"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Ýagşylykda ýatlanylýan mähriban enem

Şu günler Diýarymyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle dabaralaryň geçirilmegi Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda gaýratlylyk görkezen enem Oguljemal Jumanazar gyzy barada ýatlama ýazmagyma sebäp boldy. Şol pajygaly ýyllaryň şaýatlarynyň gürrüň bermegine görä, enem gazaply urşuň yzynda 3 ogly bilen ýalňyz galypdyr. Ol hiç bir işden gaça durmandyr. Buýrulan işi är gaýraty bilen ýerine ýetiripdir. Ekerançylyk ýerleriniň bir aýratyn bölegine ýolbaşçylyk edip, döwlet harmanyna köp mukdarda pagta tabşyrypdyr. Şol aldym-berdimli döwürde durmuş örän kyn bolsa-da, onuň çeken zähmeti göz öňünde tutulypdyr. Enem şol döwürlerde orden-medallaryň birnäçesi bilen sylaglanypdyr. Hudaýa şükür, nägehan uruş Ýeňiş bilen tamamlandy. Ýüregim bilen bir zady aýdasym gelýär. Enem Oguljemal uruşdan soňky parahatçylyk ýyllarynda-da ile kethudalyk etdi. Türkmen toýlarynda, hususan-da, gyzlar durmuşa çykanlarynda, enem şol gyzlaryň göwünlerini götermek üçin, şadyýan häsiýeti bilen köpçüligi güldürmegi, halk öleňlerini aýdyp bermegi il arasynda hormata mynasypdy. Şonuň üçinem oba arasynda enemi häli-häzirlerem ýagşylykda ýatlaýarlar.

Ajaýyp eseriň şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, asuda we agzybir türkmen jemgyýetinde ýaşlaryň durmuşda öz mynasyp ornuny tapmaklary üçin zerur şertler döredilendir. Çünki ylymly-bilimli ýaşlar ýurdumyzyň ýagty ertiridir. Bu hakykat hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji eserinde aýratyn çuňňur many-mazmuna eýe bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň durmuşynda möhüm ähmiýetli wakalar bilen şöhratlanan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ilkinji kitabyny halkymyza sowgat bermegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň öň ýanyndaky günleri guwanja, buýsanja besledi.

Ekoulgamyň möhüm çägi

Golaýda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň BMG-niň ýurdumyzda hereket edýän «Köp sanly bähbitler üçin Aral deňziniň sebitinde ýer serişdelerini, aýratyn ähmiýetli ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak» atly taslamasy bilen bilelikde guramagynda welaýat kitaphanasynda öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmak boýunça okuw maslahaty geçirildi. Oňa welaýatymyzyň oba hojalyk pudagyna degişli edara-kärhanalarynyň, maldarçylyk hojalyklarynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Maslahatda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň baş hünärmeni Şöhrat Mämmedow, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň direktory Pirli Kepbanow, şu institutyň ylmy işgärleri Serdar Rozyýew, Mihail Nikolaýew, BMG-niň taslamasynyň hünärmeni Gözel Atamyradowa, welaýatymyzdaky utgaşdyryjylary Akmyrat Gardaşow, Aýnabat Ataýewa, «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy Arazmyrat Amanow, «Ekodurmuş» ylmy-önümçilik birleşiginiň hünärmeni Kasym Jumaýew we beýlekiler çykyş etdiler.

Watan gahrymanlaryna buýsanç

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dabaraly bellenilýän şanly sene — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli, welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Bäsleşigiň welaýat tapgyry

Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Bilim ministrliginiň bilelikde yglan eden «Iň gowy haly gurnagy» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde, mekdepden daşary bilim edaralarynda hereket edýän haly gurnaklarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň bu tapgyry Daşoguz şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde geçirildi.

Hepdäniň habarlary

Baýramçylyga bagyşlanan maslahat Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat we şäher komitetleriniň hem-de şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli «Watan gahrymanlaryna baky şöhrat!» atly maslahat geçirildi.

Durmuş ýoly nusgalyk, sarpasy belent halypa

Durmuşda şeýle bir ynsanlar bolýar, olar il bähbidini öz bähbidinden ileri tutup, il-günüň aladasy bilen ýaşaýarlar. Özleriniň arassa, halal zähmeti bilen görüm-görelde bolup, halkyň hormatyny gazanmagy başarýarlar. Şeýle ynsanlaryň biri, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 90 ýaşy arka atyp, onunjy onlugyň gyrasyndan giren, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar gojasy, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Ruhabat geňeşliginiň ýaşaýjysy Soltanmyrat Seýitmyradowyň ömür we zähmet ýoly hemmeler üçin nusgalykdyr.

