"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Yssy howada saglygyňy nädip durnukly saklamaly?

Şu gün­ler ýurdumyzyň äh­li se­bit­le­rin­de ys­sy ho­wa aky­my do­wam ed­ýär. Howanyň ys­sy gün­ler­inde sag­ly­gy­ňy dur­nuk­ly sak­la­mak esa­sy we­zi­pe bo­lup dur­ýar. Ho­wa­nyň çak­da­na­şa gyz­ma­gy adam be­de­nin­de dür­li näsaz­lyk­la­ryň ýü­ze çyk­ma­gy­na ge­tir­ýär. Gün­di­ziň jöw­za­ly ys­sy­syn­da ça­ga­la­ryň da­şar­da oý­na­mak­la­ry­na ýa-da ge­ze­lenç et­mek­le­ri­ne rug­sat ber­me­li däl. Ýaş ça­ga­nyň be­de­ni­ne ge­rek bo­lan D wi­ta­mi­ni al­mak üçin her gün ir­den sa­gat 09:00-a çen­li, ag­şam sa­gat 18:00-dan soň 15-20 mi­nut ge­ze­lenç et­mek ýe­ter­lik­dir. Gün şöh­le­si uly adam­lar üçin hem ze­rur­dyr. Be­den üçin ge­rek bo­lan Gün şöh­le­si ka­bul edil­me­se, adam­da keýp­siz­li­giň, uky­nyň bo­zul­ma­gy­nyň we ga­har­jaň­ly­gyň ýü­ze çyk­ma­gy­na ge­tir­ýär. Ýö­ne Gün şöh­le­si­niň do­wam­ly tä­si­ri­niň be­de­ne örän uly zy­ýan ýe­ti­rip bil­jek­di­gi­ni hem unut­ma­ly däl. Gün ur­ma­dan go­ran­mak üçin ak, açyk reňk­li egin-eşik­le­ri, ba­şy­ňa baş­gap geý­mek ýa-da ýag­lyk da­ňyn­mak, şeý­le-de gö­zü­ňe Gün şöh­le­sin­den go­raý­jy äý­nek­le­ri da­kyn­mak we be­den­dä­ki

Buz­luk­lar çalt ere­ýär

Soň­ky ýyl­lar­da ho­wa­nyň adat­da­ky­dan ma­ýyl bol­ma­gy ne­ti­je­sin­de buz­luk­la­ryň çä­gi­niň ki­çel­ýän­di­gi aý­dyl­ýar. Şeý­le ýer­le­riň bi­ri hem Nor­we­gi­ýa­nyň Swal­bard ada­sy­dyr. NA­SA ys­sy ho­wa­nyň ada­nyň ýü­zün­dä­ki buz­la­ryň ere­me­gi­ne se­bäp bo­lan­dy­gy­ny mä­lim et­di. 23-nji iýul­da ada­da has köp buz eräp­dir. De­mir­ga­zyk pol­ýu­sa ýa­kyn bo­lan ada­nyň Ýer ýü­zü­niň iň çalt gyz­ýan ýer­le­ri­niň bi­ri­di­gi bel­le­nil­di. Bu ada­lar Ýe­riň or­ta­ça maý­la­ma­gyn­dan 6 es­se çalt gyz­ýar. Bu ýer­de ak aýy­lar hem ýa­şap, baý te­bi­ga­ty bar.

Ýe­ne 13 ýyl­dan peý­da bo­lar

19-21-nji aw­gust ara­ly­gyn­da tä­sin ast­ro­no­mik ha­dy­sa bo­lup geç­di. Aý Ýe­re has ýa­kyn, uly we ýag­ty gö­rün­di. Ast­ro­nom­lar mun­dan soň­ra şeý­le ha­dy­sa­nyň 2037-nji ýy­lyň ýan­war aýyn­da bol­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Şeý­le ha­dy­sa­ny 1979-njy ýyl­da ast­ro­log Ri­çard Nol­le «Su­per Aý» di­ýip at­lan­dyr­ýar. Şeý­le ýag­daý do­lan Aýyň Ýe­re iň ýa­kyn bo­lan wag­ty ýü­ze çyk­ýar. Bu söz ast­ro­no­mik adal­ga bol­ma­sa-da, as­man gi­ňiş­li­gi­ne syn ed­ýän hö­wes­jeň­le­riň ara­syn­da ula­nyl­ýar. Şeý­le ýag­daý­da Aý adat­da­ky­dan 30 gö­te­rim uly bo­lup gö­rün­ýär.

