Durmuş ýoly nusgalyk, sarpasy belent halypa

8 Maý 2024
564

Durmuşda şeýle bir ynsanlar bolýar, olar il bähbidini öz bähbidinden ileri tutup, il-günüň aladasy bilen ýaşaýarlar. Özleriniň arassa, halal zähmeti bilen görüm-görelde bolup, halkyň hormatyny gazanmagy başarýarlar.

Şeýle ynsanlaryň biri, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 90 ýaşy arka atyp, onunjy onlugyň gyrasyndan giren, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar gojasy, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Ruhabat geňeşliginiň ýaşaýjysy Soltanmyrat Seýitmyradowyň ömür we zähmet ýoly hemmeler üçin nusgalykdyr.

Annageldi ÝAZBERDIÝEW,
zähmet weterany.