"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Ça­ga­la­ryň sag­ly­gy – döw­le­tiň gym­mat­ly baý­ly­gy

8-nji maýda Bäherden etrabynyň hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi. Ga­ny ekst­ra­kor­po­ral usul­da aras­sa­la­mak üçin ni­ýet­le­nen bu döw­re­bap luk­man­çy­lyk en­ja­my do­wam­ly böw­rek ýet­mez­çi­li­gi ke­se­lin­den ejir çek­ýän nä­sag­la­ry has ne­ti­je­li be­jer­mä­ge, şu­nuň esa­syn­da ola­ryň ýa­şaý­şy­ny go­wu­landyr­ma­ga, öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny art­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär.

Be­ýik Ýeň­şiň şan­ly da­ba­ra­la­ry

1941 – 1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da ga­za­ny­lan Ýeň­şiň baý­ram edil­me­gi her bir türk­men ra­ýa­ty üçin şat­lyk­ly wa­ka­dyr. Ikin­ji Ja­han ur­şu­nyň al­dym-ber­dim­li sö­weş­le­rin­de beý­le­ki mil­let­ler bi­len bir ha­tar­da, türk­men ýi­git­le­ri hem hal­ky­my­za mah­sus bo­lan mert­lik, gaý­duw­syz­lyk bi­len sö­we­şip, gah­ry­man­çy­ly­gyň be­lent nus­ga­sy­ny gör­kez­di­ler. Ola­ryň gah­ry­man­çy­lyk­la­ry ýur­du­my­za ab­raý, de­re­je, mer­te­be ge­ti­ren mert­lik­­den ny­şan­dyr. Hut şo­nuň üçin hem bu uruş­da gör­ke­zi­len gah­ry­man­çy­lyk, eder­men­lik mil­le­tiň ha­ky­da­syn­da ba­ky orun tut­dy. Paý­tag­ty­my­zyň gö­zel kün­jek­le­ri­niň bi­rin­de «Halk ha­ky­da­sy» ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my­nyň bi­na edil­me­gi, ol ýer­de «ba­ky oduň» alaw­lap dur­ma­gy, ýur­du­myz­da uruş we­te­ran­la­ry ha­kyn­da döw­let de­re­je­sin­de yzy­gi­der­li ala­da edil­me­gi, ola­ryň pen­si­ýa­la­ry­nyň do­wam­ly kö­pel­dil­me­gi, ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­le­ri­niň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy bi­ziň ýur­du­myz­da Wa­tan ger­çek­le­ri­ne be­ril­ýän üns-ala­da­nyň döw­let de­re­je­sin­de

Rowaçlygyň hem agzybirligiň nyşany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz Türkmenistan özüniň iň täze taryhynda ozal hiç mahal ýetilmedik belentliklere ýeten kuwwatly ülkä öwrüldi. Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, türkmen jemgyýetiniň mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrylmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

Parahat durmuşyň goragçylarynyň hormatyna dabaralar

Aşgabat, 9-njy maý (TDH). Şu gün ýurdumyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy dabaraly bellenildi. Häzirki nesilleriň parahat ýaşamaklary, olaryň bagtyýar geljegi ugrunda janyny gurban eden ata-babalarymyzyň öňünde baş egýäris. Adamzadyň taryhyndaky iň ýowuz urşuň ýalynly ýyllarynyň uzak geçmişde galandygyna garamazdan, onuň pajygaly wakalaryny, ýüreklerde galdyran ýaralaryny ýatdan çykarmak mümkin däl. Halkymyzyň merdana ogullarynyň müňlerçesi elhenç söweşlerde janyny orta goýdular. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda görkezen edermenlikleri üçin ildeşlerimiziň ýüzden gowragy Gahryman diýen belent ada mynasyp boldy.

«Güneşli hem rahat günleň hakyna...»

Bize etmeli işleri we ýagşylyklary ýöriteläp öwretseler, etmesiz zatlardyr ýamanlyklar bilen durmuş we hakyda sataşdyrýar. Olary görmän-duýman, gizläp-ýaşyryp bolanok, her halatda ýagşy-ýamanyň parhyny we serhedini özüň seljermeli. Süýji ömri goramak, amanady abat saklamak üçin agyryly sanjymlary we agzymyzy ajadýan dermanlary kabul edişimiz ýaly, indi dolanyp sataşmazlyk üçin, durmuşyň iň agyr synaglaryny, iň ýowuz sapaklaryny ýatlamaly, öwrenmeli bolýarys. Dünýäniň bir böleginde «Ikinji jahan urşy», beýlekisinde «Beýik Watançylyk urşy» diýlip atlandyrylýan ýigriminji asyryň iň eýmenç wakasy hem ynsanyň Ýer ýüzünde ýaşap ýörse ýatlamaly we berk sapak edinmeli wakasy.

