Ajaýyp eseriň şuglasy

8 Maý 2024
420

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, asuda we agzybir türkmen jemgyýetinde ýaşlaryň durmuşda öz mynasyp ornuny tapmaklary üçin zerur şertler döredilendir. Çünki ylymly-bilimli ýaşlar ýurdumyzyň ýagty ertiridir. Bu hakykat hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji eserinde aýratyn çuňňur many-mazmuna eýe bolýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň durmuşynda möhüm ähmiýetli wakalar bilen şöhratlanan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ilkinji kitabyny halkymyza sowgat bermegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň öň ýanyndaky günleri guwanja, buýsanja besledi.

Goçmyrat HOJAÝEW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň welaýat boýunça iş ýöredijisi.