Zähmet kanunçylygynyň ýörelgeleri

22 Awgust 2024
103

Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Zähmet endigini ele almadyk adam, edil elsiz-aýaksyz ýalydyr, ýönekeý ýagdaýlarda hem başyny çarap bilmän durandyr. Zandynda zähmet terbiýesi bolan adam hökman bir ugur tapar. Zähmet ugurtapyjylygy hem terbiýeleýär» diýip belleýär.

Her bir adamyň zähmete bolan hukuklaryndan doly peýdalanyp bilmegi baradaky aladalar ýurdumyzyň hukuk resminamalarynyň esasy ýörelgeleridir. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyndaky döwrebap kadalar adamyň zähmet hukuklarynyň goragynyň döwlet tarapyndan kepillendirilýändigini görkezýär.

Jennet ALLANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.