Weteranlar — halkyň guwanjy

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Daşoguz welaýat, Boldumsaz etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri uruş weteranlarynyň öýlerine baryp, asyrlyk ýaşa gadam goýan ýaşulularyň toý şatlygyny goşalandyrdylar. Olara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan pul sylaglary hem-de gymmat bahaly baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Häzir welaýat boýunça bar bolan uruş weteranlarynyň ikisi hem Boldumsaz etrabynda ýaşaýar. Şatlykly pursatlara beslenen toý çäresi, ilki bilen, gubadagly uruş weterany Köşek Soltanmyradowyň döwletli ojagyndan başlandy. Onuň bag-bakja bürenen belent başly öýüniň iç-daşy toý görnüşleri bilen bezenip-beslendi. Bu ojakda dutar-gyjak çalyndy, halypa bagşylaryň hoş owazy belentden ýaňlandy. Köşek Soltanmyradow üçin şu günleriň üýtgeşik gadyr-gymmaty, göwnüni ýagtyldýan şatlygy bar. Ol gutlagly gelenleri mähir bilen garşy alyp, toý saçagynyň başynda oturtdy, hoşallyk sözlerini aýtdy. Ömürboýy sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarlylyk bilen eýerip gelýän weteran bu baýram gününde gujurlanyp, has daýanan ýaly boldy. Köşek aganyň uruşdan soňky ykbaly hukuk goraýjy edaralar bilen baglanyşykly. Ol bu gullukl

Ýada salyň, baş egiň!

Düýn paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we welaýatlarda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenilýän Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygyna bagyşlanyp dabaraly çäreler geçirildi. Olara uruş weteranlary, dürli ýaşly ildeşlerimiz gatnaşdylar. Baýramçylyk mynasybetli weteranlara döwlet Baştutanymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň çägi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli guralýan dabaralaryň merkezine öwrüldi. Bu ýerde edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül goýmak çäresi şanly wakalary many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrdy. Änew şäheriniň merkezi seýilgähinde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan ildeşlerimiziň hatyrasyna dikilen ýadygärlige gül goýmak dabarasy welaýatdaky çäreleriň başyny başlady. Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Şeýle dabaralar Balkanabat şäherindäki, Daşoguz welaýat merkezindäki belent başly, ak lybasly binalar toplumynyň jümmüşindäki, Türkmenabadyň «Bitaraplyk» seýilgähindäki, Mary welaýat merkezindäki «Baky ot» ý

Akyldar şahyry sarpalap

Bu günki gün Magtymguly Pyragynyň döredijiligini töwerekleýin öwrenmäge hem-de onuň çuň mazmunly şygyrlaryny halkara jemgyýetçilige ýaýmaga döwlet tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýär. Şahyryň belent joşguna, çuň ylhama ýugrulan goşgularynyň agramly bölegi ynsanlaryň ahlak terbiýesine, ylymly-bilimli bolmagyna bagyşlanypdyr. Şoňa görä-de, akyldaryň döredijiligi her bir ata-ene, mugallymdyr terbiýeçi üçin gymmatly edep hazynasydyr. Onuň döredijiligi bilen daşary ýurt alymlary-da ir döwürlerden bäri gyzyklanyp gelýär. Magtymgulynyň eserlerini içgin öwrenen Arminiý Wamberi Günbataryň hem Gündogaryň medeniýetine belet alym, Merkezi Aziýa halklarynyň durmuşyny öz gözi bilen gören syýahatçy hökmünde şahyryň şygyrlarynyň dünýä edebiýatynda uly ornunyň bardygyny nygtaýar. «Ruslary Puşkinsiz, Tolstoýsyz göz öňüne getirmek mümkin bolmaýşy ýaly, türkmenlerem Magtymgulusyz göz öňüne getirmek kyndyr. Ol türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň iň ýokary derejede ýüze çykmasydyr» diýip, rus ýazyjysy Ýuriý Surowsew belleýär. Akyldaryň döredijiligi barada bu aýdylanlar onuň edebi mirasynyň gymmatyny has-da artdyrýar. Bular barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň sergi

Aşgabat şäheriniň gününe

Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň taryhyndan hem şu gününden 1881-nji ýylda gadymy galaly Ashabatda harby serhet berkitmesi döredilipdir we şäher Zakaspiý oblastynyň dolandyryş merkezine öwrülipdir. 1919 — 1927-nji ýyllarda bolsa şäheriň ady Poltaraskiý diýlip atlandyrylypdyr. 1924-nji ýylda Türkmenistan SSR-niň paýtagty derejesine eýe bolupdyr. 1927-nji ýylda bolsa oňa «Aşgabat» diýen milli at berlipdir.

Gujagynda ýazlar güllän...