Suwda seresap bolmaly!

Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap dynç almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Jöwzaly yssy günleriň başlanmagy bilen, suwa düşülýän möwsümiň açylýandygyny-da bellemek gerek. Bu döwürde çagalar suwa düşenlerinde berjaý etmeli howpsuzlyk düzgünleri barada ýatladýarys. Ilki bilen, suwa ýörite bellenen, rugsat berlen, ýapgyt kenarly, çägesöw ýerlerde düşülse amatly bolar. Suwa düşülmezden öňürti gowy ýüzüp bilýänler suwa girip, howply zatlaryň ýokdugyna anyk göz ýetirmeli. Körpelere gaýyklaryň üstünden, kenarlardan, köprülerden suwa bökmegiň howpludygyny düşündirmeli. Nätanyş, öň barlanmadyk ýerlerde suwa düşmegiň gadagandygyny çagalara yzygiderli ýatladyp durmaly. Adatça, suwa düşmäge topar-topar bolup gelýän çagalar özleriniň topar ýolbaşçysynyň görkezmesi bilen rugsat berlen ýeri saýlap almalydyrlar. Şonda ýolbaşçy olara kenardan daşa ýüzmezligi, biri-birlerini gözden salmazlygy, akymyň garşysyna ýüzmezligi tabşyrmaly, suwa uzak wagtlap düşmegiň ysgyndan gaçyrýandygyny, gadagan edilen ýerlerde suwa düşmegiň kada laýyk gelmeýändigini düşündirmeli. Şeýle edilende garaşylmadyk hadysalar ýüze çykmaz we howply ýagdaýlaryň öňi alnar.

Akyldaryň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti

Milli ruhy-medeni gymmatlyklarymyzyň hazynasynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi aýratyn orny eýeleýär. Watana, halka bolan söýgi şahyryň islendik goşgusynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Akyldar şahyrymyz ýaşlaryň päk zähmete uýgunlaşmagynyň örän möhümdigini nygtaýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli orta mekdepleriň okuw meýilnamalarynda Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik ähmiýetli goşgularyny okap, many-mazmunyna çuň akyl ýetirmekleri üçin başlangyç synplardan başlap onuň ömür-döredijiligine bagyşlanan bäsleşikler, çeper okaýyşlar, aýdym-sazly agşamlar geçirilýär.

«Magtymguly Pyragy — umumadamzat paýhasynyň parlak ýyldyzy» atly döredijilik bäsleşigine

Döwürleriň, göwünleriň şahyry Şygryýet diýlende türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň keşbi göz öňüňde janlanýar. Magtymguly Pyragy döwürleriň, göwünleriň şahyry. Çünki tutuş Gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzyna öwrülen şahyryň şygryýet dünýäsi ynsan kalbyny nurlandyrýan, ýaşaýşa hyjuw, ahlakly durmuşa höwes döredýän pelsepewi ummandyr. Dürdäne pikirleri bilen ýürekleriň töründen orun alan Magtymguly Pyragynyň gözbaşy arassa çeşmäniň suwy deýin jana şypaly şygyrlar hazynasy ähli ynsany halal we ýagty durmuşa çagyrýan pelsepedir. Beýik söz ussadynyň döredijiliginiň dünýä ýurtlarynda öwrenilmegi türkmen edebiýatyna bolan belent hormatdan, şahyra bolan mizemez söýgüden nyşandyr. Sözüň beýik gudratyny goşgularyna siňdiren Magtymguly Pyragynyň döredijiligi halkyň kalbyna müdimi ornaşdy.

Merdanalygyň beýik nusgasy

Täze taryhy döwrümiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bir-biriniň üstüni ýetirýän şanly wakalary halkymyzyň toýly günleriniň hataryny artdyrýar. Tutuş adamzadyň taryhynda baky yz goýan, gerçeklerimiziň ata Watanyň her daban ýeri üçin şirin janyny orta goýup gazanan ýeňşiniň şanly sene bilen giňden dabaralandyrylmagy pederlerimiziň merdanalyk mekdebine mizemez hormatyň baky nusgasy bolup durýar. Ýeňiş güni tutuş adamzat tarapyndan parahatçylygyň hem watansöýüjiligiň baýramy hökmünde uludan toýlanylýar. Bu biziň berkarar Watanymyza hem mahsus bolup, 1418 gün dowam eden 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşe edermenlik mekdebini nusga goýan ildeşlerimiziň hem mynasyp goşantlary bar. Gazaply ýyllarda söweş meýdanlarynda batyrgaýlygyň, mertligiň, Watana wepalylygyň nusgasy bolup, şirin janyny orta goýup söweşen watandaşlarymyzyň yzynda galyp, tyl zähmetinde nusgalyk işleri bilen Ýeňşiň gazanylmagyna mynasyp goşant goşan gyz-gelinleriň, uly ýaşly adamlaryň, ýetginjekleriň edermenligi bu günki gün ösüp barýan ýaş nesle görelde mekdebi bolup durýar.

