Kitap köňül nagşydyr

2 Aprel 2021
2236

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kitaphana ulgamynda täze bir döwre gadam goýuldy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde kitaphana hyzmatyny guramakda gazanylýan ösüşler we durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeler giň ýol aldy. Munuň üçin ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň işgärleri Gahryman Arkadagymyza bimöçber alkyşlaryny aýdýarlar.

Okyjylar köpçüligine hyzmat etmek işini dünýä derejesine çykarmak, medeni we ruhy baýlygymyz bolan neşir önümlerini aýawly saklap, geljekki nesillere ýetirmek, neşirleriň wagyz edilişini kämil we döwrebap usullar bilen işjeňleşdirmek kitaphanaçylaryň iň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň biz —kitaphanaçylar hakynda edýän tagallalaryna jogap bermek üçin yhlas edýäris. Ilat arasynda wagyz-nesihat işlerini alyp barmakda, ýaşlaryň kalbyna milliligi, watançylyk we wepadarlyk ýaly mukaddes duýgulary ornaşdyrmakda kitaphanaçylaryň üstüne uly jogapkärli wezipe düşýär. Bu işiň abraý bilen hötdesinden gelmek üçin ýaşlara kitaby dost tutunmagy maslahat berýäris. Bize gelýän ýaşlar bilen kitaphanalaryň, kitaphanada ornaşdyrylan elektron kitaphana ulgamynyň hyzmatyndan peýdalanmagyň ýollary, özüne gerekli kitaplary aňsatlyk bilen tapmagyň usullaryny görkezýäris hem-de okyjylarymyzyň has hem köpelmegini gazanmaklyga çalyşýarys.

Gülnar AŞYROWA,
Türkmenbaşy şäheriniň merkezi kitaphanasynyň syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlar bölüminiň müdiri.