Maýkl Jeksonyň rekordyny täzeledi

Ge­çen ýyl «Ti­me» žur­na­ly ta­ra­pyn­dan «Ýy­lyň ada­my» saý­la­nan hem-de soň­ky wagt­lar­da dün­ýä ýurt­la­ryn­da ber­ýän kon­sert­le­ri bi­len ta­nal­ýan Teý­lor Swift pop aý­dy­my­nyň şa­sy Maýkl Jek­so­na de­giş­li re­kor­dy tä­ze­le­di. Go­laý­da ýaş aý­dym­çy­nyň Lon­don­da­ky «Wemb­ley» sta­dio­nyn­da­ky kon­ser­ti­ne to­ma­şa et­mä­ge 92 müň adam ýyg­nan­dy. Swift tom­suň ba­şyn­dan bä­ri bu sta­di­on­da 8 ge­zek kon­sert ber­di. Şeý­le­lik­de, ol kon­sert ber­mek üçin ed­ýän sy­ýa­ha­ty­nyň çä­gin­de bu ýer­de iň köp çy­kyş eden aý­dym­çy bol­dy. Mun­dan ozal 1988-nji ýyl­da Maýkl Jek­son «Bad» at­ly kon­sert tu­ru­nyň çä­gin­de «Wemb­ley»-de 7 ge­zek kon­sert be­rip­dir. Swift mun­dan ozal hem bir­nä­çe re­kor­dy tä­ze­läp­di. Aý­dym­çy­nyň dün­ýä ýurt­la­ryn­da be­ren kon­sert­le­rin­den dö­re­di­len «Tay­lor Swift: The Eras To­ur» at­ly fil­mi 261,6 mil­li­on dol­lar kas­sa ýy­gy­my­ny ga­za­nyp­dy. Şeý­le­lik­de, bu film iň köp gir­de­ji ge­ti­ren do­ku­men­tal kon­sert bo­lup­dy. Maýkl Jek­so­nyň 2009-njy ýyl­da pro­ka­ta çy­kan «This Is It» at­ly kon­sert fil­mi 181,9 mil­li­on dol­lar gir­de­ji alyp­dy.

Dünýä bazaryna çykarar

«App­le» kom­pa­ni­ýa­sy Hin­dis­tan­da ön­dü­ri­len «iP­ho­ne Pro» we «Pro Max» mo­del­le­ri­ni dün­ýä ba­za­ry­na hö­dür­le­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Mun­dan ozal Hin­dis­tan­da ön­dü­ril­ýän «App­le» en­jam­la­ry di­ňe şu ýurt­da sa­tyl­ýar­dy. Ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy­nyň en­jam­la­ry­ny Taý­wa­nyň «Foxconn Techno­lo­gy Group» kom­pa­ni­ýa­sy ön­dür­ýär. «Foxconn» tä­ze en­jam­la­ryň gel­jek aý ta­nyş­dy­ryl­ma­gyn­dan bir­nä­çe hep­de­den soň­ra Hin­dis­tan­da dün­ýä ba­za­ry­na ni­ýet­le­nen en­jam­la­ryň önüm­çi­li­gi­ne gi­ri­şer. «iP­ho­ne 16 Pro» we «Pro Max» smart­fon­la­ry Hin­dis­ta­nyň Ta­mil Na­du şta­tyn­da­ky önüm­çi­lik des­ga­syn­da ön­dü­ri­ler. Mun­dan ozal «App­le»-iň di­ňe kä­bir en­jam­la­ry bu ýurt­da ön­dü­ril­ýär­di. Hin­dis­tan­da hal­ka­ra kom­pa­ni­ýa­la­ra be­ril­ýän ma­li­ýe gol­daw äh­li en­jam­la­ryň bu ýurt­da­ky za­wo­dyn­da ön­dü­ril­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­di.

