňden açmaga kömek edýär. Her gezek kitap barada söz açylanda, ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasy biygtyýar ýadyma düşýär. Onsoň serimde kitaby waraklap başlaýaryn. Eseriň wakalary ýuwaş-ýuwaşdan göz öňümde janlanýar. «Welmyrat aga gum içinde bir obada Magtymgulynyň goşgularyny agyr märekäniň uly höwes bilen diňläp, ondan lezzet alyp oturan pursadyna gabat gelýär. Ony özi-de diňläp, şahyryň öwüt-nesihatlaryna syny oturýar. Şol kitaby edinmegiň küýüne düşýär. Ahyrda-da ol maksadyna ýetýär. Bütin maşgalasynyň eklenç üçin gözüni dikip oturan guba düýesini Magtymgulynyň kitabyna çalyşýar». Kitapda beýan edilýän bu waka — durmuşyň bir pursady, kitabyň gymmatlydygynyň subutnamasy.

Ylym bagtyň gözbaşydyr

Ynsan üçin ylym we bilim bahasyz baýlyk, gymmatly hazynadyr. Şeýle baýlyga eýe bolan adamlar jemgyýetimize köp peýda getirmäge ukyplydyrlar. Hut şular ýaly başarjaň adamlaryň birleşen tagallalary netijesinde ýurdumyz düýpli ösüşlere we özgerişlere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz bu misilsiz hakykaty nygtamak bilen, ylmydyr bilimi ösdürmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwürýär we bu babatda möhüm resminamalary kabul edýär, giň gerimli maksatnamalary öňe sürýär. Dünýä nusgalyk işler Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we «Bilim hakynda» Kanunyna laýyklykda ýaýbaňlandyrylýar. Şonuň netijesinde bu ulgamyň maddy-tehniki binýady düýpli gowulandyrylýar, täze ylym we bilim ojaklary açylýar. Şu ýerde ýene bir zady nygtamak artykmaçlyk etmez. Ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek ýaly möhüm meselelere ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy şerti hökmünde garalmagy döwlet Baştutanymyzyň ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary hakynda çynlakaý alada edýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Sebäbi ata Watanymyzyň röwşen geljegi ýaşlaryň elindedir. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistany dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna goşmak ugrunda edýän tagallalary deňsiz-taýsyzdyr. Şeýle aladalaryň netijesinde ýurdumyz kosmos döwletine