Ähli zat çagalar üçin

22 Awgust 2024
104

Golaýda paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynyň çäginde ýerleşýän açyk meýdançada «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy açyldy.

Bu çärä dünýäniň 15-e golaý ýurdundan, ýagny Russiýadan, ABŞ-dan, Kanadadan, Germaniýadan, Portugaliýadan, Italiýadan, BAE-den, Türkiýeden, Singapurdan, Hytaýdan, Bahreýnden, Beýik Britaniýadan, Gyrgyzystandan, Gazagystandan çagalar harytlary we hyzmatlary pudagynda işleýän kompaniýalar gatnaşdylar. Sergä gelenlere ýaňy dünýä inen çagalardan başlap, ähli ýaşdaky çagalar üçin harytlaryň we hyzmatlaryň giň toplumyny görmäge mümkinçilik döredildi. Şol sanda ýurdumyzda öndürilýän meşhur «Röwşen aýakgaplary» hususy kärhanasy hem sergä gatnaşyp, öz önümlerini görkezdi. Myhmanlar bu kärhananyň diwarlygyndaky ýokary hilli materiallary we häzirki zaman tehnologiýalary ulanyp öndürilen çaga aýakgaplary, guşaklary we torbalary bilen tanyşdylar.

Dünýägözel DADAÝEWA.
«Arkadag».