Ojagyň öçmez alawy

Köneürgenç etrabynyň Galkynyş geňeşliginde ýaşaýan Ýaňyl Taganowa 1934-nji ýylda Boldumsaz etrabynyň Guýanagyz geňeşliginde dogulýar. Onuň çagalyk döwri aldym-berdimli uruş ýyllaryna gabat gelýär. Ýaňyl ene: «Ol ýyllar iň agyr, iň kyn ýyllardy. Obada diňe aýal-ebtatlar, garrylardyr çagalar galypdy. Öý-öwzaryň, üstesine-de, kolhozyň garamaty hem şolaryň egnindedi. Men şol mahallar gulpagym örüme-de ýetmedik gyzjagaz bolsam hem, bir bölek çörek tapmagyň aladasy bilen ýaşaýardym. Emma ýeňşe bolan ynam ýaşaýşa umyt bagyşlaýardy» diýip, çagalyk döwrüni ýatlaýar. Kalplara ganat bitiren ýeňiş habary adamzadyň dünýäsine bahar hoştaplygy bolup kükräp geldi. Il-günüň toýly günlere ýüzi düşdi, toýlar-toýa ulaşyp ugrady.

Gahryman esgeriň edermenlik ýoly

Beýik Watançylyk urşunyň edermeni, halkymyz we Watanymyz üçin janyny gaýgyrman söweşen Annagylyç Ataýew gahrymançylygy, mertligi, durnuklylygy bilen söweşiň taryhynda öçmejek yz galdyrdy. Ol Rostow oblastyny azat etmek ugrundaky söweşde uly gahrymançylyk görkezdi. Annagylyç Ataýew 1912-nji ýylda Tagta raýonynyň (häzirki Görogly etrabynyň) Bedirkent obasynda eneden bolýar. Ol obada ýediýyllyk mekdebi, soňra Çärjewiň tehnikumyny gutarýar. 1934-nji ýylda goşun gullugyna alynýar. Soňra şol ýerde harby uçilişäni tamamlaýar. Annagylyç Ataýew harby gullukdan gaýdyp gelensoň, mugallymçylyk edip başlaýar. Urşa gitmeziniň öň ýanynda Osoawiahimiň oblast sowetinde işleýär. Urşuň başlanmagy bilen, Watan goragyna gidýär. Söweşiň ilkinji günlerinden başlap, özüniň batyrlygyny, mertligini, başarjaňlygyny görkezýär. 97-nji türkmen atly diwiziýasynyň 298-nji polkunyň 1-nji eskadronynyň leýtenanty Annagylyç Ataýew buýruk boýunça öz wzwody bilen Belaýa Kalitwanyň golaýynda ýerleşen Bezymýannaýa belentligini eýeleýär. Leýtenant Ataýewiň ýolbaşçylyk edýän 30 esgeriniň üstüne faşistleriň ençeme goşuny dökülýär. Olar iki günüň dowamynda duşmanyň 7 hüjümini yzyna gaýtaryp, duşmana uly zyýan ýetirýär. Bu bolsa Annagylyç Ataýewiň duşmanyň sanynyň köp bolandygyna ga

Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy

Mertleriň nusgalyk ýoly 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň tamamlananyna 79 ýyl geçse-de, beýleki halklar bilen birlikde, türkmen halky hem agyr ýitgisini gam-gussa bilen ýatlaýar. Agyr jeňde duşmana garşy mertlerçe söweşen gerçekler indi gojalyga ýetişip, olaryň hatary ýylsaýyn selçeňleýär. Müňlerçe gyzyl ýüzli gaýduwsyz türkmen ýigitleri alys ülkelerde mazar bolup galsalar, müňlerçesi jeňden maýyp bolup geldiler. Uruşdan ýeňiş bilen dolanyp gelen weteranlarymyz Mary etrabynyň ýaşaýjysy, 107 ýaşly Aýdogdy Amadyýew, Ýolöten şäheriniň ýaşaýjysy, 98 ýaşly Şami Abdyýew, Tagtabazar etrabynyň ýaşaýjysy, 99 ýaşly Aşyr Öwezdurdy Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygyny uly şatlyk bilen garşylaýarlar. Sylag-sarpalary belent goja esgerlere Ýeňiş güni mynasybetli baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar.

