Ylmy tejribelere daýanyp

4 Maý 2021
2226

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ylym, bilim ulgamyny, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işini kämilleşdirmekde netijeli işler alnyp barylýar. Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň işiniň özgerdilip guralmagy, Tehnoparkyň gurlup ulanylmaga berilmegi, talyp ýaşlaryň ýokary okuw mekdeplerinde alýan bilimleri bilen bir hatarda, ylmy işlere çekilmegi bu ugurda örän möhüm işler boldy.

Talyp ýaşlaryň tejribeli mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda, ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda gurlan tejribehanalarda tejribe işlerini alyp barmaklary okuw-terbiýeçilik işiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Ýurdumyzda ylma, bilime giň ýol açylýandygynyň aýdyň alamatlarynyň biri-de ylmy we tejribe işleriniň netijeleriniň önümçilige ornaşdyrylýandygydyr. Häzirki döwürde talyp ýaşlarymyz ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen alnyp barylýan şähergurluşyk taslamalaryna, elektrik energiýasyny almagyň tebigy çeşmelerini ulanmagyň usullaryna bagyşlanan ylmy işlere, ýurdumyzy bagy-bossanlyga, gül-gülzarlyga öwürmäge bagyşlanan tohumçylyk-nahalhana işlerine öz işläp-taýýarlamalary bilen işjeň gatnaşýarlar.

Ýegenmyrat SÄHETMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.