Ylymlaryň gadymy mekany

3 Maý 2021
2222

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzy ösdürmekde ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi möhüm orun eýeleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň işiniň kämil derejede ýola goýulmagy üçin möhüm ähmiýetli tutumly işler üstünlikli durmuşa ornaşdyryldy. Dünýäniň ösen döwletleriniň taryhyna ser salanyňda hem olaryň şeýle derejä ýetmeginde döwrüň orta çykaran görnükli döwlet ýolbaşçylarynyň çuň paýhasa, ylma ýugrulan syýasatlarynyň sebäp bolandygyna göz ýetireniňde, hormatly Prezidentimize bolan buýsanjyň artýar.

Pederlerimiz hem ylym-bilim hakynda birgiden gyzyldan gymmatly pähimleri mundan ençeme asyrlar öň döredipdirler. «Bilene — hikmet, bilmedige — rowaýat», «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat» ýaly ençeme nakyllaryň döremegine taryhy döwürleriň durmuş hadysalarynyň sebäp bolandygy hemmämize mälimdir. Türkmeniň keramatly topragy taryhyň dürli döwürlerinde hem ylmyň pajarlap ösen zamanlaryny ýaşaýşa ençeme gezek peşgeş edip, dünýä siwilizasiýasynyň senenamasynda öçmejek ýazgy galdyran mekan. Häzirki wagtda parahatçylygyň we ygtybarlylygyň, howpsuzlygyň, ajaýyp ösüşleriň sebiti hökmünde giňden tanalýan Diýarymyz alymlaryň we ylymlaryň gadymy mekanydyr. Bu toprakda Orta asyrlarda hem Gündogaryň görnükli alymlary – Muhammet al Horezmi, Abu Aly ibn Sina, Nyzamyl Mülk, Abu Reýhan Biruny, Al Jürjany, As Samany, Mahmyt Kaşgarly, Muhammet Gazaly ýaly dünýä ylmynda şöhratly yz galdyran akyldarlar Nusaýda, Ürgençde, Merwde ýaşap, gyzyldan gymmatly eserleri ýazyp, ylmy açyşlary edipdirler. Häzirki wagtda olaryň döredip giden eserleri hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döwletimiz tarapyndan uly serişdeler goýberilip täzeden neşir edilýär, öwrenilýär.

Aýnur TUWAKOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.