Kitap — bilimiň çeşmesi

9 Aprel 2021
2814

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleriň döwrebap bilimli, ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmeklerinde kitaphana işiniň kämilleşdirilmegine hem möhüm orun degişlidir. Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «Galkynyş» kitap merkezi tarapyndan kitaphanalaryň, olaryň bölümçeleriniň we şahamçalarynyň kitaphana gorlarynyň üsti döwrebap kitaplar bilen yzygiderli ýetirilip durulýar. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary kitap tekjelerini bezeýär.

Işleri talabalaýyk ýola goýmak, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesillerde, okyjylarda kitap okamaklyga bolan höwesi has-da artdyrmak maksady bilen, işgärlerimiz tarapyndan degişli işler geçirilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda kitaphanaçylar bilen okuw sapaklary yzygiderli guralyp, özara tejribe alşylýar. Ylymly, bilimli, hünärli, watansöýüji, halal we edep-terbiýeli ýaşlaryň kemala gelmeginde ylym-bilim ojagy bolan kitaphananyň işini netijeli ýola goýmakda döwrebap, öňdebaryjy usullardan peýdalanýarys.

Gülnar NAZAROWA,
Serdar etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.