Jemgyýetimiziň ajaýyp keşbi

22 Awgust 2024
104

Türkmenistanda jemgyýetiň özgermegi we ösüşi hukuk pudagynda gazanylan möhüm üstünlikler bilen tapawutlanýar. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek ýaly möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegi milli hukuk medeniýetiniň kämilleşdirilmegine, oňa ýaşlaryň çuňňur aralaşmagyna baglydygyny köp ýyllaryň durmuş tejribesi subut etdi.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasy adalatly ýörelgeleriň synmaz  sütünidir. Konstitusiýa goýulýan hormat jemgyýetiň hukuk medeniýetiniň ösüşine, kämilleşmegine öz täsirini ýetirýär. Hukuk medeniýeti hukuk bilimi we hukuk terbiýesi bilen deňeşdirilende,  giň düşünjedir. Ol uly bir medeni ulgamy, adamyň dünýägaraýşyny özünde jemläp, raýatlaryň jogapkärçilikli hereket etmegini göz öňünde tutýar we şahsyýetiň hukuk medeniýetini kemala getirmekde esasy mehanizmi bolan hukuk biliminiň hem-de hukuk tertibiniň netijesiniň görkezijisi hökmünde çykyş edýär.

Süleýman GURBANÝAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.