Mekdep bazarlary halkymyzyň hyzmatynda

Jemgyýetimiziň ajaýyp keşbi

Türkmenistanda jemgyýetiň özgermegi we ösüşi hukuk pudagynda gazanylan möhüm üstünlikler bilen tapawutlanýar. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek ýaly möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegi milli hukuk medeniýetiniň kämilleşdirilmegine, oňa ýaşlaryň çuňňur aralaşmagyna baglydygyny köp ýyllaryň durmuş tejribesi subut etdi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasy adalatly ýörelgeleriň synmaz  sütünidir. Konstitusiýa goýulýan hormat jemgyýetiň hukuk medeniýetiniň ösüşine, kämilleşmegine öz täsirini ýetirýär. Hukuk medeniýeti hukuk bilimi we hukuk terbiýesi bilen deňeşdirilende,  giň düşünjedir. Ol uly bir medeni ulgamy, adamyň dünýägaraýşyny özünde jemläp, raýatlaryň jogapkärçilikli hereket etmegini göz öňünde tutýar we şahsyýetiň hukuk medeniýetini kemala getirmekde esasy mehanizmi bolan hukuk biliminiň hem-de hukuk tertibiniň netijesiniň görkezijisi hökmünde çykyş edýär.

Abadan durmuşyň kepili

Ykbalyny Watana bolan egsilmez söýgüsine kökerip, il-ulsy agzybirlige, jebislige çagyran akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly buýsanç bilen öwrenilýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary onuň diňe bir şahyr däl-de, beýik akyldardygyny hem subut edýär. Gahryman Arkadagymyz Pyragynyň ajaýyp şygyrlarynyň ähli nesiller üçin beýik taglymatdygyny nygtaýar. Halal zähmet çekip abraý gazanmak jemgyýetiň agzybirligi, sagdynlygy we asudalygy barada aladalar bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda raýatlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, öndürijilikli  zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Hereket edýän kanunçylyk namalaryna laýyklykda, raýatlaryň isleglerine görä hünär, kär we iş ýerlerini saýlap almak hem-de olaryň sagdyn hem howpsuz zähmet şertlerine bolan hukuklary kepillendirilýär.  Zähmet kanunçylygynda kesgitlenilýän hukuk kadalary döwletimiziň zähmet hukuk gatnaşyklarynyň esas goýujy ýörelgelerini özünde jemleýär. Raýatlaryň bu çygyrdaky hukuklaryny hem azatlyklaryny pugtalandyrýar.

Zähmet kanunçylygynyň ýörelgeleri

Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Zähmet endigini ele almadyk adam, edil elsiz-aýaksyz ýalydyr, ýönekeý ýagdaýlarda hem başyny çarap bilmän durandyr. Zandynda zähmet terbiýesi bolan adam hökman bir ugur tapar. Zähmet ugurtapyjylygy hem terbiýeleýär» diýip belleýär. Her bir adamyň zähmete bolan hukuklaryndan doly peýdalanyp bilmegi baradaky aladalar ýurdumyzyň hukuk resminamalarynyň esasy ýörelgeleridir. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyndaky döwrebap kadalar adamyň zähmet hukuklarynyň goragynyň döwlet tarapyndan kepillendirilýändigini görkezýär.