Her gezek şeýle bolýar, gül-gülälekli sähra çyksaň, daş-töweregiňi gurşap alan gyrmyzy, sary, al-ýaşyl gülleri ýekän-ýekän sypalap ezizläberesiň gelýär. Göýä ol güllerem saňa näz edýän ýaly görküni güjeňläp, ülpüldäp oturandyr. Emma olary eliňi uzadyp, ne ýolup bilersiň, ne-de gözelliginden ganyp. Hawa, ol baharyň gujagyndaky güller däl-de, öýüňdäki bahar-ýazy ýatladyp duran gözel halylaryň goýnundaky elwan bägüller hakynda şeýledir. Olar gyş-u-ýazyn seniň öý-ojagyňa hem-de ýüregiňe, kalbyňa gözellik paýlap ýörendir. Türkmen topragynda düşleýän baharyň asla sowulmazlygyny islän ene-mamalarymyz ony nepis türkmen halylarynyň süňňüne siňdiripdirler. Bu gün bahar türkmen halylarynyň gujagynda müdimilik ýer alyp, türkmen kalbyna öwrüldi. Türkmen halylary baharyň sungata siňen keşbi, gözelligiň ýoýulmajak nusgasydyr.

Astrahanda geçen bäsleşik

Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiň 8-9-njy synp okuwçylarynyň arasynda yglan edilen düzme ýazmak bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň başlangyjy esasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» at bilen guraldy. Astrahanyň Priwolžsk etrabynyň Funtowa obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiň okuwçylary bäsleşikde özleriniň ukyp-başarnyklaryny, ýiti zehinlerini görkezdiler. Olar işlerine döredijilikli çemeleşip, türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ömür beýanyny, döredijilik aýratynlyklaryny, öňe sürýän taglymatlaryny çuňňur beýan etmegi, giňişleýin açyp görkezmegi başardylar. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, aýratyn tapawutlanan zehinli okuwçylar ýeňiji diýlip kesgitlenildi. Olara Diplomlar, hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Biz hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» at bilen geçen düzme ýazmak bäsleşiginde ýeňiji bolan zehinli okuwçylaryň ýürek sözlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Zehinli okuwçylarymyz halkara giňişliginde

Heniz ýaşlygyna garamazdan, halkara giňişliginde öz ukyp-başarnyklaryny ykrar etdirip, türkmeniň ýaşyl Tuguny parladýan ýiti zehinli ýaş nesillerimiz barmak büküp sanardan juda kän. Žurnalymyzyň şu sanynda hem şeýle ýaş nesilleriň birnäçesi hakyndaky gyzykly maglumatlary size ýetirýäris. Sanlar dünýäsiniň perwanasy

Galpaklyja balalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyň asyry» atly bäsleşigine Türkmen halkynda kiçijik çagalaryň ýakym-ýaraşygy bolan mymyjak galpaklaryny gyrkmak däbi bar. Çaganyň ilkinji saçyny almak, aýyrmak maşgala dabarasy hökmünde geçirilipdir. Bu dabara «Gulpak toýy» ýa-da «Galpak toýy» diýlip atlandyrylyp, çaga bir ýaşynda saçy syrylyp aýrylypdyr.

Oýlan, pikirlen!

Krossword Mähriban çagalar, nakyllardan galdyrylan sözleri krossworda dogry ýerleşdirseňiz, reňkli dik sütünde bir şahyryň adyny okarsyňyz.

Çaga gürrüňlerinden

Bir gün Gök gübürdäp, ýyldyrym çakýar. Nämäniň nämedigine akyl ýetirip bilmedik Merdanjyk atylyp öýlerine girýär. — Hä, balam, Gök gübürdäp, ýyldyrym çakýar-a, heý, ondanam gorkarlarmy?

Ynanç haty

Türkmenistanyň döwlet we hukuk esaslary ynsanperwerlige, demokratiýa, milli aň-düşünjelilige hem-de adamlaryň biri-birine hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Ýurdumyzda kabul edilýän we hereket edýän kanunlar bolsa gönüden-göni raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramaga gönükdirilendir.  Ýurdumyzda hereket edýän «Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 75-nji maddasynyň 2-nji, 3-nji bentlerinde beýan edilişi ýaly, Ynanç haty üç ýyldan köp bolmadyk möhlete berlip bilner. Eger Ynanç hatynda möhlet görkezilmedik bolsa, ol notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar tarapyndan tassyklanylan wagtyndan başlap, bir ýylyň dowamynda güýjüni saklaýar. Ynanç hatynda onuň notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar tarapyndan tassyklanan senesi görkezilmedik bolsa, ol hakyky däldir. Bellenilen kadalar ýurdumyzda her bir raýatyň hukuklarynyň döwletimiz tarapyndan ygtybarly goralýandygynyň subutnamasydyr.

