Ylym we bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, ony hil taýdan täze derejä çykarmak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şonuň üçin hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly meýilnamalary durmuşa geçirmäge ukyply ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen işlere, bilim edaralaryny okuw esbaplary, döwrebap okuw-tehniki enjamlary bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär.
Ylym we bilim islendik döwletiň we jemgyýetiň ösmeginiň, şol sanda ýurdumyzyň ykdysady, ylym-bilim kuwwatynyň pugtalandyrylmagynyň esasy hem-de möhüm şertidir. Şonuň üçin hem Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde hormatly Prezidentimiz häzirki täze okuw ýylyna taýýarlyk görülýän döwürde mekdep harytlarynyň söwdasyny guramak boýunça alnyp barylýan işler barada belläp, mekdep bazarlarynyň ýerleşdirilýän ýerleriniň alyjylar üçin amatly bolmalydygyna hem-de olarda harytlaryň bolçulygynyň üpjün edilmegi ugrunda ähli çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekýär.