Suwda seresap bolmaly!

8 Maý 2024
370

Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap dynç almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Jöwzaly yssy günleriň başlanmagy bilen, suwa düşülýän möwsümiň açylýandygyny-da bellemek gerek. Bu döwürde çagalar suwa düşenlerinde berjaý etmeli howpsuzlyk düzgünleri barada ýatladýarys. Ilki bilen, suwa ýörite bellenen, rugsat berlen, ýapgyt kenarly, çägesöw ýerlerde düşülse amatly bolar. Suwa düşülmezden öňürti gowy ýüzüp bilýänler suwa girip, howply zatlaryň ýokdugyna anyk göz ýetirmeli. Körpelere gaýyklaryň üstünden, kenarlardan, köprülerden suwa bökmegiň howpludygyny düşündirmeli.

Nätanyş, öň barlanmadyk ýerlerde suwa düşmegiň gadagandygyny çagalara yzygiderli ýatladyp durmaly. Adatça, suwa düşmäge topar-topar bolup gelýän çagalar özleriniň topar ýolbaşçysynyň görkezmesi bilen rugsat berlen ýeri saýlap almalydyrlar. Şonda ýolbaşçy olara kenardan daşa ýüzmezligi, biri-birlerini gözden salmazlygy, akymyň garşysyna ýüzmezligi tabşyrmaly, suwa uzak wagtlap düşmegiň ysgyndan gaçyrýandygyny, gadagan edilen ýerlerde suwa düşmegiň kada laýyk gelmeýändigini düşündirmeli. Şeýle edilende garaşylmadyk hadysalar ýüze çykmaz we howply ýagdaýlaryň öňi alnar.

Röwşen DEREŞEW,
welaýat Suwda halas ediş müdirliginiň başlygynyň orunbasary.