Zähmet soňy — rehnet

Her kim öz rysky üçin hereketde bolmalydyr. Bu hereketiň adyna zähmet diýilýändir. Adamy beýleki ýaradylan jandarlardan tapawutlandyrýan zat, onuň zähmetidir. Zähmet dermandyr. Ol üstünligiň ilkinji şertidir. Zähmetsiz hiç zat mümkin däldir. Eger «Beýik işleri amala aşyrmak üçin adama iň gerekli zat näme?» diýlip, sorag berilsedi, meniň jogabym «Zähmetsöýerlik» bolardy. Zehini, başarjaňlygy, yhlasy görmezlik mümkin, emma zähmeti görmezlik mümkin däldir. Zähmetsöýer adamy, onuň netijeliligi bilenem gözden sypdyrmak mümkin däldir. Müsür barada bilýän zadyňdan biri, hökmany suratda, Müsür piramidalary bolar. Sebäbi bu piramidalary gurmak üçin siňdirilen akyl-almaz zähmetdir. Hytaý barada bilýän zatlaryň biri, hökmany suratda, olaryň Beýik diwary bolar, sebäbi bu diwary gurmak üçin millionlarça adamyň zähmeti siňdi. Zähmetiň netijesini görmezlik mümkin däldir.

Kitaphana ulgamynda

Ýaş hünärmenler bäsleşdiler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan ýurdumyzyň kitaphana ulgamynda zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň arasynda «Magtymguly Pyragy — şygry paýhas ummany» atly bäsleşik yglan edildi.

Asudalygyň goragy bagtyýar geljegiň kepili

Golaýda Mary şäherindäki 21-nji çagalar bagynda TMÝG-niň şäher geňeşiniň, şäheriň polisiýa bölüminiň, welaýat baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda “Asudalygyň goragy bagtyýar geljegiň kepili” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä TMÝG-niň şäher geňeşiniň, şäheriň polisiýa bölüminiň, welaýat baş bilim müdirliginiň hem-de şäherimizdäki çagalar baglarynyň işgärleri gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresinde TMÝG-niň şäher geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni Akjeren Annadurdyýewa, şäher PB-niň PÝGB-niň wagyz-nesihat boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany Annamuhammet Hümmedow, welaýat baş bilim müdirliginiň hünärmeni, IÝG-niň başlygy Maksat Ýakubow we beýlekiler çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar ýaşamagy, okap bilim-terbiýe almaklary üçin döredilýän giň mümkinçilikler barada giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem gözel Diýarymyzda halkymyzyň asuda, parahat durmuşda ýaşamagy üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ägirt uly işleri dogrusynda belläp geçdiler.

Maslahat geçirildi

Belent sepgitlere tarap Ýakynda etrap häkimligi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşi hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Talhatan oba medeniýet öýünde “Belent sepgitlere tarap” ady bilen maslahat geçirdi. Oňa dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ildeşlerimiz gatnaşdylar.

Kämil geljegi gurmagyň ýoly

Ýakynda Baýramaly şäheriniň çägindäki Mary “Demirbetonönümleri” kärhanasynda şäher häkimliginiň, TZB-niň şäher bölüminiň, TMÝG-niň şäher geňeşiniň hem-de Mary “Demirbetonönümleri” kärhanasynyň bilelikde guramagynda “Halk Maslahaty — kämil geljegiň ýoly” atly maslahat geçirildi. Oňa şäherimizdäki edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen geçirilen maslahatda şäher häkimliginiň 1-nji derejeli hünärmeni, TZB-niň işjeň agzasy Ogulşirin Amangeldiýewa, TMÝG-niň şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Baýramgeldi Gaýypow, TMÝG-niň şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni, TZB-niň işjeň agzasy Aýsona Geldimyradowa we beýlekiler çykyş etdiler.

Ähli zat çagalar üçin

Golaýda paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynyň çäginde ýerleşýän açyk meýdançada «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy açyldy. Bu çärä dünýäniň 15-e golaý ýurdundan, ýagny Russiýadan, ABŞ-dan, Kanadadan, Germaniýadan, Portugaliýadan, Italiýadan, BAE-den, Türkiýeden, Singapurdan, Hytaýdan, Bahreýnden, Beýik Britaniýadan, Gyrgyzystandan, Gazagystandan çagalar harytlary we hyzmatlary pudagynda işleýän kompaniýalar gatnaşdylar. Sergä gelenlere ýaňy dünýä inen çagalardan başlap, ähli ýaşdaky çagalar üçin harytlaryň we hyzmatlaryň giň toplumyny görmäge mümkinçilik döredildi. Şol sanda ýurdumyzda öndürilýän meşhur «Röwşen aýakgaplary» hususy kärhanasy hem sergä gatnaşyp, öz önümlerini görkezdi. Myhmanlar bu kärhananyň diwarlygyndaky ýokary hilli materiallary we häzirki zaman tehnologiýalary ulanyp öndürilen çaga aýakgaplary, guşaklary we torbalary bilen tanyşdylar.