Toý lybasyn geýen Diýar ak ýollarda bagta barýar

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe baýar. Diýarymyzyň daşary we içeri syýasatynda uly öňegidişliklere eýe bolunýar. Ähli ulgamlar boýunça belent sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, olar bilen oňyn hyzmatdaşlyklaryň ýola goýulmagy hem giň gerime eýe bolýar. Ähli ulgamlarda ösüş-özgerişlere eýe bolmagyň özi bolsa, halkymyzyň bagtyýar durmuşyna, abadan ýaşaýyşyna, röwşen geljegine bolan ynamydyr. Şu günki beýik ösüşleriň geljegimize şugla saçmagy göwünleri ganatlandyrýar. Ösüş hiç wagt öz-özünden döremän, oňa içerki we daşarky oňyn täsirlerden başga-da, durnukly binýat, daýanç sütüni, geljegiň gözýetimini salgy berýän çelgi gerek. Diňe maksada okgunly we bilimli adamlar her bir işe döredijilikli çemeleşip, islendik meseläni batyrgaý, bähbitli çözmegi başarýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze döwletlilik taglymaty, çuňňur oýlanyşykly täzeçillik syýasaty, maksatlarynyň aýdyňlygy ýeňişli ýolumyza badalga bolýar.

Taryhda yz goýan türkmen zenanlary

Baý geçmiş taryha eýe bolan halkymyz dürli döwürlerde ata Watanyň şan-şöhratyny belende galdyrýan tutumly işleri bilen tanalypdyr. Adalatlylyk, agzybirlik ýaly demokratik däplerden ugur alýan halkymyz zenanlara uly sarpa goýupdyr. Türkmen taryhynyň şöhratly sahypalarynda türkmen zenanlarynyň birnäçesiniň adynyň uly buýsanç bilen tutulýandygyny bellemek gerek. Dünýä şöhratly taryhy bilen ýaň salan gadymy Gürgençde Törebeg hanymyň ady taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylandyr. Beýik türkmen zenanyň hormatyna gurlan kümmet häzirki wagtda hem özüniň binagärlik aýratynlyklary bilen dünýä jemgyýetçiligini haýrana goýýar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen gadymy Köneürgenç şäherinde ýerleşýän binagärlik ýadygärliginiň bina edilişi hakyndaky täsirli rowaýatlar hem halk arasynda giňden meşhurdyr.

Medeni habarlar

Täsirli gezelenç Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşi we Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebi mekdebiň mugallymlarynyň, talyplarynyň gatnaşmagynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç gurady. «Muzeýler — taryhy gymmatlyklarymyzyň hazynasy» atly çäräniň esasy maksady mugallymçylyk mekdebinde «Başlangyç synplarda türkmen dilini okatmagyň usulyýeti» diýen ders boýunça okuw sapaklarynda sapakdan daşary okuwy guramagyň, geçirmegiň ähmiýetini talyplara öwretmekden, talyplary hünär ugurlary boýunça taýýarlamakdan, kämilleşdirmekden ybarat boldy.

Üns beriň, bäsleşik!

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde geçiriljek «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşiginiň düzgünnamasy I. Umumy düzgünler

Jemgyýetiň hukuk esaslaryny kämilleşdirmegiň binýady

Ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan durnukly ösdürmekde adam hukuklarynyň üpjün edilmegine iňňän möhüm orun degişlidir. Jemgyýetiň ösüşi demokratik ýörelgeler, adam hukuklaryny giňeltmek we onuň mazmunyny baýlaşdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Döwletimiz şahsyýetiň erkin ösmegi üçin ähli şertleri döretmek bilen, dünýäde özüni demokratik jemgyýeti ösdürýän döwlet hökmünde tanatdy. Ýurdumyzyň Konstitusiýasy şu esaslarda yzygiderli kämilleşdirilýär. Biziň Esasy Kanunymyz döwletliligiň, ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini nazara almak bilen, jemgyýetiň kadalaşdyryjy hukuk esaslaryny kämilleşdirmegiň ygtybarly binýadydyr. «Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyz, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebediliginiň nyşanyna öwrülen Döwlet baýdagymyz biziň geçmişimiziň, häzirki döwrümiziň, geljegimiziň beýikdigini, şöhratlydygyny alamatlandyrýan milli mukaddesliklerimizdir» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hukuk we dünýewi döwleti, adalatly raýat jemgyýetini gurup, düýpli ykdysady özgertmeleri amala aşyrýarys, tutumly işle

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Raýat jemgyýetimiziň ösüşleri Soňky ýyllarda raýat jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakda netijeli işler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu aýdýanlarymyza Garaşsyz döwletimizde üstünlikli amala aşyrylan konstitusion özgertmeler, kabul edilýän döwrebap kanunlar doly şaýatlyk edýär.