Taryhda yz goýan türkmen zenanlary

8 Maý 2024
294

Baý geçmiş taryha eýe bolan halkymyz dürli döwürlerde ata Watanyň şan-şöhratyny belende galdyrýan tutumly işleri bilen tanalypdyr. Adalatlylyk, agzybirlik ýaly demokratik däplerden ugur alýan halkymyz zenanlara uly sarpa goýupdyr. Türkmen taryhynyň şöhratly sahypalarynda türkmen zenanlarynyň birnäçesiniň adynyň uly buýsanç bilen tutulýandygyny bellemek gerek.

Dünýä şöhratly taryhy bilen ýaň salan gadymy Gürgençde Törebeg hanymyň ady taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylandyr. Beýik türkmen zenanyň hormatyna gurlan kümmet häzirki wagtda hem özüniň binagärlik aýratynlyklary bilen dünýä jemgyýetçiligini haýrana goýýar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen gadymy Köneürgenç şäherinde ýerleşýän binagärlik ýadygärliginiň bina edilişi hakyndaky täsirli rowaýatlar hem halk arasynda giňden meşhurdyr.

Ýusup METIKOW,
TOHI-niň mugallymy.