Ýangyndan ägä boluň!

Mähriban ildeşler! Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy sizi ýurdumyzda howanyň temperaturasynyň aşa gyzmagy sebäpli, gündelik durmuşda gerek bolan elektrik enjamlaryny talabalaýyk gurnamaga, ulanmaga we ýangyn howpsuzlygy düzgünlerini dürs berjaý etmäge çagyryp, şulary ýatladýar: Elektrik enjamlaryny gurnamak işi diňe şol ugurdan işleýän hünärmenler tarapyndan amala aşyrylyp, enjamlaryň iş ýagdaýlaryna yzygiderlilikde gözegçilik etmeli.

Parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sebit we ählumumy derejede köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleri bilen däp bolan gatnaşyklar nusgalyk häsiýete eýedir. Bu ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny medeni, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, taryhyň dowamynda emele gelen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 9-njy awgustynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astanada geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşyp, ol ýerde eden taryhy çykyşy sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga şertleri döretdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, ýokary derejedäki duşuşyklaryň bu formatyny döretmek başlangyjyny öňe süren Türkmenistan olaryň diňe maslahat beriş häsiýetine eýe bolmalydygyndan, syýasy gatnaşyklar üçin berk düzgünleşdiriji kadalardan, amallardan azat meýdança bolmalydygyndan ugur alýar. Şeýle çemeleşme hyzmatdaşlygymyzyň barşy barada has giňişleýin we dürs düşünje almaga, teklipleridir düzedişleri girizmäge, pikirleri beýan etmäge mümkinçilik berýär.

Adam hakynda alada — döwlet syýasatynyň möhüm ugry

Arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy hökmünde dünýä tanalan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halk bähbidine gönükdirilen beýik işler giň gerime eýe bolýar. Sentýabr aýynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi hem halk bähbitli durmuşa geçirilýän işleriň has-da dabaralanýandygyny ýene-de bir gezek subut eder. Halk Maslahaty — beýik işleriň, döwletli ýörelgeleriň badalgasy. Halkymyzda «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz» diýen pähim bar. Ata-babalarymyzyň geňeş etmek däbiniň häzirki taryhy eýýamda has-da rowaçlanmagy milli ýörelgelerimiziň dowamata atarylýandygyny alamatlandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň zähmet rugsady wagtynda «Arçman» şypahanasyna baryp, bu ýerde dynç alyşda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow bilen duşuşyp, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri bilen gyzyklanmagy bu edaranyň jemgyýetdäki ornuna möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Watana hyzmat etmegiň beýik nusgasy

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ýeten belent derejeleri taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Eziz Diýarymyzyň at-abraýy, şan-şöhraty dünýä ýaýylýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Diýarymyzda jemgyýetiň kadaly we durnukly ösüşiniň üpjün edilmegini gazanmak babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň çar künjüne uzaýan ýollaryň gurulmagy, ulanmaga berilýän zawoddyr fabrikleriň, mekdeplerdir çagalar baglarynyň, hassahanalardyr saglyk öýleriniň, sport mekdepleriniň  täze binalary, ýaşaýyş jaýlary we beýleki ymaratlar döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan oňyn özgertmeleriniň netijesinde halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Berkarar döwletiň buýsanjy ýaşlar

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 25-nji maýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi we «Biziň esasy wezipämiz ýokary bilimli, hakyky watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr» diýip, ýaş nesli terbiýelemegiň möhüm wezipeleri hakda aýratyn belledi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu Kanunyň maksady Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin has amatly hukuk şertlerini döretmek bilen baglanyşyklydyr. Bu Kanun ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrýar hem-de ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam berýär.