Watana söýgi — merdanalygyň ýoly

Taryhymyzy şöhratlandyran merdanalar nesillerimiz üçin nusgalyk ýoly döreden kämil şahsyýetlerdir. Türkmeniň şeýle mert gerçekleri sanardan kändir. Watanyň merdana perzendi Berdimuhamet Annaýew hem şeýle şahsyýetleriň biridir. Waspy Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynda, «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly eserleriniň süňňüne siňen göreldämiz Berdimuhamet Annaýewiň durmuşyndan nesiller üçin öwrenmäge baý maglumatlar bar. «Älem içre at gezer» romanynyň ilkinji giriş sözi Gahryman Arkadagymyzyň kakasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atasy Mälikguly Berdimuhamedowyň: «Meniň kakamyň durmuş ýoly barada anyk maglumatlar esasynda ynandyryjy gürrüň berýän çeper eser ýazanlygy üçin öz ogluma — Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýüregimden minnetdarlyk bildirýärin» diýen hoşallyk sözleri bilen başlanýar. Minnetdarlyk ýazgysynda Mälikguly aganyň kitabyň esasy gahrymanlarynyň biriniň öz atasy Anna agadygy, kakasy Berdimuhamet Annaýewiň mugallymçylyk işi we söweş ýollary bilen baglanyşykly bu eserde getirilýän köp sanly wakalar ozal mälim bolmadyk maglumatlardygy barada ýazýar. Şol ýazgysynda Mälikguly aganyň: «Anna mugallym bilen Berdimuhamediň bili

Bagtyýarlygyň gözbaşy

Ýangyn hadysasy dörände, raýatlaryň öz ýerine ýetirmeli işlerini bilmekleri hökmanydyr. Ýangyn söndüriji toparlarynyň öz wagtynda çagyrylmagy ýangynyň uly meýdany eýeläp, ýaýramagynyň öňüni almaga ýardam edýär. Häzirki wagtda ýangyn söndüriji toparyny çagyrmagyň, olara habar bermegiň serişdeleri köpdür. Raýatlar jaýlardadyr desgalarda ýangyn dörän halatynda, haýal etmän, Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugyna telefon arkaly 01 belgä ýa-da öýjükli telefonyndan 001 belgä habar bermeli. Habar berlende, ýangynyň dörän ýerini, nämäniň ýanýandygyny, öz adyny, telefon belgisini, salgysyny habar bermeli, şol bir wagtyň özünde, ýangyn söndüriji toparlaryny garşylap, ol ýere barylýan iň gysga, amatly ýoly görkezmek üçin, bir adam bellemeli. Şeýle-de ýangyn söndüriji serişdelerini ulanyp, ody söndürmegiň çäresini görmeli.

Kalbymyz joşa geldi

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda welaýatymyzyň Bäherden etrabynda “Bäherden” sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde “Ýaşlyk” suw arassalaýjy desganyň açylyp, ulanmaga berilmegi, şeýle-de welaýatymyzyň ilatyna döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň 200-e golaýynyň sowgat edilmegi ählimizde buýsanç duýgusyny döretdi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna şan goşan bu wakalar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň ýolunda guwandyryjy pursatlara beslendi. Dünýäde ösüşleriň we özgerişleriň ýurdy hökmünde giňden tanalýan Türkmenistan Watanymyzy ykdysady, medeni we durmuş taýdan ösdürmekde, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde maksatnamalaýyn amala aşyrylýan işleriň ähmiýeti uludyr. Gündelik durmuşymyzda bolup geçýän wakalar, dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler bolsa, bu ugurdaky tutumly işleriň rowaçlanýandygynyň buýsançly subutnamasydyr.

Ýaş nesil alada bilen gurşalýar

Ýurdumyzda ýaş nesil hakda edilýän aladanyň barha rowaçlanýandygyny görüp, beýik döwrümize bolan guwanç-buýsanjymyz goşalanýar. Bu gün bagtly çagalygyň mekany hökmünde ykrar edilen berkarar Watanymyzda çagalar baglarynyň, mekdepleriň döwrebap binalary gurulýar, nesliň saglygy hakdaky alada Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýratyn üns merkezinde saklanýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 3-nji maýda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda ýakyn wagtda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanýandygy bilen baglylykda, Awazadaky dynç alyş-sagaldyş merkezleri, welaýatlardaky hem-de Aşgabat şäherindäki çagalar dynç alyş ýerlerini tomus möwsümine talabalaýyk taýýarlamak boýunça degişli ýolbaşçylara tabşyryk bermegi, şeýle-de 8-nji maýda Bäherden etrap hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişleriniň hasabyna satyn alnan kämil lukmançylyk enjamlarynyň sowgat berilmegi hem ýaş nesil hakda edilýän aladalardan gözbaş alýar.